ABŞ-yň prezidenti Jo Baýden 2001-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda Nýu-Ýorkda ýüz beren terakt bilen bagly resminamalary köpçülige äşgär etjegini mälim etdi.Saudia Arabystanynyň Waşingtondaky ilçihanasy Jo Baýdeniň bu kararyny makullady.

"Ýigrimi ýyl mundan ozalky wakadan bäri Saudia Arabystan hökümedi terakty barlamak bilen bagly ähli matirallary äşgär etmäge çagyryp geldi"-diýilýär ilçihana saýtynda beýan edilen makalada.

Saudia Arabystany şol teraktlara baglanşygynyň barlygyny ýene bir gezek inkär edip,terrorizim we ekstremizime garşy göreşmekde güýjüni gaýgyrmandygyny mälim etdi.

2001-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda ABŞ-da dört ýolagçy samolýoty alyp gaçylýar.Samolýotlardan iki sanysy "Dünýä söwda merkezi" binalaryna,biri bolsa "Pentagon" binasyna baryp urulýar.Dördünji samolýot bolsa Penselwaniýa ştatynda ekin meýdanyna gaçýar.Şol güni takmynan üç müň adam heläk boldy,alty müňden gowrek adam bolsa ýaralandy.

Täzelikler, Dowsypat00 tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir