Estoniýanyň parlamentiniň başlygy Lauri Hussar ýurduň Prezidenti Alara Karisiň teklibi boýunça döwlet Baştutanyny saýlamak üçin parlamentiň möhletinden öňki mejlisini geçirmegi 2-nji sentýabra belledi. Bu barada parlamentiň metbugat gullugyna salgylanýan «INTERFAX.RU» habar berdi. Prezidentlige dalaşgäri teklip etmek üçin parlamentarileriň azyndan 21-siniň goluny ýygnamak gerek. Saýlanmak üçin dalaşgär gizlin ses berlişikde deputatlaryň üçden ikisinden az bolmadyk ýa-da 101 deputatyň 68-sinden az bolmadyk ses gazanmalydyr. Eger Prezident ses berlişigiň üç tapgyrynyň barşynda saýlanmasa, saýlawlar saýlawçylaryň wekilleriniň arasynda geçiriler, oňa deputatlardan başga-da ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryň wekilleri, ýagny jemi 208 adam gatnaşar. Karis wezipesine 2021-nji ýylda girişdi, ol öň Milli muzeýiň direktorydy. Onuň bäşýyllyk möhleti 2026-njy ýylyň oktýabrynda dolýar. Karis heniz ikinji möhlete saýlanmak barada teklibe razylyk bermedi, garaşylyşy ýaly, ol bu barada geljek kararyny 25-nji iýunda yglan eder.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir