“Kakam dekanyň öýüne baranda gapyny aýagy bilen açypdyr. Sebäbi iki elem zatdan doly eken.” Studentiň gürrüňinden. Eli zynjyrlanan bolsa adamyň, Hemem ýatýan bolsa zynjyr ýassanyp, Göni baryp, zynjyryna ýapyşma, Ol ony jany dek gorar gyssanyp. Aýagy zynjyrly bolsa adamyň, Ýöräp menzil aşyp bilmese asla; Baryp, zynjyryny gyrmakçy bolsaň, Topular üstüňe hopugyp, haşlap. Aňy zynjyrlanan bolsa adamyň, Ýa-da ýüz ýyl ýesir bolsa ýalana, Geň görme sen onuň golun gowşuryp, Tabyn bolşun şol zynjyry salana. Belki, muňa düşünjek az entejik, Ýene az bor ele kän baksa dekan; Adam bar zadyny goragyç bolar, Emma boljak zadyn goramaz ol kän...
Galp diplom, satlyk emeldarlar we zynjyr meselesi
-
Tanamadykbamy
12 years ago
- TmTalyplar dekanlarñyza okadyñda shuny
-
Gaygysyz05
12 years ago
- Kim gunakar aynamy ya pishijek ?
kim gunakar bilim ministerimi ya dekanjyk ?
kim gunakar ona pul beren kakamy ya talypjyk ?
kim gunakar dowurmi ya
milletjik ?
-
magnit
12 years ago
- "halkyna görä serdary bar" diyilipdir, genem gormeli dal
-
Gurbangul
12 years ago
- ozuniz hodurleyaniza puly, pul alyp goyup berjek diyse begenip beryaniza, talyplar.comda da dowen bolyanyzmy, basharsanyz bermanem, dowmanem, osobenno dashary yurt talyplaryna degishli, tm len yagdayyna bilemok! dashary yurtda okasan, gatnasan goyyarlar!
-
idealman92
12 years ago
- gurbangul,bizem begenip beremzok.yone kabirleri sessia bashladygy,eline uly gapjyk alyarlar.yorite kosap almak uchin
-
Mergen0492
12 years ago
- ,
-
idealman92
12 years ago
- gurbangul,bizem begenip beremzok.yone kabirleri sessia bashladygy,eline uly gapjyk alyarlar.yorite kosap almak uchin
-
turkmenntug
12 years ago
- gowy go$gy!sag bol dost.kimiñ galamyna degi$likä bu eser?
-
Kuraldyshy
12 years ago
- manyly goşgy ekenjik,, apollon senkimi?
-
ALADIN
12 years ago
- meñ gaharym gelýär näme ücin awtoryny görkezmejek bolsañ bu goshgyny "copy past" edýäñ? Illiñ hakyny iýmäñ..awtory: Ýowshan Annagurban
idealman92 12 years ago
shu yerini onardyn)))