Gyssaglydym. Egnimdäki täze geýimlerimi hem çykarman, naharhana girdim. Dört ýaşlyja gyzjagazym bolsa, telewizordaky saza goşlup çyny bilen tans edýärdi. Ýygnaga gija galýanym üçin men oňa üns hem bermändirin. Emma içimden bir ses maňa “Dur” diýýän ýalydy. Men içimdäki şol sese gulak asyp, bir salym durdum. Gyzymy synladym. Onuň elinden tutup, men hem onuň bilen tans edip ugradym. Biziň bu tansymyza ýedi ýaşly gyzym hem goşuldy. Biz üç bolup naharymyzy ýatdan çykaryp heziller edip tans oýnadyk. Gülüşdik, dönüp-dönüp tans etdik... Meger bizim bu gohumyza goňşular hem birahat bolandyr? Biziň tansymyz hem tamam boldy. Men gyzlarymyň başyny sypap, ýaňaklaryndan öpdüm-de, olary hammama ýolladym. Ýygnak ýadyma düşensoň, galam-kagyzlarymy ýygnaşdyrmaga başladym. Şol wagtam kiçi gyzym uýasyna ýüzlendi: -Iň gowy eje biziň ejemiz gerek, şeýle dälmi? Meniň süňňüm elenip gitdi. Durmuşyň hiç haçan gutarmajak işlerine aldanyp, tas şeýle bagtly pursady sypdyran ekenim. Şu wagta çenli işimde gazanan üstünliklerim hem şu sözleriň ornuny tutup biljek däldi.
Durmuşymdan
-
Makintos
11 years ago
- dogry belläpsiñ dost, elleriñe saglyk, ýetirip dur
-
Koneurgenchli
11 years ago
- onem bir okan yaly yone hakykatdanda manyly muna durmush diyaler
-
virmenaard
11 years ago
- howa dost okansyn, menem halapdym, hekayadan gowy netije çykarsa bolyar.
-
Multyk
11 years ago
tans etmek $atlanmak gowy zat,ýetireniñe sagbol awtor.
-
pida
11 years ago
- super ya...! netije chykarsa bolyar. ellerine saglyk virmen aga...!
-
akylym1989
11 years ago
- sag boluñ!
-
aga593
11 years ago
- virmenaard, "durmushymdan" diyipsinveli, sen durmushyndana dal oytyn :) ...
-
virmenaard
11 years ago
- ýoklaý aga, men häli öýlenemoga (ýalňyşamoga :D). ýöne awtory şu ady beripdir wakasyna.
-
URGENCLI
11 years ago
- manyly
-
ttmli
11 years ago
- mmbaah gowja hekaya eken, sagja bol awtor yetirenine, duygulandyryjy
-
Oliya
11 years ago
- hawwa basga zatlara guymenip yakynlarymyza sahel wagt tapmadyk bolyas gownuni goterayjek zat etmage
-
virmenaard
11 years ago
- uly dashy ilki sonra kici dashlary yerleshdirmeli diyyar bir professor, yone haysynyn uly haysynyn kicidigini bilmeli ilki.
-
mirasymyz
11 years ago
- Gaty dogry bellapsin Virmenaard. Yetishiksizsiran bolup esasy zatlary yatdan chykaryas. In barkisi bizin esasy zadymyz bolan jan-saglygynam aladasyny wagtynda edemzok. Indi seretdirin, shindi seretdirin bilen wagtymyz uchyp gidyar we saglygynam beterleyar.
Dokument ishimizem shonun yaly wagtynda duzetmeli zatlary duzetman kosenip aylanyp yorus.
Mashgala yagdayam edil shonun yaly.
virmenaard 11 years ago- durmuş bize öwrenmesini bilseň köp zat öwretýär, köp zadam unutdyrýar.