Ermenistanyň Prezidenti Waagn Haçaturýan 12-nji dekabrda Aşgabatda Halkara forumda çykyş etdi. Ermenistanyň Prezidentiniň belleýşi ýaly, geçen 30 ýylyň içinde hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi sebitde parahatçylygyň we durnuklylygyň möhüm şerti hökmünde özüniň ähmiýetini subut etdi. Biz Türkmenistanyň Bitaraplyk, ynanyşmak we dialog taglymlaryny ilerletmek arkaly halkara parahatçylyga we howpsuzlyga goşýan goşandyna ýokary baha berýäris. Ermenistan Respublikasy Türkmenistanyň BMG-de bu ugurdaky başlangyçlaryny hemişe goldaýar. Parahatçylyk dialogy, adalatlylygy, adam hukuklaryny we mertebesini pugtalandyrmak boýunça yzygiderli tagallalary talap edýär. Döwletleriň we halklaryň arasynda ynanyşmagyň döredilmegi parahatçylygy durnukly edýän binýatdyr, diýip Prezident Waagn Haçaturýan nygtady. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny bellemek bilen dialog, özara düşünişmek we hyzmatdaşlyk arkaly parahatçylygy we ynanyşmagy ilerletmäge ygrarlydygymyzy tassyklalyň diýip, Ermenistanyň Prezidenti çykyşyny jemledi.