Biz Bäşim bilen bazarda bagyrdyr balyk bişirýäris. Bäşimiňki balyk bişirilýän bölüm, biziňki bagyr bişirilýän bölüm. Bu bölümler bireýýämden bellidi, bilmeýän bolmaz. Biziň balykdyr bagyr bişirişimize Baýramalynyň bazarçylary, bazaryň başlygam, barlaýanlaram, barsy belet. Bişirjek balykdyr bagyrlarymyzy bazaryn barlagçylaryna barlatmaga bermelidi. Bermeseňem bolanok. Bäşim bir bazar başagaý bolup, bişirjek balyklaryndan bazaryň barlagçylaryna barlatmaga bermändir. (Barlagçynyň bar barlagynyň belasy Bäşimiň butgasy bolaýdy). Barlaýan başlyk balyk bişirilýän bölüme baryp balyklary bölekläp-bölekläp başlady. Bäşim birhili boldy:
- “Beýtmeseňiz-läň başlyk, bölmeseňiz-läň, bölmänem barlap bolýar-a?!”
Barlagçy:
- “Böljek Bäşim! Baý böleris-ä, beterem böleris! Böldürmejek bolsaň barmalydyň-da!”
Bäşim:
- “Bararys, barladarys, başlyk.”
Barlagçy:
- “Bişirmäkäň barlatmaly, bilimlisirän bolýaňyz, barlag bolansoň bişirmeli bolýar-da, bu balyklar bolýar, bişiriberiň.”
Barlaýanlar biziň bagyr bişirýän bölümimize bardylar:
- “Bagyrlaryňy barlatdyňyzmy bagyrçylar !” Biziň bölümimizdäki Begli:
- “Bişirmänkäk bardyg-a, barladyňyz başlyk?!”
Barlaýan:
- “Berekella, berekella, bu bagyrlara baksaňyzlaň! Bärden barmankaň, burnuňa-da bildirýar.” Bolubilýär.

Alnan çeşme - ertir.com/samser
Paýlaşan - Perhat Sabirovv
1.01.2021ý 12:17

Täzelikler, Perhat Sabirovv tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir