Bar alada bolup ukydyr, garyn Ýatdan çykyp gidýär söýgüli ýaryn Kelläñe getirýäñ naharlañ baryn Ine şeýdip geçip durar talyplyk Säher bilen hiç turasyñ gelenok Şondada turmaly nätjek alaç ýok Instituta gitýän wagtam geçenok Ine şeýdip geçip durar talyplyk Içiñ gürläp, berip başlar dürli ses Aşgazan ugradar göni sms Aşgazanjan gaýrat et, şu wagt krizis Ine şeýdip geçip durar talyplyk Goñşulañdan sorap kartoşka, sogan Bar bolsa gaýrat et beräýdä dogan Wah eger tapaýsañ bizede aýlan Ine şeýdip geçip durar talyplyk Kyn bolsada geçer günler gyzykly Göze uky gelmez gije uzakdy Durmuş sapak berýär bize gyzykly Ine şeýdip geçip durar talyplyk

Köneler, Burkaz tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir