Germaniýada geçen 2025-nji ýylyň ahyrynda 83,5 million adam ýaşady, bu bir ýyl öňdäkiden 110 müň (0,1 göterim) azdyr. Bu barada ýurduň Milli statistika edarasyna salgylanýan «Interfax.ru» habar berdi. 2020-nji ýyly hasaba almanyňda, ýurduň ilaty 2011-nji ýyldan bäri yzygiderli artyp gelýärdi. 2020-nji ýylda ýagdaý COVID-19 ýokanjy bilen baglylykda göçüp gelýänleriň azalmagyna dahylly üýtgedi. 2024-nji ýylda ilatyň ösüş depgini 0,1 göterim kemeldi. Gartaşan adamlar gitdigiçe ýurduň ilatynyň esasy bölegini düzýär, aradan çykanlaryň sany bolsa, eýýäm 20 ýyl bäri köpelýär. Ýaşy 60-dan ýokarylaryň sany 2025-nji ýylda 387 müň adama çenli köpelip, olaryň paýy 31 göterime ýetdi. Çagalaryň we ýetginjekleriň sany geçen 20 ýylda 88 müňe çenli azaldy. Daşary ýurtlularyň sany 39 müň (0,3 göterim) köpelip, ýylyň aýagynda 12,4 million adama deň boldy. Olaryň esasy bölegini türki asylly adamlar (1,385 mln) düzýär, ondan soňra ukrainler (1,167 mln), siriýalylar (856 müň), rumynlar (763 müň) we polýaklar (700 müň) gelýär.