Şenbe güni Kalkuttada (Hindistan) futbolçy Lionel Messi öz şanyna gurlan 20 metrlik ýadygärligi açar diýip, Bi-bi-si habar berýär. Hindistan boýunça üç günlük saparyň dowamynda argentinaly futbolçy «Inter Maýamidäki» klubdaşlary Luis Suares we Rodrigo De Paul bilen bilelikde Haýdarabada, Mumbaýa we Delä barar. Janköýerler Messiniň ýörite fan-zolagyna baryp biler. Bu ýerde futbolçynyň tagtda oturan doly göwrümli heýkeli goýuldy, onuň daş-töweregi bolsa gazanan kuboklary bilen bezeldi. Mundan başga-da, Messiniň Maýamidäki jaýynyň nusgasy döredilip, oýunçynyň we maşgalasynyň manekenleri balkonda oturan görnüşde goýuldy. Heýkeliň resmi açylyşy 70 000 tomaşaça niýetlenen Kalkuttadaky Solt-Leýk stadionynda bolar. Soňra ol 2017-nji ýylda açylan Diego Maradonanyň heýkeliniň ýanynda ýerleşdiriler. Ekspozisiýa janköýerlere «Altyn topuň» sekiz gezek eýesiniň we Argentinanyň milli ýygyndysynyň düzüminde dünýä çempionynyň karýerasy we durmuşy bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berýär. Bu sapar «Inter Maýami» klubunyň halkara çäreleriniň çäklerinde geçirilýär we Hindistanyň dürli şäherlerinde köp sanly janköýerleri özüne çekýär.

Sport, Ata Watan tarapyndan 10 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir