2025-nji ýylda Türkmenistanda 2100 tonna çig pile öndürmek meýilleşdirilýär
“Türkmenpagta” döwlet konsernine hem-de welaýatlaryň häkimliklerine 2025-nji ýylda jemi 2100 tonna çig pile öndürmegi üpjün etmek tabşyryldy. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti gol çekdi.
“Türkmenpagta” döwlet konserni welaýatlaryň häkimlikleri bilen pile öndürmek boýunça baş şert...
Syzdyrylan suratlar Xiaomi 15 Ultra-nyň iki reňkdäki dizaýnlydygyny we kamerasynyň jikme-jikliklerini açýar
Xiaomi 15 Ultra-nyň garaşylýan satuwynyň öňüsyrasynda Hytaýyň sosial ulgamlarynda geljekki smartfonyň iki reňkdäki dizaýnyny görkezýän surat peýda boldy. Onuň stili professional Leica kameralaryndan ylham alýar diýip, Gizmochina ýazýar.
Smartfonyň Leica M11 uzakdan ölçeýji kamerasyna meňzeş, iki reňkli kümüşsöw-gara reňki bar. Korpusy, meger...
Türkmenistan we Ýaponiýa bilelikde geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler barada pikir alyşdylar
5-nji fewralda Türkmenistanyň DIM-nde daşary işler ministri Raşid Meredow Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň ýörite geňeşçisi Nagaşima Akihisanyň ýolbaşçylygyndaky ýapon wekiliýeti bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar iki ýurduň gatnaşmagynda geçirilmegi meýilleşdirilýän...
110 ýyllyk motosikl rekord baha – 1,32 million dollara satyldy
1915-nji ýylda öndürilen «Cyclone» kysymly motosikl Las-Wegasdaky «Mecum» auksionyna çykdy. Bu gymmatbahaly motosikli 1,32 million dollara satyn aldylar. Autoevolution neşiriniň berýän maglumatlaryna görä, bu motosikl açyk auksionda eýesini çalşan iň gymmat motosikl boldy.
Motosikliň beýle ýokary bahadan satylmagynyň esasy sebäbi – onuň örän...
Audi awtoulaglarynyň atlandyrylyşyny üýtgedýär
Kompaniýanyň habar bermegine görä, indi 1-den 8-e çenli sanlar awtoulagyň ululygyny we hatardaky ornuny görkezer.
Ilkibaşda elektrik awtoulaglara jübüt sanlary, içinden ýandyrylýan hereketlendirijili modellere bolsa täk sanlary bermek meýilleşdirilipdi. Emma bu ulgam satyn alyjylarda bulaşyklyga sebäp boldy.
Audi 2023-nji ýylda elektr...
Täze Galaxy Ring bilen beýleki enjamlary hem dolandyryp bolar
Tehnoägirdi Samsung-yň täze patenti akylly ýüzügiň geljekki modeliniň beýleki enjamlary dolandyrmaga mümkinçilik berjekdigini görkezýär diýip, Gizmochina habar berýär.
Samsung kompaniýasy Intellektual eýeçiligiň bütindünýä guramasyna (WIPO) patent arzasyny tabşyrdy. Bu arzada akylly ýüzügiň geljekki modeli bilen kompaniýanyň beýleki enjamlar...
Täze Lexus LX 2025 tanyşdyryldy: bahalary we tehniki häsiýetnamalary
Lexus ýolsuz ýerler üçin niýetlenen 2025-nji ýyl LX awtoulaglarynyň täze tapgyryny hödürledi we ähli görnüşleriniň bahalaryny ep-esli ýokarlandyrdy diýip, motor1.com neşiri habar berýär.
Hataryň başlangyç esasy modeli indi «LX600 Premium» boldy, onuň bahasy geçen ýyl bilen deňeşdirilende 4985 dollar ýokarlandy.
«LX700h Ultra Luxury» a...
Türkmen milli senenamasy boýunça ahyrky garagyş döwri başlandy
Türkmenleriň milli senenamasy boýunça 6-njy fewralda kiçi çille tamamlanyp, 7-nji fewraldan gyşyň iň soňky bölegi bolan ahyrky garagyş döwri başlanýar. Ol uly we kiçi çillelerden soňra togsan günläp dowam edýän gyşy tamamlap berýär. Bu döwür 22-nji fewrala çenli dowam edýär. Bu döwürde gyş öz ornuny ýaza berip, howa birneme maýlap başlaýar diýip, "...
Ferrari girdejisiniň artandygyny we ilkinji elektrik ulagynyň tanyşdyrylyşyny bildiriş etdi
Ferrari 2024-nji ýylda diýseň oňyn maliýe netijelerini görkezdi. Amal girdejisi 16,7% artyp, 1,9 milliard ýewro ýetdi. Kompaniýa muny brendiň awtoulaglaryna bolan islegiň we şahsylaşdyrmak islegleriniň artmagynyň netijesi diýip belledi.
Awtoulag öndürijisi Ferrari-niň arassa girdejisi 21 göterim ýokarlap, 1,53 milliard ýewro ýetdi.
Ma...
Eplenip ýygnalýan öý çykaryldy: gurnamak üçin 1 sagat ýeterlik
Amerikan Boxabl kompaniýasy «Baby Box» atly eplenip ýygnalýan öýi hödürledi. Ony gurnamak üçin ýörite gurallar gerek däl. Ony özbaşdak bary-ýogy 60 minutda taýýar edip bolýar. Eplenende az ýer tutýar, açylansoň bolsa doly ýaşaýyş jaýyna öwrülýär diýip, New Atlas neşiri habar berýär.
Baby Box eplenende adaty tirkeg (prisep) ýaly görünýär: ini...
Sena derýasyndan seýrek midiýalaryň DNK-sy tapyldy: bir midiýa bir günde 40 l suw süzýär
Ýüzmek boýunça Olimpiýa ýaryşlary geçirilenden soň alymlar Parižiň (Fransiýa) Sena derýasynyň suwunyň arassalanýandygyny görkezýän möhüm alamatlary ýüze çykardylar. The Guardian neşiriniň ýazmagyna görä, Sena derýasynyň suwunda seýrek duş gelýän midiýalaryň DNK-sy tapyldy.
Her bir midiýa günüň dowamynda 40 litre çenli suwy süzüp bilýär. Alym...
Robotlara Ronalduwyň, Kobi Braýantyň we Lebron Jeýmsiň hereketlerine öýkünmegi öwretdiler
Nvidia we Karnegi-Mellon uniwersitetiniň barlagçylary robotlara türgenleriň çylşyrymly hereketlerine öýkünmäge mümkinçilik berýän tehnologiýany döretdiler.
Usul Aligning Simulation and Real Physics (ASAP) diýip atlandyryldy. Tehnologiýa iki basgançakdan ybarat. Ilkibaşda emeli aňa hereketleriň simulýasiýasyny döretmek üçin wideo ýazgylary ul...
Huawei geçen ýyl $118 mlrd girdeji gazandy – Xiaomi-den has köp, ýöne Apple-yň bir çärýekdäkisinden az
Huawei kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Lýan Hua geçen ýyl kompaniýanyň girdejisiniň 118 milliard dollardan geçendigini mälim etdi diýip, Reuters habar berýär.
Bu girdeji, 2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende, kompaniýanyň maliýe görkezijisiniň 22% ýokarlandygyny aňladýar. Soňky dört ýyl göz öňüne tutulanda, maliýe görkezijileri boý...
«OmniHuman-1» emeli aň guraly suratlary janly wideolara öwürýär
TikTOk wideoplatformasyna eýelik edýän ByteDance hytaý kompaniýasy täze emeli aň (EA) ulgamyny tanyşdyrdy. «OmniHuman-1» atly bu ulgam suratlary tebigy we janly wideolara öwürýär. Bu ulgam adamyň bedeniniň keşbini doly janlandyryp bilýär diýip, TechCrunch habar berýär.
«OmniHuman-1» adamlaryň gürleýşine görä el we ýüz hereketlerini ýerine ýe...
Türkmenbaşy we Daşoguz şäherlerinde adalat edaralarynyň täze edara binalary gurlar
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenbaşy we Daşoguz şäherlerinde adalat edaralarynyň täze edara binalaryny gurmak hakynda Karara gol çekdi.
Resminama laýyklykda, Adalat ministrligi Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň adalat edaralarynyň edara binasynyň hem-de Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheri...
Daşkentde Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygyna taýýarlyk maslahatlaşyldy
30-31-nji ýanwarda Daşkentde Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşyklary bilen baglanyşykly işleriň utgaşdyrylmagyny üpjün etjek milli utgaşdyryjylar geňeşiniň ilkinji Mejlisi geçirildi diýip, Orient habar berýär.
Mejlise Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň daşary syýasat edaralarynyň...
Türkmenistan Katar bilen syýahatçylyk we migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürýär
3-4-nji fewralda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri iş sapary bilen Kataryň paýtagty Dohada boldular. Bu barada gullugyň saýtynda habar berilýär.
Wekiliýet syýahatçylyk we migrasiýa ulgamynda bu ýurt bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin iş saparyny amala aşyrdy.
Türkmen wekiliýetiniň agzalary Kataryň u...
Nissan Honda bilen meýilleşdirilen bileleşikde tabynlyk ornuna razy däl
Ýapon awtoulag ägirtleri Honda bilen Nissan-yň birleşmegi baradaky gepleşikler petige diredi. Nissan öz konsernini, esasan, Hondanyň golçur kärhanasyna öwürjek teklibi ret edýär diýip, habarly çeşmelere salgylanýan Wall Street Journal ýazýar.
Çeşmeler Honda-nyň öz paýnamalarynyň bir bölegini Nissan-a satyn almagy teklip edendigini aýdýar. Bu...
Marsda syrly inedördül gurluş ýüze çykaryldy
Marsyň üstünde syrly inedördül emele gelme ýüze çykaryldy we ol alymlaryň hem kosmos söýüjileriň arasynda işjeň pikir alyşmalara getirdi. Mars Orbite orbital enjamy bilen düşürilen surat Mars Image Explorer saýtynda ýerleşdirildi.
Çekişmeleriň sebäbi gurluşyň dogry çyzyklary, göni burçlary we simmetrik şekili boldy, çünki geometrik elementle...
Apple Music täze ulanyjylara 2,99 dollara 6 aý abunalygy hödürleýär
Apple Music aksiýany işe girizdi: indi 2,99 dollara aýdym-saz platformasyna alty aý elýeterliligi alyp bolýar. Bu teklip diňe täze ulanyjylara degişli we, ähtimal, ABŞ-nyň ýaşaýjylary bilen çäklense gerek.
Bu bazarda şular ýaly ilkinji teklip däl. Öň, şeýle aksiýany Tidal geçirip, ujypsyz baha bilen hyzmatdan birnäçe aý peýdalanmagy teklip...