Salam. Ýene men hormatly agzalar. Bu gezek men ýenede bir meseläniň üstünde durup geçmekçi. Has dogrysy klassiki edebiýatymyzda köp agzalýan Deçjal hakynda. esasanam Magtymguly Pyragynyň goşgularynda bu barada köp zat aýdylýar. Başgada köp adamyň aýtmagyna görä ahyrzamanyň öň ýanlarynda Deçjal diýip bir zat geljekmiş we özüne hudaý diýdirjekmiş. Hudaý diýmediklerem tutyp satanyny jaýyrjakmyş. Özi gaty äpet zat diýýäler we gaty elhençmiş hemde bir gözi barmyş. Aýtmaklaryna görä ol şu wagt Kap dagynda daňylgy durmyş. Äjit-mäjit diýilýänlerem her gün Deçjalyň daňylgy ýüpüni dişleri bilen çözüp azaldýan ekenler we ertir çözýäs diýip ýatýamyşlar. Musulman adamlaram bir iş etjek bolanda inşalla diýensoňlar şol ýüp ýene öňkisi ýaly bolaýýamyş. Menem bu zatlary bir kitapdan okamadym, köp adamlardan şunuň ýaly zat gürrüň berenlerinde diňledim. Indi meň esasy gozgajak meseläm: Deçjal diýilýän zat döw ýaly bolup gelmelimikä? Ýa-da ol başga bir görnüşdemikä? Men ýene gaty bir geň zat eşitdim. Deçjal diýilýän zat internetdäki ahlaksyz, millilikden we dinden daşlaşdyrýan zatlar bolmagy hem ahmal. Maşynly ýada pyýada bir ýerden geçip gitseň her kim telefony bilen başagaý. Ýaşlara aslada şeýle. mobimet we agent programmalarda dereksiz zatlar ýazyşyp aňlaryny zaýlaýalar. Hormatly agzalar! Sizem öz pikiriňizi aýdaýsaňyz!

Köneler, Gooool tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir