«Time» amerikan žurnaly tarapyndan «Ýylyň adamy» adyny emeli aňy döredijiler aldy. Neşiriň daşyna Meta-nyň ýolbaşçysy Mark Sukerberg, AMD-yň baş direktory Liza Su, xAI, SpaceX we Tesla kompaniýalarynyň ýolbaşçysy Ilon Mask, Nvidia-nyň ýolbaşçysy Jensen Huang, OpenAI-iň ýolbaşçysy Sem Altman, DeepMind-yň baş direktory Demis Hassabis, Anthropic-iň ýolbaşçysy Dario Amodeý we ImageNet-iň esaslandyryjysy Feý-Feý Li ýerleşdirildi. Olaryň ählisi polat pürsde otyr – surat 1932-nji ýylda düşürilen «Diňdäki günortanlyk» fotosuratyny ýatladýar. «2025-nji ýyl emeli aňyň ähli mümkinçilikleriniň hemmetaraplaýyn ýüze çykan we yza ýoluň ýokdugynyň belli bolan ýyly boldy. Pikirlenýän maşynlaryň hakykat bolandygy üçin; adamzady haýran galdyrandygy we howsala goýandygy üçin; häzirki zamany üýtgedendigi we mümkin bolan zatlaryň çägini giňeldendigi üçin Time-da 2025-nji ýylyň adamy emeli aň arhitektorlary boldy» – diýlip, žurnalyň sosial ulgamlarynda aýdylýar. «Time» žurnaly 1927-nji ýyldan bäri «bähbitlidigine ýa-da zyýanlydygyna» garamazdan, soňky 12 aýda dünýä uly täsirini ýetiren adamy, topary ýa-da konsepsiýany atlandyrýar. 2024-nji ýylda bu ady ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp aldy.