17-nji iýunda Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşdylar. Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar Türkmenistanyň we Hytaýyň milli parlamentleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň täze mazmun bilen baýlaşýandygyny hem-de strategik taslamalary kanunçylyk taýdan goldamagyň möhüm guraly bolup hyzmat edýändigini aýratyn nygtadylar. Duşuşygyň çäklerinde Hytaý Halk Wekilleriniň Ählihytaý Ýygnagynyň Hemişelik komiteti tarapyndan geçiriljek «Hytaý – Merkezi Aziýa» görnüşindäki hyzmatdaşlygyň çäklerinde kanun çykaryjy edaralaryň ornuny ýokarlandyrmak we hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça okuw maslahatyny guramak meselesine garaldy. Bu maslahata sebit ýurtlarynyň parlamentleriniň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar. Mejlisiň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, bu okuw maslahatynyň kanun çykaryjylyk ulgamynda özara tejribe alyşmaga, özara düşünişmegi pugtalandyrmaga we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge möhüm goşant goşjakdygyna ynam bildirildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir