Bir talyp egzamin tapşyrmaga mugallymyň ýanyna barypdyr.
Talyp:
-Mugallym,bugun egzamini başgaçarak geçireli!Bugun siz maňa däl,men size sorag bereýin.Eger,tapyp bilmeseňiz siz maňa 5 baha goýuň!
Mugallym:
-Bolýar,hany beriň!
-Eşidiň,durmuşda näme zat kanun tarapyndan dogry ýöne,logiki tarapdan ýalňyş?Näme zat logiki tarapdan dogry ýöne,kanun tarapyndan ýalňyş?Näme zat kanun tarapyndan hem,logiki tarapdanam ýalňyş?
Mugallym uzak pikirlenip jogabyny tapyp bilmändir.
-Berekella,hany zatçotkaňy getir,bahaň bäş!
Mugallym bahany goýup bolandan soň jogabyny sorapdyr.Talyp:
-Mugallym siziň ýaşyňyz altmyş,aýalyňyzyň ýaşy bolsa ýigrimi.Bu kanun tarapyndan dogry.Sebäbi,kanunda altmyş ýaşly bilen ýigrimi ýaşlyň durmuş gurmagyna hiç hili gadagançylyk ýok.Logiki tarapdan ýalňyş.Sebäbi,ýigrimi ýaşly gyzyň özünden kyrk ýaş uly adama durmuşa çykmagy gaty geň ýagdaý.
Aýalyňyzyň özi bilen deň ýaşly oýnaşy bar.Bu kanun tarapyndan ýalňyş.Sebäbi,äri bolup aýalyň oýnaş bilen gezmegini kanun goldamaýar.Emma,logiki tarapdan dogry.Sebäbi,her bir ýaş aýal özi bilen deň oglany halap bilýär,özünden kyrk ýaş uly adamy däl.
Häzir siz öz aýalyňyzyň oýnaşyna bäş baha goýduňyz.Bu kanun tarapyndan ýalňyş.Kanunyň hiç ýerinde "mugallym talybyň soragyna jogap tapmasa bäş baha goýmaly"-diýen ýeri ýok.Logiki tarapdanam ýalňyş.Sebäbi,haýsy adam öz aýalynyň oýnaşyna ýokary baha goýup biler?!
Şeýle diýýärde talyp zatçotkasyny alyp ökjäni göterýär.

Täzelikler, Dowsypat00 tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir