Türkmenistanyň mundan 30 ýyl ozal hemişelik Bitaraplyk ýoluny saýlap almagy Garaşsyz we özygtyýarly döwlet hökmünde strategik ösüş ugruny kesgitledi. Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin 12-nji dekabrda Aşgabatda geçirilen Halkara forumda eden çykyşynda bu barada aýtmak bilen, Türkmenistanyň sebitde we dünýäde uly hormatdan hem-de abraýdan peýdalanýan ýurtdugyny nygtady. Wladimir Putiniň belleýşi ýaly, 12-nji dekabr Türkmenistanda milli baýram hökmünde bellenilýär. Soňra türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça hut şol gün BMG tarapyndan Halkara Bitaraplyk güni diýlip yglan edildi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan özüniň baý taryhy, medeni we ruhy mirasyna daýanmak bilen yzygiderli ösýär, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda we durmuş ulgamynda belent sepgitlere ýetýär. Ýurt oňyn, oýlanyşykly daşary syýasaty alyp barýar, sebit we halkara howpsuzlygynyň we durnuklylygynyň pugtalandyrylmagyna uly goşant goşýar, dünýä proseslerinde oňyn hyzmatdaşlyk we özara ynanyşmak ýagdaýynyň kemala gelmegi üçin yzygiderli tagallalary edýär. Şunuň bilen baglylykda, W.Putin türkmen tarapynyň taýýarlan Aşgabat Jarnamasynyň taslamasyna ýokary baha berip, onuň şu gezekki forumyň dowamynda alnyp barylýan bilelikdäki işiň möhüm netijesi boljakdygyny aýtdy hem-de Russiýanyň bu resminamany doly goldaýandygyny we onda beýan edilen, BMG-niň Tertipnamasynda berkidilen halkara gatnaşyklaryň möhüm ýöreleglerine berk ygrarlydygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, bu ýörelgeleriň hatarynda parahatçylyk söýüjilikli hem-de beýleki döwletleriň içerki işlerine goşulyşmazlyk; ýurtlaryň we halklaryň özboluşly ösüş modeline, öz dünýägaraýşyna, ýörelgelerine we dini ynamyna bolan hukuklaryna hormat goýmak ýaly taglymlar bar. Russiýa Fedrasiýasynyň Prezidenti çykyşynyň ahyrynda Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bilen ýene bir gezek gutlady, şeýle hem Türkmenistanyň 2026-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk edýändigini belläp, uly üstünlikleri arzuw etdi.