Salam berdik dostlar.
Ýeriň togalakdygynyň subutnamasyny soranymzda bize Eratosfeniň tejribesi barada aýtdylar. Eratosfen Sienna şäherinde 21-nji iýun güni günorta çagy dik depede görüpdir we ýere çybyk dürtüpdir şonda çybygyň kölegesini görmändir, sebäbi gün şöhlesi dim-dik düşýärdi. Soň bir ýyl geçip 21-nji iýunda ol Aleksandriýa şäherinde bolýar we günorta çagy bolanda ol ýene ýere çybyk dürtýär bu gezek bolsa ol kölege görýär. Sebäbi gün şöhlesi gyýtak düşýärdi. Muny şeýle düşündirýärler: ,,Ýer togalak we ýere gün şöhleleri parallel düşýär, hem-de ýeriň egimi sebäpli Siena gün dik düşýärkä, Aleksandriýa gyýtak düşýär." Bolýar ýer togolak we ýere gün şöhlesi parallel düşýär diýeli. Eger bu dogry bolanda biz aý tutulmasynda ýeriň ýarymkölegesini görmezdik. Aý tutulmasy başlandan aý garaňky kölege düşerdi, emma beýle bolanok aý tutulanda ilki ýarymkölege düşýär soň doly gara kölege düşýär. Eger aýa ýarymkölege düşýän bolsa gün şöhleleri ýere parallel düşmeli däl.
1-nji suratda togalak modele görä pasyllar çalşygy düşündirilen, görşümiz ýaly suratda gün şöhleleri ýere parallel düşýär.
2-nji suratda bolsa aý we gün tutulmasy shemasy togolak modele görä düşündirilen, bu suratda bolsa tersine gün şöhleleri gyýtaklaýyn düşýär.
Indi maňa aýdyň gün şöhlesi parallel düşýärmi, ýa gyýtak. Eger parallel düşse aý tutulmany düşündirip bolanok, egerde gyýtak bolsa Eratosfen daýymyzyň tejribesi nädogry. Indi düşnüksiz sada üns beriň, pasyl çalşygyny düşündirenlerinde gün şöhlesi paraller düşýär, aý we gün tutulmmalaryny düşündirende bolsak gyýtak. Bizi samsykdyr öýdýärler.

Bilim, Khanture tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir