Golaýda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Yrak Respublikasynyň Kerkuk şäheriniň Söwda-senagat edarasynyň başlygy S.al-Salihi bilen sanly ulgam arkaly gepleşik geçirildi. TSSE-niň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, wideoaragatnaşyk arkaly guralan bu çärä Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işlerini wagtlaýyn ynanylan wekili J.al-Attar hem gatnaşdy. Taraplar ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmen tarapy ýurduň dokma, azyk, ýeňil senagat hem-de deri harytlaryny yrak bazaryna eksport etmäge taýýardygyny mälim etdi. Öz gezeginde, yrakly wekiller Kerkuk şäheriniň sebitdäki strategik we senagat ähmiýetine ünsi çekip, geljekde türkmen telekeçilerinden ybarat wekilçilikli topary öz ýurtlarynda garşylamaga hem-de täze hyzmatdaşlyk platformalaryny döretmäge isleg bildirdiler. Jogap hökmünde türkmen tarapy yrakly işewürleri Aşgabatda guraljak «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara sergisine çagyrdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 23 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir