Indoneziýa giň göwrümli milli awtoulag taslamasyny durmuşa geçirmäge girişdi, onda ýurtda iri önümçilik merkezini döretmek göz öňünde tutulýar. Geljekde öndüriljek ulaglaryň sany ýylda 300 müňe ýeter diýlip garaşylýar. Bu barada «Antara News» agentligine salgylanýan «tvbrics.com» internet saýty habar berdi. Täze önümçilik merkezine milli strategik maksatnama hökmünde baha berilýär. Günbatar Ýawa ülkesiniň Subangy etrabynda guruljak merkeziň umumy meýdany 539 gektara deň bolup, onda önümçilik meýdançalary, edara jaýlary, synag toplumlary, ylmy-barlag merkezleri hem-de kömekçi infrastuktura ýerleşer. Ilkibaşky tapgyrda toplumda ýylda 50 müň awtoulag öndürmek göz öňünde tutulýar. Taslama doly amala aşyrylanda, inženerler, tehniki hünärmenler we ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlary üçin 2 müň töweregi iş orny dörär. Ýurduň Hökümeti taslamanyň Indoneziýanyň elektrik ulaglary pudagyndaky kuwwatyny berkitjekdigine hem-de öňdebaryjy awtoulag gurluşygynda milli tejribäni ösdürjekdigine bil baglaýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir