25-nji noýabrda Bitaraplyk güni bilen bagly geçiriljek stadion çäreleriniň ählisi ýatyrylmaly edildi. Bu garaşylmadyk waka il içinde her hili gürrüňleriň ýaýramagyna, dürli çaklamalaryň orta atylmagyna sebäp boldy. Resmi habarda hiç bir anyk zat aýdylmansoň, bu gürrüňleriň we çaklamalaryň haýsysynyň çyndygyny ýa çyna ýakyndygyny aýtmak kyn. Ýöne noýabryň başyndan bäri paýtagtdaky stadiona repetisiýa gatnan adamlaryň köpüsiniň tassyklamagyna görä, 12-nji dekabrdaky baş çäräniň ýatyrylmagynyň düýp sebäbi iki sany talybyň repetisiýada üşäp, hassahanada aradan çykmagy bilen bagly. Repetisiýa pidalarynyň biriniň Binagärlik-gurluşyk institutynyň, beýlekisiniň bolsa Aşgabadyň Medisina uçilişesiniň talybydygy aýdylýar. Stadiondaky repetisiýa bile gatnaşanlaryň atlarynyň aýdylmazlygy şerti bilen gürrüň bermeklerine görä, Binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby mugallymyna öz ýagdaýynyň erbetdigini, ölüp barýandygyny aýdyp, öýe gatýtmaga rugsat sorapdyr. Emma gözegçi mugallym: “Ölseňem, stadionda öl!” diýip, ol talyby repetisiýadan boşatmandyr. Adatça, bu hili betbagtçylyklar barada resmi maglumat almak kyn. Has dogrusy, beýle wakalar gaty gizlinlikde saklanýar. Resmiler ejir çeken tarapa hem hiç kime hiç zat aýtmazlygy,eger aýdylany etmeseler, özlerine zyýan etjeklerini duýdurýarlar. Emma 12-nji dekabr güni ýurtda iň bir esasy çäre hökmünde geçirilmeli stadion dabarasynyň, bir aýlyk repetisiýalardan soň, ur-tut ýatyrylmagy garaşylmadyk bir zadyň bolandygyny aňladýar. Aşgabatdaky stadiona repetisiýa gatnanlaryň köpüsiniň tassyklamagyna görä, bu gezekki repetisiýa öňkülerden has ýowuz bolupdyr. Baýramçylyk dabarasynyň baş režžissýory Annageldi Garajaýew talyplary gaty berk tutupdyr. Onuň görkezmesine laýyklykda, repetisiýanyň gidişi wideoýazgy edilip, kakabaşlylda “tutulan” talyplara okuwdan çykarylmak howpy abanypdyr. Bu ýagdaý noýabryň ortalaryndaky sowuk günlerde-de gaýtalanypdyr. Onsoň, bagryňdan geçip barýan aýazda köýnekçe durmak näçe kyn hem bolsa, talyplar okuwlaryndan kowulmajak bolup, janlaryna dözmeli bolupdyrlar. Türkmen telewideniýesiniň adynyň aýdylmazlygyny soran jogapkär işgäriniň aýtmagyna görä, 25-nji noýabra çenli ýurduň beýleki welaýatlarynyň stadionlarynda geçirilmeli baýramçylyk dabaralarynyň ählisi öňünden ýazgy edilipdir. Emma indi, ýokardan berlen görkezmä laýyklykda, bir topar çykdaja, on müňlerçe adamyň bir aýlyk kösençligine garamazdan, welaýatlaryň stadionlarynda edilen baýramçylyk ýazgysy, gerekmejek zat hökmünde, ýok edilipdir. Birtaplyk gününde geçirilmeli stadion çäreleri ýatyryldy. Ýöne çäreleriň özi welin ýatyberenok. “Нейтральный Туркменистан” gazetiniň 26-njy noýabr sanynda çap edilen çäreler sanawynda dekabrda döwlet derejesinde 84 çäräniň geçiriljegi aýdylýar. Hatda il arasynda iň bir halanmaýan çäreler hem aýrylmandyr. Şol halanmaýan çäreleriň biri hem 31-ni dekabrdan täze ýyla geçilýän gijede ähli býujet edaralarynyň işgärleriniň ýurduň baş arçasynyň ýanyna eltilip, 5-6 sagatlap sowuga daňlyp, prezidentiň Täze ýyl gutlagyna garaşdyrylmagydyr. çeşme
“Ölseňem, stadionda öl!”
-
makalester
11 years ago
- Wah sho wagt yaramayan talyby goyberen bolsalar gor nahili gowy bolardy. Belki hich kim gynanmazdy
-
URGENCLI
11 years ago
- hut men tanayan talyplarymdanam birki sanysy chare wagtynda ushap oyken sowuklamasy, rewmatizm yaly kesellere ucradylar.
Indi olar diplom alyp oz ugurlaryndan ishlap yorler, emma chare wagtynda duchar bolan kesellerinden welin gynansagam dynyp bilenoklar.
.
Men pikirimce saglygy gowshak talyplar charelere gatnashmazlyk ucin yorite lukmandan yarawsyzlyk hatyny almaly
-
Multyk
11 years ago
- Mbahhh gowy habara dälow,näme 12nji dekabyrda stadýondo baýramçylyk bellenmeýärmi ?
-
Kuraldyshy
11 years ago
- konstitusyada haysy maddadygyny-ha bilemak weli ''türkmenistan döwletinin in gymmatly baylygy adamdyr' diyip yazylandygyny bilyaris.
''ne haksyzlyk edın, ne-de haksyzlyga duçar bolun ''
''hiç kimin hakyny iyman, öz hakynyzy hem talap edin''
....birnaçe hadys bar.
-
virmenaard
11 years ago
- ay dost hemme yerde hakyny talap edip bolanok hazir. Eger geljegini pikir edyan bolsan bolyan zatlara biraz goz yummaly bolyar. mun dogry daldigini hemme kishi bilyarem.
il saglygy yurt baylygy diyibem okapdym bir yerlerde.
-
idealman92
11 years ago
- menin ilkinji nobatda ahli aladam halkym bolar
-
gadymypaytagt
11 years ago
- bolan ishe chare yok.onsonom name ajaly yeten name edenindede yada etmanindede gideberyar.talyplara gynanyan.
-
makgush
11 years ago
- Muña ajap türkmenistan diýerler , näme etseñ bolup dur. Aý näme 2 sany talyp öldi diýip çäräni ýatyraslary ýok, bitaraplyk baýramynda bolmasa, soñky baýramlarda bolar. Onsoñam türkmen okuwlaryna islegiñi gaçyrýan zat çäre, aý garaz talyplara gynandym, her nämede bolsa watan üçin öz janlaryny pida etdiler, ýatan ýerleri ýagty bolsunda.
-
gadymypaytagt
11 years ago
- name diysekde parahat asuda dowletde yashayanlygmyza begenyn kabir dowletler garashsyzlygny alyp bilman gyrlyshyp yorler meselem palesdina yada asudalygny saklap bilman meselem afr dowletleri bizde bolsa ustesine tayyarjak bitaraplyk.dine sagbolsuna goshgyjyk aydaymak galya.
-
sahett
11 years ago
- türkmen talyplary gaýrat edip nalamañ...
-
phenomen2
11 years ago
- Döwlet adam üçindir!-Gurbanguly Berdimuhamedow
-
phenomen2
11 years ago
- Shahsy kultlygny doredip bashlady bu wagtkam
-
makalester
11 years ago
- Salam agzalar. Sizlerden bir zat soramakchy men gadymy turkmen halk aydymlaryny dinlemegi gowy goryan yagny "kechpelek", "älemgo$ar" we.$.m bu aydymlary turkmenkafe saytdan tapdym welin aydym almak u.c agza bolmagynyz hokmandyr diyar. Agza bolup bilemok bashga yoly yokmuka aydym almagyn bilyaniniz bolsa komek edin hayysh
-
Makintos
11 years ago
- bäh talyplara žalko
-
gorkakbatyr12
11 years ago
- basha gelenini sowsun
-
idealman92
11 years ago
- Yok makalester,dine agza bolmaly
-
Shajy
11 years ago
- anyk maglumatsys haysydyr iki talyby olduraymek ansatjagay
-
rainsson
11 years ago
- shu hayyrsyz chareleri bilen gowulyga eltmezow shular namane gerek?! chare? wapshe bizin yurda telewideniye kanal gerek dal dine chare gorkezya yada yalandan gepleshik yylgyryp akylsyrap oturyalar nerwini chykaryp! hemme biderek charelerin yatyrylmagyny arzuw edyan!!!
-
gadymypaytagt
11 years ago
- adamlan gyrlyshyp yorenini gorkezenden mun bir shukur
-
atdow
11 years ago
- yzy yarasyn
mtsmts 11 years ago- talyplara gaty gynandym