ABŞ-nyň hökümeti daşary ýurt raýatlaryna «Trampyň altyn karty» maksatnamasynyň çäklerinde hemişelik ýaşamak üçin ygtyýarnama hödürleýän web-saýty işe girizdi. Prezident Donald Tramp ozal bu başlangyjy amerikan raýatlygyny almak üçin iň gysga ýol diýip atlandyrypdy diýip, RIA Nowosti habar berýär. Ýaşaýyş üçin ygtyýarnama bir million dollara hödürlenýär. Arza berijiler diňe arza bermek üçin 15 müň ABŞ dollary möçberinde yzyna gaýtarylmaýan tölegi girizmeli – töleg arza ret edilen ýagdaýynda-da Içerki howpsuzlyk ministrligi tarapyndan saklanyp galynýar. Saýtda tassyklama prosesiniň sanalgyja hepde dowam edýändigi bellenilýär. Saýtda karty yzyna almak mümkinçiligi barada hem düşündiriş berilýär: «Bu wiza, şonuň üçin howpsuzlyk ulgamynda düýpli töwekgelçilik – bu yzyna almak üçin sebäpdir». Prezident Tramp Truth Social sosial ulgamynda täze kartyň artykmaçlygyny adaty «grin-karty» almagyň asla mümkin däldigini aýtmak bilen düşündirdi. «ABŞ-nyň hökümetiniň Trampyň altyn karty bärde! Barlagdan geçenler üçin raýatlyga tarap göni ýol. Ajap» – diýip, ABŞ-nyň Prezidenti ýazdy. Mundan başga-da, işläp düzüjiler tiz wagtdan «Platina kart» maksatnamasyny işe girizmäge wada berýär. Bu ýagdaýda bäş million dollar bermek bilen, arza tabşyryjy ABŞ-da salgyt tölemezden ýylda 270 güne çenli galmak hukugyny alar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir