Kafede dostum bilen, Bir çüýshäni boshatdyk. Gowurlan bagyr bilen, Ishdämizi hosh etdik. Aýtjak bolýan zadym, Entek irräk, añyrda. Esasy bashlangyjy, Arak bilen bagyrda. Kelleleri düzledik, Keýplermizi sazladyk, Dillerimiz dür saçyp Köp kishileri duzladyk. Dostum aýtdy:"Yegenjan! Ýene içeli birki stakan. Hasam gowy bolmazmy, Düshäýmezlaý, artyk kän!" Dostum guýup durshuna, Diýdi:"stakan kiçijik. Stakan ýasaýan firma, Gabat gelsem käýejek. Içseñ dolduryp goýber, Içen shekli bolarsyñ. Dünýä owadan görnüp, Muhabbete dolarsyñ!" Soñky boshan çüýsheleñ, Hasaby ýatdan çykdy. Azajyk kellä aýlap, Gaýtmagmyza bir çakdy. Gaýtma nirde, zat nirde, Ofisiantka buýurdyk: "Gaýtam ýene täzele, Dolja çüýshe häzirle!" Oturypdyrys gijä çen, Warsaky baryn süzüp. Arasynda çakyshyp, Arak baryny süsüp. Ýoldashyma ýüzlendim: "ýör gideli dostjan. Gözlem ümezleýär, bürülýär gash kän. Menä gidip ýatjak, ertirem ish kän. Dawaý, zawtra dobawem, ladno drug, slyshkom?!" Men ýoldashyma görä, Ýagdaý biraz trezi. Gaty sagam däldim, Deñlik, garaz terezi. Entir-tentir direnship, Çykypdyrys kafeden. Ýolgyra trotuarda, Çöküpdiris täzeden. Elindäki bosh çüýshä, Öýdüp dostum gitara. Aýdymyna bashlady, Bokurdagyn ýyrtara. Dostum çalyp gitaryn, Käte öwrüp dutara. Aýdym aýdyp geçipdiris, Jaýlashyp trotuara. Menem elimi çarpýan, Aýdymna heñim goshup. Ol bolsa gidip otyr, Barha belentden joshup. Wah, bilmändirin dünýede, Arak süzmeli eken. Bashda beýledir öýtmändim, Waspyn düzmeli eken. Ilki gezek içishim, Betje depýär geçishiñ. Soñrak aýlap depjegin, "Gijräk bilen ekenim". Ýöräp barýas söýenship, Gije çolaja köçe. Ýolumyz gosha görnüp, Käte bölünýär üçe. Agzym hykgyllaýar, Gaz berip birde içe. Wah, serlip ýatsadym, Bolsa ýekeje keçe. Ýola çykanmy bilýän, Dostum goltukdadygnam bilýän, Gaýraky ýap boýunda Ýatanmyzy bilmeýän. Birden gözlerim açdym, Goltuk arakly çüýshe. Ilki äm-säm bolup, Meñzetdim muny düýshe. Göz aýladym töwerege, Ýüregim tas ýaryldy. Dostum batgada ýatyr, Meñzäp semiz gäwmishe. Mamalarna gelen dek, Arkan düshüp, hor çekýär. Demin yzna goýberse, Siñekler ürküp gaçýar. Shodur-shodur goýlandyr, Arak beýnä guýlandyr. Erkek ýaly söz etdim, Indi içmen diýlendir. Bu bir ýöne çyn däldir, Dile gelen tymsaldyr. Göz görene mysaldyr, Içýän üçin wysaldyr. Gowy zat däl, çäresin bilseñ, Erbedem däl, çakyny bilseñ. Barja abraýyñ, bir günde döker, Gowsy içmezlik, çägini bilseñ

Köneler, Yegen tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir