WhatsApp messenjeri aragatnaşygy ýönekeýleşdirýän we media mümkinçiliklerini gowulandyrýan birnäçe funksiýalaryň goşulandygyny habar berdi. Esasy täzelik müşderi jaňa jogap bermedik ýagdaýynda ses ýa-da wideo habaryny galdyrmak mümkinçiligi boldy. Bu funksiýa adaty ses poçtasyny çalşyp, jaňdan soň aragatnaşygy has çeýe etmäge gönükdirilýär. Messenjeriň topary başga-da birnäçe üýtgeşmeleri hödürledi. Audio-çatlarda indi ulanyjylara gürrüňiň arasyny bölmän, duýgularyny bildirmäge mümkinçilik berýän reaksiýalar elýeterli boldy. Wideo-jaňlarda gürleýän adam awtomatik taýdan tapawutlandyrylýar, bu hem maglumatyň kabul edilmegini ýeňilleşdirýär. Surat döretmek mümkinçiligi-de kämilleşdirildi. Indi ol Midjourney we Flux AI modelleriniň esasynda ýerine ýetirilýär, bu bolsa çatlarda we statuslarda ulanmak üçin ýokary hilli suratlary döretmäge mümkinçilik berýär. Şeýle-de, ulanyjylar öz suratlaryny janlandyryp, olary gysga wideolara öwürmek mümkinçiligini aldy. Programmanyň web-wersiýasy, şeýle-de macOS we Windows müşderileri üçin aýratyn mediafaýl bölümi peýda boldy. Ol resminamalara, salgylanmalara we beýleki media maglumatlaryna çalt elýeterli bolmaga kömek edýär. Salgylanmalary öňünden görmek hem kämilleşdirildi – indi uzyn URL salgylary çat penjiresinde köp ýer tutmaýar. Statusa täze, interaktiw stikerler goşuldy. Mundan başga-da, kanallarda administratorlara netijeli aragatnaşygy saklamak üçin auditoriýa sorag bermäge mümkinçilik berýän funksiýa peýda boldy. Funksiýalar iOS, Android, macOS, Windows platformalaryna we web-wersiýa tapgyrlaýyn goşulýar.