Alžirli ýigidiň düşen ýagdaýy çyndanam oňaýsyz. “Güljegiňem bileňok, gynanjagyňam” diýilýän bu ýigit toýdan öň öz öýlenjek gyzyny ýekeje gezek hem makiýažsyz görmändir we söýgülisini diňe şol “owadan” keşbi üçin söýüp gezipdir. Netijede, ýigit şol söýgülisi bilen toý tutýar we toýdan soň öz gelnini tanamaýar.
Çykgynsyz ýagdaýa düşen ýigit näderini bilmän, gelnini “ýüz keşbini üýtgetmekde” aýyplap, kazyýete arza ýazýar. Kazyýetde onuň arzasy kanagatlandyrylýar we bu işde utuş onuň tarapynda bolýar. Ol toýa çykaran harajatlaryny iki esse görnüşde gelnine töledýär we onuň bilen aýrylyşýar.

Täzelikler, Pegas tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir