Doglan günüm, doglan günüm,
Elmisakdan kowlan günüm.

Ak gundagda ýatan günüm,
Agyr borja batan günüm.

Wagty sagat çekdi gitdi,
Batareýler çökdi gitdi.

Ynha, indem Adam ataň
Ýaşyndakam uly hatam,

Ötülmejek günäm bar deý,
Barýar jiger eräp gar deý.

Ýorgudy kyn düýşe girdim,
Haky pynhan işe girdim.

Galam aldym, içi kömür,
Syýa aldym, ujy demir.

Bir gyz boldy bar meseläm,
Bagtsyzlygma bu ne sebäp?!

Doglan günüm sadadym men,
Ýamansyrap ýadadym men.

Ýolda galmaz öljek günüm,
Bir bimysal güljek günüm.

Görmedigmi görjek günüm,
Bilmedigmi biljek günüm,

Üýşüp-üýşüp oturarlar,
Ýene gundap ýatyrarlar.

Men mundanam kowularyn
Hem başgaça dogularyn.

Sowlan günüm, kowlan günüm,
Doglan günüm, doglan günüm!


Seýitmyrat GELDIÝEW

Edebiýat, Pegas tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir