kerim agany gaty gowy goryan, gaty gowy yazya, paylashasym geldi, esasanam ugruna janimi feda etjek dosdum, okasym gelya diyipdi, shona ve size yetirip bilenlerimi yetirmek isledim... Owadan gyza “Owadan sen, Owadan sen, Owadan...” Bu aýdym ýaňlanýar he säher,her şam. Ýöne bu gürrüňim aýdym hakda däl, Sen hakda,sen hakda,gara gaş uýam. Şol aýdym aýdylsa — keşdäňi taşlap, Kitabyňy ýygnap,saçlaryň çöşläp, Seredip ýokary, äňedip aşak, Kä yzyňa ýöräp, käte öňüňe, Aýnaň içindäki keşbiňi ogşap, Birine pyşyrdap berýärsiň salam, Birinden pyşyrdap alýarsyň salam. Soň bolsa “Eje jan,men owadanmy?” Diýäýjek, diýäýjek diýäýjek bolýaň. Asyl bir gezeg-ä diýdiň hem uýam! Şond garry ene öz balasyndan Ýa-ha hoşal,ýa-da nägile bolup, Ogşapdy gözleriň pyýalasyndan Sen bolsa ol posaň manysyn çözmän, Ýene öz ýoluňa bolduň rowana. Ne gözel ýigitler yzyňdan garap, Biri däli boldy,biri diwana. Bolmajagam bolsun, şeýle bir saçlar— Ölçemäge ýetmez kelte gulaçlar. Şeýle bir gabaklar,şeýle bir dişler Baksaň-ertä galjak şu günki işler. Şeýle bir göreçler,seýle bir gaşlar Üç gün bakyp dursa,ölmezdi açlar. Şeýle bir ýaňaklar—reňki çirksiz, Şeýle bir barmaklar—boguny süňksiz. Gürrüňem etjek däl kirpikler hakda, Degse deşjek (taňrym, penaňda sakla!) Ýöne men şonda-da Owadanmyň, däl— Entek belli bir zat aýdyp biljek däl. Bir topar ot-suwdan geçeniňden soň, Ýetmiş ýanyp,segsen öçeniňden soň, Ajyny-süýjini içeniňden soň, Bir ýigidi saýlap-seçeniňden soň, Seçeniňden soň hem ol ýigit bilen Nije menzil ýoly Geçeniňden soň— Men diňe şondan soň, Şondan soň diňe, Owadanmyň, dälmiň— Aýdaryn saňa. Şahyryň gözi Illeriň gözünden üýtgeşik däldir Şahyryň gözi. Edil seňki ýaly Ak, Gara köldür Şahyryň gözi. Emma şol Gara, Ak sereden çagy, Has ýagşy saýgarar garany, agy. Gözüň aňrysyndan aňşyrar çygy Şahyryň gözi. Gözüniň içinden bagry sereder, Bagrynyň içinden şygry sereder. Hiç haçan sapajak-supajak etmez – Görejiň içine dogry sereder Şahyryň gözi. Görejiň içinden ýüregňi görer, Halal, haram iýen çöregňi görer. Garaz, özi üçin geregni görer Şahyryň gözi. Şeýle seretmegi başarmadymy – Däldir ol Şahyryň gözi. Cagakak “Aglamak utanc” diydiler. Jahylkak “Aldamak utanc” diydiler. Seydip endik etdik aglamazlyga. Seydip endik etdik aldamazlyga. Diydiler: “Koplukde gagirmek ayyp”. Diydiler: “Kocede sygyrmak ayyp”. Diydiler: “Meylisde gecmankan tore Hakyn barmy torun ozunden sora”. Yene-de diydiler: “Ulalyp yasyn Garaja gyl bilen basyrlar dosun” “Dosune bityanca sol gyl diydiler. Gunani gecerler, ogul!” diydiler. “Dosune bitenson sol gyl diydiler, Dosune mynasyp bolgun diydiler.” Diydiler: ”Dunyade namedir gyt zat?”, Uc gezek diydiler: “Ussat! Ussat! Ussat!” “Nace gyt bolsada ussat diydiler, Cyn sagirt ondanam gyt zat diydiler ”. “Owrenip ilkinji harpy – diydiler, Gomalar sagirdin galpy! ” diydiler. Yene–de diydiler: "ulamy kica Oljegni bilsende yalbarma kisa! " “Dine bir adama yalbar!” diydiler. Onunam adyna dilber diydiler. “Ayyp dal nazini cekmek diydiler Nazden yuzun sowan-akmak ” diydiler. “Yene iki merde yalbarmak bolar- Diydiler ene hem atadyr olar”. “Atana yalbarsan galkynar ruhy” “Enene yalbarsan kemeler ahy” “Kim etse solara tagzym – didiler, isi rowac yasy uzyn diydiler! “ ...Yene de kan edeplen tutdular adyn. Diydiler: “Gabanma ozgan sohratyn!” “Gabanma zehinin ezelligini!” “Gabanma oz joran gozelligini!” “Gabanma oz arin gercekligini!” “Gabanma oz gelnin alcaklygyny!” “Ne nazlerin, ne de sozlerin gaban, Dine oynaklatsa... Gozlerin gaban!” Diydiler : ”Erkekden belenttir ayal!” “O namucin ?” diyip berdiler sowal. Jogabyn berdiler: “Gutaryp omrun yagty dunya hoslassan bir gun- Ayal ar ojaрyn saklar – diydiler, Soygunu mun kerem saklar!” diydiler. “Cagalaryn iydir, geydir – diydiler, Seydip yas omrunu koydur!” diydiler. “ Emma beydip bilmez erkek – diydiler, Bu babatda pesdir entek!” diydiler. “Altmysdan, yetmisden gecse de saly Gozlerin yumdumy eziz ayaly – Yatdan cykyp wepa ygrar – diydiler, ikinjin gozlegne ylgar!” diydiler. ... Diydiler, diydiler, diydiler kan zat. Kabirisi ansat.kopusu kyn zat. Ansadyn – hemmeler basar – diydiler, Kynyn basarmakda is bar – diydiler. Kyn hem bolsa, Sudur wesyet – diydiler. Dine kyn zat - Sol mukaddes! – diydiler Garrap barýas, şahyr aga, Garrap barýas görnetin. Ýogsa Sen Paruýr Sewaga Öýkünmezdiň ahbetin. Gyt däl ahyr kitaplarda başga-başga goşgular ― Söýgi hakda, ýaşlyk hakda... we ýene-de başgalar. Ýeri, bolýar, öýküniber, aç syryňy jahana. (Içiňi boşatmak üçin tapyldy bir bahana!) Garrap barýas, Mämmet şahyr, Garrap barýas, aý, dogan. Düýnem bize diýerdiler: «Aý, jan jigi», «Aý, oglan». Indi bu gün adymyz: «Aý, ýaşuly», «Aý, aga!» Şäherdemi, obadamy ― bolsa haýsy toý, aga, Käte-käte giň törde-de oturdylýan wagtyň bar. Gaçgynyň tördi welin, indi törden bagtyň bar. Garrap barýas, Berdinazar, Ýap-ýaňy hem çagadyk. Indi bu gün degirmençiň Telpegi dek çalardyk. Döş üstünden timarlap göýberäýsek sakgaly ― Garasyna näçe esse köp gelerkä ak gyly? Sakgal syrmak, meger, dünýäň bagty üçin dörän zat. Ýogsa dagy giň dünýäni çalardaýjak adamzat... Garrap barýas, doganlar Garrap barýas kem-kemden. Ýöne weli garramak hem Gyzyksyz zat däl eken. Sakgal sakgal weli, saç hem bize iş boljak. Garaz, näme, adam ogly, eýtjek-beýtjek ýaş boljak: Depämizde oýnadyp kiçijik daragmyzy, Ýeňsäň saçyn bärik çekip, bukýarys maňlaýmyzy. Birdenem ters tarapdan öwsüp garagol şemal, Syrymyzyň üstün açýar... Haý, garagol, garagol! Garrap barýas, aşyk Kerim... Şaglap barýar aý-günler. Otuz ýyllyk yzda galdy Şol toraňňy, ýylgynlar. Şondan bäri mahal-mahal duşuşykda, ýygnakda, Goşgularyň okan wagtyň ilkinji söýgiň hakda ― Demiňden ot sowrulýar, tütün çykýar depderden. «Şol gyz häzir barmy?» diýip, sorag ýagýar köp ýerden. Bar diýip hem bileňok, ýok diýip hem bileňok. Çünki ol bar bolanda-da, indi Seniň üçin ýok.... Garrap barýas, şahyr aga, Garrap barýas, halypa. Garrylyk hem dünýäde Juda uly wezipe. Adam garradygyça, has köpelýär synçylar. Agramyňy ölçeýär çynçylar, ýalançylar. Ýaş wagtyň ― gyzlar ölçeýär, Gartaşaňda ― uly il. Işiňde-de hil gerek, Kelläňde-de uly hil. Pähim bilen, akyl bilen ýugrulmasa gartaňlyk ― Nesillere niçik miras goýup biler atalyk? Gartaşýarsyň, Kerim şahyr, Gartaşýarsyň, ezizim. Ýöne weli akylyňa Aýlanaňok henizem. Köçä çyksaň henizem gözüň gyzda-gelinde. Mart aýy golaýlaşsa, bir desse gül eliňde, Nirä barýaň ýaltaklap? Kime berjek çemeni? Öýüňde çemensiz otyr sekiz çagaň emeni. Çemeniňi şoňa gowşur. Dolan, şahyr, yzyňa... Iller eýýäm söz aýdyjy gelip ýörler gyzyňa. Bir gyz bolsa toý sähedin sorap otyr ogluňdan. Barýan ugruň päk bolmasa ― döneweri pyglyňdan. Nirä barýaň şahyr, Nirä barýaň? özüň serdar bolsaň daýhan boljak bol özüň daýhan bolsaň serdar ýaly bol gerek bolan güni iliňe baş bol soň ýene ýer depip agdar ýaly bol! ÖMRÜME PENT Şahyr! Şahyrlygyň çyn bolýan bolsa, Sönüp, ýanyp, ýene sönüp, ýanyp git. Ynsanlyk ýazgydyň çuň bolýan bolsa, Gara ýere çümüp, çykyp, çümüp git. Hem akyl ber, hem iliňden akyl al. Kitapdan däl, gara ýerden nakyl al. Alan zadyň demiň bilen ýakyp al, Soň ýene-de ýeriň süýdün emip git. Dag ýoluna, çöl ýoluna belet bol, Dag ýlounda—çat açmaýan polat bol. Çöl ýolunda—tirkeş-tirkeş bulut bol. Teşne görseň, dodagyna damyp git. Ýol agyrdyr:müň ýanylar öçüler. Bagtly ýollar kynlyk bilen geçiler. Ýel ygyna şaglap gitse geçiler, Sen öküz dek ýele garşy yňyp git. Bagt paýlansa üç baýlygy ilki al: Ylgap baryp saglyk bilen erki al. Ýany bilen çuwal-çuwal gülki al Soň tapylar, galan zady zyňyp git. Dost paýlansa „Äber!” diýip gyssanma, Alaňdan soň—gysgaltma hem gysgalma, Dileg etse– gözlerňi hem gysganma, Birin ber-de, biri bilen oňup git. Ha çaryk geý, Ha çokaý geý, Telpek geý— Parhy ýokdur: geýseň bolar erkek deý. Ýöne welin şypbyldama çepek deý. Aýna gonçly ädik ýaly doňup git. Gözelligi sor bagryňa, öýkenňe. Söýülseň söý, söýülmeseň süýkenme. Söýgi hem goşgudyr! Kişä öýkünme, Öz möhrüňi, öz közüňi goýup git. Ýeňip ýaşa: ahyrda ýeň, başda ýeň, Tomusda ýeň, ýazda, güýzde, gyşda ýeň. Söýgiňde ýeň, gaýgyňda ýeň, işde ýeň— Bir oguldan ýeňilip hem ýeňip git. Ýeňsin ogul dil bilen däl, iş bilen, Seňkä görä has ýitiräk huş bilen. Aýak däl-de, parasatly baş bilen Ýeňse ogul— gözüň rahat ýumup git. Gözüň sürtüp merhum enäň alnyna, Bir aglapdyň. Indi beri aglama: Öz balaňy eliň bilen jaýlama, Nobatyňda mele ýere sümüp git. Dünýä gelmegiň-de nobaty ýagşy, Ýene ölmegiň-de nobaty ýagşy. Men diňe bir zatda nobata garşy: Dost öýüňde islän çagyň gonup git. Başarsaň –köplügiň içine garyş, Tanyşdan dost tutun, ýatlardan—tanyş. „Žiguliň“ içinden gözleme durmuş, Köplük bilen awtobusa münüp git. Köpelsin öýüňde ýürekdeş myhman— Ýary işçi bolsun, ýarysy daýhan. Elbetde, alymam, şahyram hökman. Üýşüp, çaşyp, çar tarapa eňip git. Şeýle dostlar bilen gezseň birsellem— Ýetersiň iň uly matlaba çenlem. Gadamyň giňden ur! Entekler ellem Hol öňde-le. . . Ýaş hakynda dymyp git. Haly wagtyň meňzemegin kilime, Diri wagtyň gyssanmagyn ölüme. Öçen wagtyň öýkünmegin çilime— Içi közli ojar ýaly sönüp git. Ýene bir söz (magtanmak däl, öwüt däl): Mazaryma daş oturtmak sargyt däl. Mele ýeriň astynda-da daş gyt däl, Bakylyk şol: Şol daşlara siňip git Enäniň ýaşy Günämizi bagyşlaýar eneler. Sebäp – eneleriň ak süýtli döşi Köp-köp garalygyň günäsin ötýär. Şeýdibem kemelýär eneleň ýaşy... Ene balasyna buýurdy ýumuş, Ol diýdi: “Özüň et oň ýaly işi!” Ýandy ene. Emma ötdi günäsin. Kemeldi enäniň ýene bir ýaşy. “Öýe wagtynda gel, giç gelme balam..” Ogly bolsa enä çenedi daşy. “Wah, nätsemkäm?” Emma günäsin ötdi. Kemeldi enäniň ýene bir ýaşy. Ýigrimi ýaşyny doldurdy ogul. Gapak ýaly boldy tüýlüje döşi. “Indi ata bolduň, adam bol, oglum!” Gysyldy gysyldy enäniň dişi. Ene dişin gysdy otuz iki gezek, Her gezek gysanda gaçdy bir dişi. Enäniň her gaçan dişine derek Ýaprak dek saralyp, Gaçdy bir ýaşy... Studentiň dilçä beren soragy... Garşydaş sözler kän: Garalyk-Aklyk, Gödeklik-Gözellik, Pähimdar-Wagşy, Batyrlyk-Namartlyk, Barlyk hem Yokluk- Her ikisi biri-birine garşy... Çuňluk -Belentlik hem garyndaş sözler, Emma nä sebäpden Ikisem yagşy? Bir şahada alty nara, Meňzäp duran alty jora. Işden gelip agşam ara, Guyudan suw çekip gitdi. Aklym aldy altyň biri, Her bakyşy derde däri, Ýüregimde şondan bäri, Yşk ataşyn yakyp gitdi. Suw diledim agzym gurap, "Içiň!"diydi ýylgyrjyrap, Içdim gyza ogryn garap, suw yakamdan akyp gitdi. Has dogumly,has berdaşly, On sekiz-on dokuz yaşly, Gülyakasy tylla gaşly, Ýyldyrym dek çakyp gitdi. Söýenimi aňlamady, Ya aňsa-da geňlemedi, Diyjek sözüm diňlemedi, Gözün-gaşyn kakyp gitdi. Belki onuň yary bardyr, Bir görmäge zary bardyr, Ya-da mende ary bardyr, Ýürejigmi yakyp gitdi. Bogun-bogun söküp gitdi. Dünýäde her hili synaglar bolýar. Synaglar içinde bardyr bir synag. Illeñ kimdiginem bilseñ bil welin, Ilki öz kimdigiñ bilmäge synan. ”Weli - diýipdirler – özüni tanan”. Şoñ bilen ölçelýär adamyñ hili. Adam ilki bilen özüni tanap, Şondan soñ tanarmyş – diýýäler - ili.

Köneler, aga593 tarapyndan 12 years ago
    Abadan 12 years ago
  • Mende'de audio zapisi bar,bos wagtym dinleyan. gosgularyna söz yok.
    Abadan 12 years ago
  • Mende'de audio zapisi bar,bos wagtym dinleyan. gosgularyna söz yok.
    turkmenntug 12 years ago
  • tüweleme, paýlaşanňa sag bol.gowuja goşgularam bar şu adamyň
    pida 12 years ago
  • Manyly eken, sps aga! Yene-de yetirip dur!
    turkmenntug 12 years ago
  • 1988 iň bu güni,sentýabyr aýynyň birinji güni,bu söýgüli şahyrymyz biziň aramyzdan aýrylyp,baky dünýä göç eýledi...

    allah jenneti bendelerinden eýlesin ...
    pida 12 years ago
  • Amin...!
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© talyplar.com 2007-den bäri diri