Uniwersitet. Auditoriýada bir professor öz talyplaryna şeýleräk sorag berýär: - «Ähli, bar zatlary, Hudaý ýaratdymyka?», bir talyp oturan ýerinden «Howa, elbetde Hudaý ýaratdy» diýip jogap berýär. «Hudaý ähli zady ýaratdymy?» diýip professor öz soragyny gaýtalady. «Howa, jenap» diýip talyp jogap berdi. Professor ýene-de sorag bilen ýüzlendi: «Eger Hudaý bar zatlary ýaradan bolsa, onda Hudaý şeri-de ýaradypdyr-da. Biziň amallarymyzdyr, herektlerimiz özümizi kesgitleýär diýen prinsipe eýersek bolsa, onda-a Hudaý şeriň özüdir». Talyp beýle jogaby eşidip ýuwaşja oturyberdi. Professor aýdan sözlerine öz-özünden göwnihoş bolup, talyplara Hudaýa bolan ynanjyň ýalandygyny ýene-de bir gezek subut edendigi bilen öwündi. Şol wagt başga bir talyp elin galdyryp «Professor, men size sorag berip bilerinmi?» diýdi. «Elbetde» diýip professor jogap berdi. Talyp ýerinden turup, şeýle sorag berdi «Jenap! Sowuk barmyka?» Professor: «Soragyň hähili, elbetde bar, näme sen hiç wagt üşäp görmediňmi?» diýip, sorag bilen jogap berşine hemmeler gülüşdi. «Jenap professor! Hakykatda, sowuk diýilýän zat ýok. Fizikanyň kanunlaryna laýyklykda, biziň sowuk diýip hasaplaýan zadymyz, ýylylygyň ýoklugydyr. Adamy ýa-da başga bir predmeti, energiýa eýemi ýa-da ol energiýany berýärmi diýen mowzukda öwrenip bolar. Absolýut nol (frangeýt boýunça -460 gradus) ýylylygyň doly ýoklugydyr. Ähli materiýa inert ýagdaýa geçip, bu temperaturada hereket edip bilmeýär. Aslynda sowuklyk diýen zat ýokdur, biz bu sözi ýylylyk bolmadyk ýagdaýynda näme duýýandygymyzy suratlandyrmak üçin döredendiris». Talyp pikir yzarlamalaryny dowam edip, «Professor! Tümlükdir-garaňkylyk barmyka?» diýip sorady. «Elbetde, bar» diýip professor jogap berdi. Talyp bolsa, ýene-de jogap bermäge durdy: «Jenap! Siziňki ýenede dogry däl. Dogrusy tümlük-de, garaňkylyk-da ýokdur. Hakykatda tümlükdir- garaňkylyk ýagtylygyň ýoklugydyr. Biz ýagtylygy öwrenip bileris, emma tümlügi öwrenip bilmeris. Biz Nýutonyň prizmasyny ulanyp ak ýagtylylygy dürli reňklere dargadyp, olaryň tolkun uzynlyklaryny, ýygylyklaryny öwrenip-de, ölçäp-de bileris. Emma siz tümlügi ölçäp bilmersiňiz. Ýagtylygyň ýönekeýje şöhlejigi tümlügiň älemine düşmek bilen ony ýagtylandyryp biler. A siz, haýsam bolsa bir giňişligiň näçeräk garaňkylyga eýedigini nädip bilip bilersiňiz? Siz näçeräk ýagtylygyň mukdarynyň berilendigini ölçäp bilersiňiz, şeýle dälmi?! Tümlük – bu haçanda ýagtylygyň ýok ýagdaýynda näme bolup geçýändigini suratlandyrmak üçin ynsanyň ulanýan düşünjesidir.» Ahyrynda, ýaş talyp professora ýüzlenip «Jenap professor, şer barmyka?» diýip sorady. Bu gezek professor ynamsyz, «Elbetde, men aýtydma. Bütin dünýede adamlaryň arasyndaky adalatsyzlyklaryň, jenaýatçylyklaryň we zor salmalaryň köplügini biz güniň-günine görüp gelýäris. Bu mysallaryň ählisi şeriň ýüze çykmasydyr». Muňa talyp şeýle jogap berdi: «Jenap, şer ýokdur, ýa-da iň bolmanda onuň özi üçin ýokdur. Şer ýöne bir Hudaýlylygyň ýoklugydyr. Ol tümlüge we sowuga meňzeşdir, ol Hudaýyň ýoklugyny suratlandyrmak üçin ynsan tarapyndan tapylan sözdür. Hudaý şeriň tarapdary däldir. Şer - ýagtylyk hem-de ýylylyk ýaly bar bolan ynanjam, söýgem däl. Şer ynsanyň kalbynda Hudaýlylyga söýgüniň ýoklygynyň netijesidir. Bu ýagdaý, ýylylyk bolmadygynda sowuklygyň gelişi ýaly ýa-da ýagtylygyň ýoklugynda tümlügiň gelişi ýaly, Hudaýlylygyň ýok ýerinde şer gelýändir» Professor näme diýjegini bilmän ýerine çökdi. Ol talybyň ady – Albert Eýnşteýndi.
Hudaýyñ ýok ýerinde şer gelýändir
-
andrey
12 years ago
- Bah Mashallah,Eyshteyn akyla sygmajak zat aydanson ,men yaly adamlar ona dali diyyadiler
-
pida
12 years ago
- Name uchindir bizde sheylerak, konfliktlere kop duchar gelip bashladygov.
Bizde sapak bashlayaram velin, proflaryn shular yalaky gurrunleri edesi geliberyarov..dine ozununkini dogry edesleri gelyar.
Shular yalaky proflaryn akly yetmeyan zatlaryny gorsem, eshitsem men olary professor hokmunde gormeyanooov.
-
akylym1989
12 years ago
- karat sag boluň köp-köp
-
pida
12 years ago
- Oho karat dost, sag bolsun aytmak yatdan chykypdyrov!!!!!
-
pida
12 years ago
- Sagja bol dost!
-
Younglord
12 years ago
YALNYSMASAM EINSTEIN SU FORMULANY ACANY UCIN NOBEL BAYRAGYNYN EYESI BOLUPDYR OYDYA
-
Agent007
12 years ago
- Talyba berekella
-
Karat
12 years ago
- oho karat dost, sag bolsun
aytmak yatdan
chykypdyrov!!!!!
pida | 2012-08-29 15:04:26
hichlay dost. teswir uçin däl-de täsir üçin ýazyan.
-
Jennettm
12 years ago
- Sag bol karat yetirenine,ka yarym bizde-de okuwda sheyle chekeleshikler bolya,talyplan ichinde garshy chykyany hem bar,emma mugallym kabul etman ozuninkisine dogry diyya durya,sheyle yagdayda men hich goshulamok,garshy chykamok we garshylyk gorkezip bilemok,dine ichimi gepledip "wah entak shu sozjagazlaryna jogap berersin"diyp,gynanyan dashymdan aydamok,aydyp bilemok,emma aytmadygym un menden hem jogap soralar :-( teswirim tema yerliksizemdir weli okap duygulandym oz-ozum yadyma dushdi - de pikirimi yazaydym
-
missmaysa
12 years ago
- teswir uçin däl-de täsir üçin ýazyan.
Karat | 2012-08-29 23:56:09
tasirlendiriji yazgy sag bol yetirenine
-
virmenaard
12 years ago
- professorym bilen dawa edip 10$ utdurypdym. einşteýin ýaly bolsama 90$ gazanýadym :D şu waka çyndanam boldumyka ýa edebiýatçylaryň oýlan zadymyka?
-
jeka11
12 years ago
- Sagbol karat yetireniñe dogrvdanam täsir ediji yene yetirip dvr!
-
Kamilligetarap
12 years ago
- ... !? ... .
-
Agent007
12 years ago
- professorym bilen dawa edip
10$ utdurypdym. einşteýin ýaly
bolsama 90$ gazanýadymşu
waka çyndanam boldumyka ýa
edebiýatçylaryň oýlan
zadymyka?
virmenaard | 2012-08-30
07:14:46
:-D
-
Karat
12 years ago
- şu waka
çyndanam boldumyka ýa
edebiýatçylaryň oýlan
zadymyka?
virmenaard | 2012-08-30
07:14:46
hekaya dini saytdan alyndy. dogrumyka diyyan.
-
Yzganttm
12 years ago
- Kakamyrat aga sagbol agam ýetireniñe!!!
teswir uçin däl-de täsir üçin
azap edipsiñ tüweleme hakykatdamam täsirli...
ýazyan.
karat |
-
Kamilligetarap
12 years ago
- birhilirak bolupdyr bu
-
Kamilligetarap
12 years ago
- goraymage tema eynshteyn barada yaly welin yone okap otursam 'teswir un dal tasir un yazylypdyr'(yagny getirilen mysallardan tasirlenmeli,okujy)
-
Kamilligetarap
12 years ago
- Garankylyk doredilmandir.ol yagtylygyn yoklugynyn netijesidir. Sher hem doredilmandir ol 'hudaylygyn yoklugynyn netijesidir'.
Pikir edip gormedimika eynishteyn !?
Tumlikden tapawutlylykda sheri olcege salyp bolyara.ozbolushly hasabyny hem yoredip bolya (yada egnimizdaki perishdeler hasaplap,olcap otyr*) .eynishteyn yende pikir edip gormeli eken (yokarda aydylyshy yaly) ginishlikdaki yagtylygyn nacerak mukdara eye'digini olcemek un hem tumlik hokmany zerurlyk bolup duryar.we shonun ub hem huday yagtylykdan ong tumlugi yaradypdyr.garanky,tumluk bolmasa yagtylygyn mukdaryny hem olcap bolmayshy yaly sher bolmasa kalpdaky hudaylygy hem keskitlap bolmayar.
-
Kamilligetarap
12 years ago
- ginishlikdaki
yagtylygyn nacerak mukdara
eye'digini olcemek un hem
tumlik hokmany zerurlyk bolup
duryar.we shonun ub hem
huday yagtylykdan ong tumlugi
yaradypdyr.garanky,tumluk
bolmasa yagtylygyn mukdaryny
hem olcap bolmayshy yaly sher
bolmasa kalpdaky hudaylygy
hem keskitlap bolmayar.
.sheylelikde huday sheri hem yardypdyr*(sher bar) diymeli bolyas,
yada eynishteyn sowuklyk,garanky'tumluk hudaydan ong dorapdir diymekci boldumyka.!? (buda eyyam 'materializ' bolyara). !?
-
Karat
12 years ago
- goraymage tema eynshteyn
barada yaly welin yone okap
otursam 'teswir un dal tasir
un yazylypdyr'(yagny
getirilen mysallardan
tasirlenmeli,okujy)
kamilligetarap |
2012-09-01 00:05:25
dost, men ony pida agzang ''teswir yazmandyryn'' diyeni uchin hokmany zat dal diyen manyda aytdym. sizin nahili manyda dushuneningizi bilemok.
-
Karat
12 years ago
- pikir edip gormedimika eynishteyn?
mumkin pikir edip bilerdi, eger-de eýnshteyde hem sizinki yaly pikirlenmeler bolan bolsa.
sheylelikde huday sheri
hem yardypdyr*(sher bar)
diymeli bolyas,
yada eynishteyn
sowuklyk,garanky'tumluk
hudaydan ong dorapdir
diymekci boldumyka.!? (buda
eyyam 'materializ'
bolyara). !?
kamilligetarap |
2012-09-01 00:37:23
dogrusy siz yaly akylly adama jogap bererden men has ejiz bolyan. chunki siz belli alym eýnshteýniñ, turkmenistany dorediji s.nyýazowyñ yalngyshyny tapmaga ukuply.
*men bolsa heniz ili tankytlamakdan gechen oz yalngyshlyklarymy hem goremok
-
globus
12 years ago
- $eri yaratsada $er ishlere razy diyildigi däl $eri synag ücin yaratdy
turkmenntug 12 years ago- sagja bol karat aga