özüne getirilen bir desse güli ysgap, özüni şeýle bagtly saýan ene: - balamy görüp bilermikäm?- diýip sorady. gundagly bäbegi getirip enäniň gujagyna berdiler. gundagy açyp, bäbeji giň ýüzüne sereden enäniň,  ýüzi çuw-ak boldy. şol mahal otagdaky lukman hem ýü züni sowup, penjireden daşary seredip ugrady. bäbejigiň ähli agzalary ýerindedi, emma onuň gulaklary ýokdy. wagtyň geçmegi bilen çaganyň eşitmekde kynçylyk çekmeýändigi belli boldy. ýöne çaganyň gulaksyzlygy onuň görküne kölege salýardy.  bir gün çagajyk mekdepden öýe ylgap gelip, özüni ejesiniň gujagyna oklady. ol ejesiniň ýüzüne özelenip seretdi-de: - bir oglan maňa nägehan diýdi- diýip hamsygdy. aý aýlanyp, gün dolandy. çagajyk  ulalyp, görmegeý ýigidekçe bolup ýetişdi. emma ol gulaklarynyň ýoklugy, ömrüne atanak çeker öýdüp, ünjä batardy. mysal üçin bu sebäpli ol synpyň jogapkäri bolup bilmändi. onup aýdym aýtmaga-da ukyby bardy. ýöne ejesi  “köp adamlar bilen oturyp-turuşmaly bolarsyň” diýip, onuň bu hyýalyny oňlamady. ýigidekçäň kakasy bir gün maşgala lukmanyndan  maslahat sorady. lukman: - gulak tapyp bilsek, olary operasiýa arkaly oturdyp bolar- diýdi. olar ogullaryna gulak berip biljek birini gözlemäge başladylar. aradan iki ýyl geçipdi. kakasy bir gün ogluna: - şypahana gidýäris, oglum! ejeň ikimiz saňa zerur bolan gulaklary bagyş edip biljek birini tapdyk. ýöne ol adamyň kimdigini saňa şu wagt aýdyp biljek däl –diýip, ogluny begendirdi. operasiýa şowly geçdi. ýigidi indi tanar ýaly däldi. onuň özüne ynamy has-da güýjedi. mekdepden soň uniwersitete girip, uly üstünliklere eýe boldy. öýlendi. günlerde bir gün ol kakasyndan: - şol maňa gulak bagyş eden adamy bilesim gelýär. maňa bu ýagşylygy kim etdi? men onuň ýagşylygyny nädip gaýtaryp bilerkäm?- diýip sorady.  kakasy oňa: - onuň eden ýagşylygyny asla gaý taryp berip bilmäýmeseň, oglum! men baş da dilleşişimiz ýaly, muny saňa häzir likçe aýdyp biljek däl- diýip jogap berdi. ýyllaryň geçmegi bilen bu syryň üstüni açmagyň hem wagty gelip ýetdi. ýöne şol gün ýigidiň ömründe iň gynançly günleriň biri boldy. ol kakasy bilen bilelikde, ýaňy jan be rip, bedeni sowap ugran ejesiniň jesediniň ýanynda durdy. kakasy sandyraýan ellerini uzadyp, ejesiniň uzyn çal saçlaryny bir tarapa sowdy. aýalyň gulaklary ýokdy. - ejeň şondan soň saçyny kesmedi. ol öz gulaklaryny saňa berende şeýle bir bagtlydy- diýip, kakasy pyşyrdady.

Köneler, Induksiya tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir