Sen düýshüme girdiñ - öñküje bolshuñ, Öñküñ ýaly süýji gürrüñler edip. Menem hezil edip gulagym asdym, Özüm dymyp, seni bolsa gürledip. Sen-ä saçlaryñy shemala berip, Ýöräp barýarmyshyñ arzuwma tarap. Menem señ yzyñdan galman barýaryn, Kä yzyma garap, kä saña garap. Sen-ä köpmanyly bakýañ ýüzüme, Menem düshünemmok (sadadym-da, wah!) Duýmandyryn, birden nämeler boldy... Peýda boldy gapdalyñda al- arwah. Seni halas etmek isledim ondan, Ýöne sen arwaha eliñi berdiñ. Alaçsyzdym. Sebäp, islediñ özüñ... ...Ine, sheýdip gije düýshüme girdiñ!

Köneler, Friendship tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir