Salam talyplar com-uň agzalary men bu günem siz bilen ýene bir ýazgymy paýlaşmagy makul bildim. ( bir haýyşt üçin ýazypdym) Kakamjan senem bolsadyň... Bu günem adatydakylar ýaly günleriň biri ýalydy. Emma seniň bizden giden güniň bolup galjagyny bilen bolsadym wah, onda seniň birje iň wajyp arzuwyňy hasyl etmäge belki kömegim degerdi... Ol gün meniň hakydamdan hiç haçan çykmasa gerek, kakamyň biziň gözümiň öňünde jan bermegi maşgalamyza has agyr degdi. Bilýäňmi kakamjan sen agamyň toýuna şeýle bir höwes edipdiň, emma bu seniň nesibäňde ýokdurda, şol aýylganç dert saňa berilmedik bolsady, onda belki sen ol toýa däl, eýsemde meniňem toýumy görerdiň, agtyjyklaryňa hem guwanardyň. Biziň bilen ýenede süýji günlerde ýaşardyň. Kaka, ýenede bir zat men bu ýyl okuwada girdim, talyp ady alan günim begenjimi seniň bilen şeýle bir paýlaşasym geldi, şeýle bir hatda seniň belgiňede jaň etdim, telefony ejem alanda seniň ýoklugyň ýadyma düşip, tisginip gitdim. Kakamjan men seni ýatlap seniň ýoklugyňa ejizlejek bolammok,emma ejeme hem kaka bolmak, hem eje bolmak kyn düşýär ahyr ... Bu gün galdy seniň ogul-gyzlaryň, Bu günki gün gereklidiň sen oňa , Näme üçin taşlap gitdiň olary, Kim kaka bor seniň ogul-gyzyňa? Ýakynda agam Wepanyň toýuny toýlaýas, egerde bu toýda sen bolan bolsadyň onda toý açmak üçin ejem bilen birlikde senem gelerdiň. Men bu toýda ejemiň ýenede aglamagyny islämmok. Kakamjan belki , bu ajy aýralyk seniňem eliňde däldir, emma giden gaýdyp gelýän bolsady, onda seniň agamyň toýuna geljegiňe ynanardym... Taňrym bilseň sen bu gün aglaýan sesim, Ir tutmaly boldum, kakamyň ýasyn, Ýa-da eştmediňmi ejemiň sesin, Elden alyp kakamjanyň höwesin. Bilýäňmi kaka? Gyz maşgala kaka garanyňda ejeçil bolýar, oglanlaram kakaçyl. Käwagtlar ejeme aýdyp bilmeýän zatlarymy saňa aýdardym, a emma indi bolsa, derdimi diňe ejem bilen paýlaşaýmsam bolanok. Emma ejeme men nädip, nädip bu derdimi kakama aýdasym gelýär diýip bileýin kaka, sen meniň ýekeje derdimi, arzuwymy eştmek üçinem gelmersiňizmi?... Wah meniň aýdyp duran zadym nämä kaka men unudaýypdyryna seniň indi hiç wagt dolanmajagyňy.... Kakamjan il içinde Atada taňry hukugy bar diýýäler. Siz bu söze iň mynsayp ynsansyňyz!

Köneler, akylym1989 tarapyndan 12 years ago
    Phenomen 12 years ago
  • wii adyda gorow sorry
    Bagyr 12 years ago
  • Gowy yazlypdyr tuweleme
    vipboy 12 years ago
  • gynanchly zad ekeni
    vipboy 12 years ago
  • bah akyl teman chyzym chyzym bolupdyra :D
    Abadan 12 years ago
  • Tema aýtmana sözum ýok..
    Ýöne kimiñ haýy$t edenini bilip bolmazmyka aklym1989
    akylym1989 12 years ago
  • abadan siz haýyşt edeni tanaňzoga ol talyplara gelenoga. size hem köp sag boluň
    Aristokrat 12 years ago
  • Gowy ýazgy ýazypsyñ! Yzy ýarasyn!
    Maksim91 12 years ago
  • Meñem kakamjany göresim gelya :'( (nesip bolsa görerin) ýazgy ün minnetdar.
    Abadan 12 years ago
  • Bagy$lañ aklym1989 kimdigni tanasym soraýdym!
    Abadan 12 years ago
  • *tanasym gelip bolmaly
    byagulechka 12 years ago
  • Gaty govy yazylypdyr,dunyade in chydamly jandar adam ,yakynlarymyz bu dunyaden otselerem durmush dovam edyar,yzyndakylaryna Allajan komek bersin,imany hemra bolsun...
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© talyplar.com 2007-den bäri diri