Türkmenistanyň degişli edaralary bilen Malaýziýanyň «Petronas» kompaniýasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk baradaky şertnama gol çekildi. Şertnama gol çekmek dabarasy Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň Türkmenistana amala aşyrýan saparynyň çäginde geçirildi. Bu barada Malaýziýanyň Premýer-ministriniň metbugat gullugy habar berdi. «Bu hyzmatdaşlyk, geljekde hem energiýa serişdelerini öndürmekde, şol sanda dünýäniň iň uly gaz gorlaryna eýe ýurtlaryň biri bolan Türkmenistanyň tebigy gaz pudagynyň ägirt uly mümkinçiliklerini öwrenmekde has strategik ugurlara gatnaşmaga mümkinçilik döredýär» diýlip, Premýer-ministriň metbugat gullugynyň habarynda bellenilýär. Habarda bellenilişine görä, şu gün günüň birinji ýarymynda Türkmenistanyň Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda belent mertebeli myhmany — Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahimi resmi garşylamak dabarasy geçirildi. Dabaradan soňra Anwar Ibrahim Malaýziýanyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Türkmenistan bilen geçirilen ikitaraplaýyn gepleşiklere gatnaşdy.