Tailandyň Hökümeti ýarymgeçirijiler we öňdebaryjy elektronika pudagy syýasaty boýunça milli geňeş döretdi. Onuň wezipesi milli ýarymgeçirijiler pudagyny ösdürmegi çaltlandyrmakdan hem-de ýurdy Günorta-Gündogar Aziýa döwletleri bileleşiginde çipler hem-de elektronika önümçiligi boýunça öňdebaryjy merkezleriň birine öwürmekden ybaratdyr. Bu barada «Vietnam News Agency» (VNA) habar berdi. Geňeşe Tailandyň Hökümet başlygy ýolbaşçylyk edýär. Onuň düzümine şeýle hem Premýer-ministriň orunbasary, senagat, ylym, tehnologiýalar, energetika, sanly ösüş, ýokary bilim we halkara gatnaşyklar ýaly ugurlara jogap berýän esasy ministrlikleriň ýolbaşçylary girdiler. Ýarymgeçirijler geljegiň köp tehnologiýalarynyň esasy bolup durýar, şonuň üçin Tailandyň Hökümeti bu ugra maýa goýumlary işjeň çekmegi meýilleşdirýär. Öň Tailand 2050-nji ýyla çenli «Tailandda öndürilen» diýen nyşan astynda öz çiplerini öndürýän sebit merkezine öwrülmek barada uzakmöhletleýin meýilnama kabul etdi. Munuň üçin 2,5 trillion bat maýa goýum goýmak hem-de 230 müňden gowrak ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak göz öňünde tutulýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 23 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir