Aýralykda çekdim nala baryny,
Paş edip biljek däl ile baryny.
Gaýta-gaýta synlap lälezaryny,
Gün yzyna garap-garap ýaşanda,
Gara gözlim, meni ýatlagyn şonda.

Güýz gelende otly tomsy boýun edip,
Miwelerden bal akdyrar gaýnadyp.
Hoşwagt şemal bildiginden oýun edip,
Bulutlary saçyň ýaly gatlanda,
Gara gözlim, meni ýatlagyn şonda.

Durna geçse, buz gamçyly gyş geler,
«Bagrym bilen doňsak» diýer çeşmeler,
Ýalaňaç baglara ýalňyz guş geler,
Gülden aýry garyp bilbil üşände,
Gara gözlim, meni ýatlagyn şonda.

Gara ýere siňen wagty gar aglap,
Gezdim seni sähralardan soraglap,
«Ýumşak bolsun» diýip, seni sylaglap,
Meýdanlar ýoluňa güller düşände,
Gara gözlim, meni ýatlagyn şonda.


Italmaz AKMYRADOW

Edebiýat, Pegas tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir