Mydam waspyñ aydyp durarym yaly, Nur siñen sözümi sowgat bereyin. Mübärek keshbiñi görerim yaly, Garaluw gözümi sowgat bereyin. Durmush senden dash eylesin ezyetin, Göreli durmushyñ ajap lezzetin, Gashym chytman etmek üchin hyzmatyñ, Shygyrlar uzuny sowgat bereyin. Oguz han kowmundan aslyñ, ajayyp, Peder pendi siñen keshbiñ ajayyp, Jan alyjy gara cheshmiñ ajayyp, Baharmy, güyzümi sowgat bereyin. Ruhyñy belent tut gamlanan chagyñ, Hergiz, bile bolsak, hosh gecher wagtyñ, Chykararyn belentligine bagtyñ, Men saña özümi sowgat bereyin!
Sowgat bereyin!
-
Bayramsoltan
12 years ago
- Awtory yadyma düshenok.
-
Ayyuzli
12 years ago
-
Agent007
12 years ago
- Awtory yok bolshy yaly,goshgada soz yok.gowy goshgy
-
Bayramsoltan
12 years ago
- Ayyuzli bezaweri sheytde, mena surat goyup bilemok:-)
-
Bayramsoltan
12 years ago
- Ayyuzli bezaweri sheytde, mena surat goyup bilemok:-)
-
Ayyuzli
12 years ago
- janyn sag bolsun! menem taze owrendim )))
-
Makestm
12 years ago
- menden sana
-
Bayramsoltan
12 years ago
- Sagbol bagtyyar. A oñ ichinde name barka? Syr dal bolsa;-)
-
Koneurgenchli
12 years ago
- bayramsoltan sagja bol gowy goshky eken
-
makgush
12 years ago
-
Bayramsoltan
12 years ago
- Sizem syrkawlamañ :-)
-
Friendship
12 years ago
- Melindochka, sag bol, gowy goshgy!
Ayyuzli, sanga-da minnetdar, tuys tema bn baglanyshykly surat eken! :D
-
Bayramsoltan
12 years ago
- eeey sapa senden dobawka garashyadymow:-(. Na sagbol diyip gechip baryañla?!
-
Friendship
12 years ago
- melindochka, otunch sorayan?! Seng gownung synandan, sheytanyng boyny synsyn! Al, ine:
Saňa soňky hatym ýazaýyn indi:
Hany, hatlaryňda berilen wada?
Meňem hatlarymda sessiz
setirlem
Diňe söýgi üçin bolupdy ýoda...
Indi bolsa ol ýodalar bozuldy.
Diňe ýodalar däl, bozuldy ynam.
Terezä münende söýgi bilen Pul,
Saňa nirelerden geldikä
çydam?!
Amanat pullaryň gelen ýolundan,
Amanat pullaryň öýüne garşy,
Puluň deregine gideniň üçin.
Wah, senem amanat bolmasaň
ýagşy...
-
Yzganttm
12 years ago
- Sagbol bayramsoltan gowy go$gy eken haladym! Mendenem kiçiräjik sowgat
haýsysy gerek bolsa saýla özüñ:-)
-
Yzganttm
12 years ago
inede bu...?
-
Bayramsoltan
12 years ago
- Sagbol sapa, mydamakysy yaly goshgyñ ajayyp!
-
Bayramsoltan
12 years ago
- Myrat 1njiñ ichinde shokoladlaram barmy? Onda 1njini saylayan:-)
-
Yzganttm
12 years ago
- Howa Mahym senden tamada $eýledi
-
Friendship
12 years ago
- melindochka, al, yene-de :D
Yalňyzlygy goýup gaýdyp ol
ýerde,
Ykbalym dyzyňa goýdy
başymy.
Seni söýüp özgerenmi
geň görme,
Aýyplama didämdäki ýaşymy!
Giň jahany juda dar gören yşkym,
Bu gün seniň gözleriňde ýerleşdi.
Gör, nirlere haýdap barýan
ýaşlygym,
Janym, bu gün kalbym
bilen birleşdi...
-
Amanmyratgeldisapargulynazardurdymuhammet
12 years ago
- Friendship gowja chalyan gosgyny.
-
Bayramsoltan
12 years ago
- Goshgy bir gowy zat, sagbol sapa. Shahyrlañ höwri kop bolsun!
-
Bayramsoltan
12 years ago
- Ganatymy yayyp yörün sen diyip,
Sen ähli gussamyñ sebäbi yaly.
Men dymyp bilmerin, yüregmiñ biraz,
Gel, goshgy yazayyn sowary yaly.
Shu gün ynjajagym bilip durkamam,
Men namüchin garashayyn shatlyga?!
Saña meni "diñdir" diyemok, yöne
Sähelche zada-da göwnüm shatdy-la.
Sachlam deyin bulashypdyr duygulam,
Meni heläk edyär sowap bilmezlik.
Muña her kim düshünyändir özüche,
Dertleriñ ulusy dälmi söymezlik?!
Gök gürlese ya-da chaksa yyldyrym,
Sensiñ öydüp yörün-ä men entegem.
Uzaklara bosh göwrämi terk edip,
Seniñ bilen gitdi öydyän erkimem.
Sypañ, yeller, sypañ, meniñ bashymy
Hem geñ görmäñ aglanymy gizlenip.
Yitirenime gynanmayyn namüchin?!
Tapylyan zat däl-ä söygi gözlenip.
Garshysyna gidip bu gün söygümiñ,
Öz-özümem inkär edyän yaly men.
Men onsuz oñmayyn, chünki söygüniñ
Bar yerinde dagyñ sili yaly men.
-
Bayramsoltan
12 years ago
- Awtory ogultäch oraztaganowa, "galkynysh" gazetinden.
-
Makintos
12 years ago
- ay size söz yoklay
Bayramsoltan 12 years ago- Awtory yadyma düshenok.