MTS kompaniýasynyň «MTS—Bir ädim öňde» diýen şygary Türkmenistanda asla hakykata laýyk gelmeýär. Şu ýylyň 30-njy awgustyndan Türkmenistanda öz işine gaýtadan başlan MTS 2010-njy ýylyň dekabrynda ýitiren müşderilerini doly yzyna gaýtaryp bilmeýär. Biziň habarçylarymyzyň geçiren pikir soralyşygyna görä, Türkmenistanda ortaça 30 adamdan diňe bir adam MTS-iň hyzmatyndan peýdalanýar. Galan müşderiler «Altyn asyryň» hyzmatyny ulanmagyny dowam etdirýärler. Häzirki wagtda MTS tarifleriniň sanyny barha artdyrmak bilen. 1-nji okýabrdan «MTS prosto» bilen «Super 0» tarifleri açyldy. 1-nji noýabrdan bolsa «Biznes prosto» tarifi girizildi. Mundan başga-da MTS öz müşderilerine her dürli habar maglumatlaryny alyp bolýan hyzmatlary, şeýle hem odnoklassniki.ru saýtynyň hyzmatlaryndan peýdalanyp bolýan serwisleri hödürledi. 1-nji noýabrdan MTS internet paketleriniň hem sanawyny çykardy. Ýöne muňa garamazdan, türkmenistanlylar MTS-iň müşderisi bolmaga gaty bir höwes bildirip durmaýarlar. Munuň esasy sebäpleriniň biri hem MTS-iň esasy garşydaşy «Altyn asyrdan» has tapawutly hyzmaty müşderilerine hödürläp bilmeýänligindedir. Umuman alanyňda, MTS-iň hyzmaty «Altyn asyryňkydan» gymmat däl, emma beýle bir arzanam däl. Ikisiniň hem bahasy deň. Bir ýarym ýylyň dowamynda «Altyn asyryň» sim kartalaryny ulanyp ýören müşderiler bolsa tanyş-bilişleri bilen ozalky kontakt belgilerini saklanlaryny kem görmeýärler. Şonuň üçin olar MTS-iň belgisine geçmeýärler. Dogrusy, türkmenistanlylarda MTS-den entegem umyt kän. Bu MTS-iň internetine bolan umytdyr. Müşderiler ýakyn geljekde MTS-iň internetiň tizligini artdyryp, bahasyny bolsa elýeterli etjekdigine uly umyt baglaýarlar. Çeşme http://www.chrono-tm.org/tm/archives/365
MTS—Bir ädim yzda
-
bukja
12 years ago
- namede bolsa mts'e isian wagtyn islan yerine jaň gidirip bolýar :))
-
makgush
12 years ago
- Köp tanyş-bilişleriñ altyn asyry ulanansoñ mtse geçýänler az-az. Aslynda menem altyn asyr ulanýan, mts'e geçmegi pikirem edip görmändim, ýöne mts öz tariflary bilen özüne çekäýmese, internet üçinä bir az gymmadyrak diýip eşitdik.
-
Friendship
12 years ago
- MTC ulanýan. Internede gowy baglanýar.
-
akylym1989
12 years ago
- tmcelliñize meñzesh edip mts ulanjak bolsañyz habarlashyp bilersiñiz.
gepleshmäge ikisem amatly ýöne super0 has amatly sms+ hyzmatyna hem birikdiriñ 6-njy dekabra çenli birikdirme mugt. 1 sms-iñ bahasy 1 sent ýagny , 3teññe
-
makgush
12 years ago
- Bah akyl ulanaýmaly etdiñ mtsi. Neme şo super0 diýýän tarifiñ, belli bir nomerler bilen gepleşip bolýarmy ýa näçe bolsada tapawudy ýokmy?
-
Agent007
12 years ago
- emtees ulanamok.tmsell ulanyan yone mts nomer bar ,chatlara reg etjek wagtyn nomer soraya tmseli yazyan kod gelenok.emtesi yazyan dashhh bolya
-
Maksim91
12 years ago
- tmcelliñize meñzesh edip mts ulanjak bolsañyz habarlashyp bilersiñiz.
Akylym1989 nädip habarlaşyp bolar sen bilen?
-
phenomen2
12 years ago
akylym1989 nädip habarlaşyp bolar sen
bilen?
maksim91 | 2012-11-12 06:24:16
nomerina berip bilyan +993644444444444444466355965456644339423644268466
jan etsen akylym alar
-
TMGozeli
12 years ago
- Mts inete gaty calt giryar. Yone bahasy hem gowy, yagny menin pikirimce Altyn asyrdan gymmadrak. Yone inet paketlerinede bagly.
-
phenomen2
12 years ago
menin pikirimce
altyn asyrdan gymmadrak.
dine sen pikirin dal
-
akylym1989
12 years ago
- tapawudy ýok makgush islendik nomer bolýar mts bolsa bolýar.
-
Multik
12 years ago
- akylym men jang etsem nace alarkalar :D
-
akylym1989
12 years ago
- multik täze nomeram nesip etsin ,tüweleme meñzeshje boldy señkem:)
-
akylym1989
12 years ago
- maksim91 almakçy bolsañ @mailiñi ýazaý shu tak kynçylygy ýok
-
Multyk
12 years ago
- :D:D:D Hany maña ýokmy akylym89
-
URGENCLI
12 years ago
- 2010.yn dekabryndaky nakauntdan senselan mts kem kemden ozuni tutup bashlady
Hayranmen 12 years ago- Mena yone MTSem ulanyan, Altyn asyram. MTS signaly bet.