Men bu dünýeden giderin... Durmushy baky terk ederin... Shonda çyk ýollara! Toý- shagalañ görseñ, hökman sowulgyn! Meni aýdymlaryñ arasyndan taparsyñ! Güýz gelip, töwerek saralanda, sähralara çyk! Men baglardan tänýän sary ýapraklaryñ arasyndan taparsyñ! Gysh gelip, gar ýaganda, çyk ýene sähralara! Meni gar zyñyshypjyk ýören günäsizje çagalaryñ shadyýan gülkileriniñ arasyndan taparsyñ! Ýaz gelip, tebigata jan girende, bir pursatjyk töwerege syn sal! Meni gök maýsalyklardan, ýagysh damjalarynyñ arasyndan taparsyñ! Ümmülmez asmana bakyp, birsalymjyk bir nokada dik gözleriñi! Meni göç eýleýän akja bulutlaryñ arasyndan taparsyñ! Goshgularymy oka! Içine girip oka! Her bir bendinde meni görersiñ! Her bir setirinde men saña seretýändirin! Meni setirleriñ arasyndan taparsyñ! Gyýylma hiç haçan! Gamlanmagyn, melegim! Juda gussadan dashlashyp bilmeseñ, meni ýatlap birpursatjyk gözýash dök! Her damjasyndan meni taparsyñ! Dostlarymy göreñde, meni aralarynda görjek bolup jan çekmegin! Sebäbi, men eýýäm señ ýashaýan dünýäñde ýok..! Meni öz kalbyñdanam gözleme! Çünki, men o ýerde orun alyp bilmändim ahyry..! MENSIZLIK, haçanam bolsa birwagt, ýüregiñe düshüp, janyña jaý tapmasañ, heniz demim gelip-gitýäkä senden eshitmek islän sözlerimi pyshyrdapjyk diý! Men sho pursat señ ýanyñda peýda bolaryn! Ýöne... Ýöne shonda diñ bagtyýar halda duran ruhumy görersiñ....!

Köneler, Friendship tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir