"... doly gyrgyncylyk edildi.maddy ýitgisiz ýeñi$iñ nämeligni bilmeýän aziyada hut $unuñ ýaly gyrgynçylyk gecirilmelidi.gyrgyncylyk ,skoblewiñ entek Peterburgdakä arzuw eden möcberine baryp ýetdi.ol diñe aman galan uly adamlaryñ aklyny haýran etmek bilen çäklenmän,geljek nesilleriñ hem ýadynda galsa gerek. Bu olaryñ añynda has-da uly möcberlere ýeter. beýle gyrgynçylyk Gökdepe zabt edilmezden boýun egdirlen halatynda-da hökman bolaýmalydy..." ..Jezaberish goshunlarynyñ merkeziniñ ba$lygy,Grodokow .
ýazmasy kyn düşen ýene bir ýazgy!!!
-
1merdan
12 years ago
- skoblew Gökdepä ýörishe bashlamazdan has öñ Hazar deñziniñ ýakasynda ýashaýan Ýomut TÜRKMENLERINIÑ arasynda öwünjeñlik bilen sheýle diýipdir :
"- gûýç meniñ elimde,men dushmanlary ýok ederin. Her damja rus gany üçin dushman ganyny derýa akdyraryn..."
-
1merdan
12 years ago
- bu ... General hatta ölüm ýassygynda jan howluna urunyp ýatyrka, keshishiñ :
Gökdepe galasynda hic bir ýazyksyz 8 müñ adamy gyranyñyz ücin Allanyñ öñünde wyjdan azabyny syzýañyzmy- diýen soragyna,
-sho sanyñ 80 müñ bolmadygna gynanýan - diýip jogap beripdir...
-
1merdan
12 years ago
- galanyñ basyp alnyshyna gatnashan A.Masalow :
- goranýan ýa-da halas bolmaga jan edýän adamlaryñ ûstüne esgerler zalymlyk bilen topulýardylar.olary naýza bilen ýokary galdyrýadylar.gapyrgalarynyñ arasyndan naýzalary gecirýädiler.tüpeñi mazaly diräp atýadylar. Tüpeñiñ gundagy bilen $eýle bir urýadylar welin,olaryñ kellesi ýaly,tüpeñiñ gundagy hem cym pytrak bolýady - diýip ýazýar
-
1merdan
12 years ago
- ... Gala synandan soñam ýenijiler ýowuz dabarasyny gurapdyr.skoblewiñ özi atly goshuna bash bolup gala hüjüme giripdir.galanyñ icinden gecip,yza cekilýän goraýjylary tä garañky dü$ýänçä kowup gidipdir...rus goshunlary guma gaçyp barýan bosgunlaryñ gürmek ýerlerni oka tutupdyrlar. We bosgunlary rehimsizlik bilen gyrypdyrlar...
-
ependi
12 years ago
- kanay yashuly yama
-
pida
12 years ago
- 3-gezek okadym dushunmedim. birazajyk ginishleyin yazsan erbedem bolmazdy..!
-
1merdan
12 years ago
- 5 müñ aýal hem çagalar ýesir alnypdyr.olar gala gaýtarylyp getirlipdir we acyk asman astynda uzakly gijäni ukusyz geciripdirler.olaryñ dash töweregni esgerler gabapdyr...
M.a.terentowñ aýtmagna görä
... ...aýallar özlerini kanuny olja hasaplapdyrlar... ( P.sşu taýyny ýazmak hasam agyr degdi)
-
1merdan
12 years ago
- galanyñ icinde diñe ruslar däl. Ermeni we kürtler hem talañcylyk edipdirler.kûrtler aýratyn wagshycylyk edipdirler. Olar galanyñ basyp alnyshyna syn edip.maslyga gonjak garga ýaly ,gyrgyncylygyn tamamlanarna garashypdyrlar. Shondan soñ bolsa galanyñ icine girip. . . Talancylyk maksady bilen aýallary,cagalary öldûripdirler.gullakhalkalary eti bilen goparyp alypdyrlar.bilezikleri el çapyp alypdyrlar...
Kürt toparynyn ýanynda bolan pars harby agenti zulfukar han,pars ýesirlerni halas etmek bahanasy bilen, GATY KÄN AÝAL WE ÝASH GYZLARY SAÝLAP ALYP,PARSYÑ CÄKLERINE UGRADYPDYR.olaryñ arasynda ýashajyk gyzlar kän eken.
Trentow, zulfukar hanyñ iñ owadan aýallary saýlap alandygny,olar hamana TÜRKMENLER tarapyndan ýesir alnan pars aýallar diýip ynandyrandygny belleýär...
-
1merdan
12 years ago
- çeşme: ( Gökdepe Tragediýasy.
Taryh ylymlarynyñ kandidaty: A.Gürgenli.)
-
1merdan
12 years ago
kanay yashuly yama
ependi | 2012-10-22 12:59:40
dogry kerimjan kän welin bu entägem hemmesi däl ol ýerdäkileň köpüsini ýene siz bilen paýlaşmaýyn diýdim, bu ýöne unutmazlygymyz üçin eždatlarymyzy (agyr ýatlamalar....)
-
1merdan
12 years ago
3-gezek okadym dushunmedim. birazajyk ginishleyin yazsan erbedem bolmazdy..!
pida | 2012-10-22 12:59:40
..pida agam gökdepeli waka ha düşniklidir,
"... doly gyrgyncylyk edildi.maddy ýitgisiz ýeñi$iñ nämeligni bilmeýän aziyada hut $unuñ ýaly gyrgynçylyk gecirilmelidi.gyrgyncylyk ,skoblewiñ entek peterburgdakä arzuw eden möcberine baryp ýetdi.ol diñe aman galan uly adamlaryñ aklyny haýran etmek bilen çäklenmän,geljek nesilleriñ hem ýadynda galsa gerek. bu olaryñ añynda has-da uly möcberlere ýeter.
beýle gyrgynçylyk gökdepe zabt edilmezden boýun egdirlen halatynda-da hökman bolaýmalydy..."
bu bolsa şol waka hakda ..jezaberish goshunlarynyñ merkeziniñ ba$lygy,grodokow diýen adamyň ýokary beren raporty diýsegem bolýar, umuman urş hakda aýdany
-
1merdan
12 years ago
- Rahym Esenowyň makaladyr kitaplarny okamagy maslahat berýän, pida aga şeýle maglumatlaryň öz bolyşly beýan ediliş, we düşünüliş ýollary bar
-
1merdan
12 years ago
- Toplar rüstem geldi, galdy gyrkylyk
Iň soňky gerçegem, ynha ýan berdi,
Giç öýlän hapylap gelen ýel ýaly,
Sürdi ganym,
Obaň üstüne sürdi.
Öýleň depesinden gara sil bolup,
Indi namys atly bir gara bela.
...Naçarlara hemle uran ýaşuly
Pyşyrdaday” “Özüň ýetiş ýa pena.
Ýyldyrym bol,
Ur sen,
“Wah” diýsem-namart,
Inder düýme gylyjy, depämder inder.
Binamyslyk derdin berme bu başa,
Soň ony der bilen ýuwaýmak kyndyr.
Soň ony gan bilen ýuwup bilmersiň,
Tegmil düşse, emen süýdüňde galar.
Heňňam giňdir, geçer gider duşuňdan,
Ýöne bu zat seniň adyňda galar.
Ak sakgal çalaja titiräp gitdi,
Ýürege çabyrap beýnä urdy ot.
Gyljyn syryp ýagy geldi gapyňdan,
Ak sakgalyň orta düşdi Nurmyrat,
Päk namysyň orta düşdi Nurmyrat.
Kakyp alyp, tärimdäki gylyjy,
Dessesinden tutdy ot ýaly tygyň.
(Nirden ýa-da düşdi ýeke zarbyňda
Galkan gümmürdeden ýigitlik çagyň)
Şol durşuna arlap çykdy gapydan
Bir duşman tüwdürlip gitdi
Serildi,
Ýene biri...
Gylyç sallandy aşak,
Çal gursaga otly hanjar uruldy.
Üç pyýada kürsäp girdi içerik,
Gelinlere tarap uzaldy eller.
Goja tisginmedi sebäbi indi
Hiç kim oň namysyn depeläp bilmez.
Ol halal.
Onuň sakgalam halal.
Özem halal.
Lebzem halal
-
1merdan
12 years ago
- ..ehhhh meň ne gözel halkym bardy şeýleräk..
-
pida
12 years ago
- Rahym Esenowyň makaladyr kitaplarny okamagy maslahat berýän, pida aga şeýle maglumatlaryň öz bolyşly beýan ediliş, we düşünüliş ýollary bar
1merdan | 2012-10-22 13:18:0
hmmm.., bilemokdumda shon yaly yollarynyn bardygyny...hokman okaryn...!
mekdepde gechilyadi bu zatlar.temany okap, gokdepe soveshindaki skoblewiñ yoreyshini gysgacha beyan edipsin, diyjek boldum. sen son tesvirlerinde ginishleyin yazypsyn.
erbet dal!taryhy govy goryan. ellerine saglyk....
-
1merdan
12 years ago
sen son tesvirlerinde ginishleyin yazypsyn.
erbet dal!taryhy govy goryan. ellerine saglyk....
pida | 2012-10-22 13:46:57
ünüs berip okanyňyz üçin minnetdar pida aga, size ýaranlygyny (we haýsydyr bir agza ýaran bolsa) duýmak meň üçin ýakymly
-
pida
12 years ago
- yene-de yetirip dur!!!!
-
Makintos
12 years ago
- tuweleme merdan aga ellerine saglyk
-
Amanmyratgeldisapargulynazardurdymuhammet
12 years ago
- Birmerdan aga, bu maglumatlar barada onem bir yerde eshitdimmi, okadymmy, yadymda dal. Gyzykly we ayylganch eken, yetirenin uchin sagbolsun aydyan ullakan. Shol gunlerinem inni gechdigi bolsun.
-
Barmaley
12 years ago
- Men bir gazetda okapdym on:
Skobel orta aziyany syndyranson uly shohrat bilen koshge dolanyp gelyar. Koshkde onun her aydan sozuni alyp goterip ugrayarlar. Uly meylislerde hem Skobel rus patyshasy Nikolaya yansydyjy sozler aydyp ugrayar, hemde ony asgerman, kemsidip ugrayar. Bu bolsa patysha ucin yaraman ugrayar. Owalam, Skobelin dikdushdi, shohratparaz, ony it yaly ulanjagny ulananson patysha ucin ol gereksizdi. Indi ony aradan ayyrmakdy. Patysha maksadynada yetyar. Bir gije Skobela arak baryny icirip ony awulap oldurilyarler. Sheydibem ol haramzadadan ahyry dynylyar.
-
Jemka91
12 years ago
- Wag$ylyk...
-
sahett
12 years ago
- merdan dost ýatlanyñ gowy...
-
turkmenntug
12 years ago
- hmm...
-
Ayyuzli
12 years ago
- ''sheydip oglanlykdan saylanjak bolun,sebap watana-da hossar gerekdir''
-
Friendship
12 years ago
- 'Skobelow milli gahrymanmy ýa..?' diýip bir kitap bar ýukajyk. Shonda-da bu zalym barada, esasanam, soñky ykbaly barada maglumatlar berilýär. Anyk ýadyma düshenak, awtory NARYMAN JUMAÝEW'mikä diýýän...
Merdan aga, sag bol mowzuk üçin!
-
Turkmenhanymy
12 years ago
- yetireniniz ucin sag bolun 1merdan.
1merdan 12 years ago- TÜRKMENLER ýer $arynyñ ýüzündäki gara tegmil.olar adamzat ücin utanç ,adamzat olara çydam edip ýör..
Ýene $ol ,gorodokow ...