mary welaýatyndaky serhetabada (öňki ady guşgy) çenli uzaýan 300 km. gowrak awtoýoluň häzirki ýagdaýy erbet bolmagynda galýar. ýoluň üsti çukurdan doly, käbir ýeriniň çukurlarynyň çuňlugy ýarym metrdenem geçýär. bu ýagdaý ulaglara howp döredýär. ýoluň bozulmagynyň sebäbi, ýolötendäki osman gaz ýataklary açylandan soň, bu ýoldan serhetabat etrabynyň galaýmor obasynyň karýerine “howo” kysymly agyr awtoulaglaryň gatnamagy bilen baglanyşykly. “howo” awtoulagynyň öz agramyndan daşary, oňa 40 tonnadan geçirip ýük ýükleýärler. bu ýol bolsa beýle agramlary götermage çydamly däl. ýoluň ýaramazlygy awtoulaglaryň heläkçiligine we ölüm-ýitimlere sebäp bolýar. ýoluň ep-esli bölegi bolsa çölüň içinden geçýär. çölüň içinde heläkçilik ýüze çyksa, tiz lukmançylyk kömegi hem wagty bilen ýetişmeýär. taksyçylaryň aýtmagyna görä, ýolagçylar şeýle ýagdaýlara köp duş gelýarler. ondan daşary awtoualglara hem zeper ýetýär. sürüji bir çukura düşmejek bolup, beýleki çukura düşýar. ýoluň gowy ýerlerinde bolsa ýgg-niň işgärleri radar tutup gizlenip durlar. sürüjiler gazananjasynyň baryny diýen ýaly ulaga sarp etmeli bolýarlar. başga iş bolmansoň şeýdip, çaga eklemeli bolýarlar. ýolagçylar hem şeýle ýollardan gaty ýadapdyrlar. zerurçylyk bolanda oňa-muňa taksi bilen gidäýmeseler ýa otla münäýmeseler, başga çäre ýok. ýöne otlada ýol petegi tapdyryp duranok. strategiki ähmiýete eýe bolan bu ýol ilkinji gezek rus basyp alyjylary tarapyndan, general mihail annennikowyň baştutanlygyndaky işçi toparyň kömegi bilen geçen asyryň başlarynda doly gurlup, ulanyşa girizilipdir. bu ýoluň asyl maksady basyp alnan ýerleri russýa bilen baglanyşdyrmak we harby güýçleriň üpjinçiligini berjaý etmek bolupdyr. şeýle hem bu ýol öz ähmiýetini geçen asyryň aýagynda, sssr bilen owganystanyň arasyndaky gatnaşyklar güýçlenende görkezdi. häzirki döwürde bolsa, bu ýol parahatçylyk maksady bilen ulanylýar. bu ýol mary welaýatynyň üç uly etraplary bilen ýurdumyzyň beýleki welaýatlaryny baglanyşdyrýar. ýaşulularyň aýtmagyna görä, agyr maşynlar ýöränsoň hem-de köpden bäri ugruna seredilmänsoň, ýol şeýle ýaramaz ýagdaýa düşüpdir. bu ýol düýpli bejeriş işlerine, iň bolmanda aram-aram ýamama işlerine mätäç. ýakynda geçirilen ministrler kabinetiniň giňişleýin mejlisleriniň birinde prezident gurbanguly berdimuhamedow mary welaýatynyň häkimi k.gurbanowa ulag ýollarynyň gurluşygynyň depginini güýçlendirmek boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrypdy. emma häzirki güne çenli alnyp barylýan iş göze ilenok. şeýdip, gowy ýol arzuwy mary welaýatynyň ýolagçylarynyň gursagynda garraýar.
Mary-Serhetabat görgi yoly...
-
vento
13 years ago
- Ha ha ha menem ýangynlaý dost šo ýoldan. Tasdanam bir gezek o dúnýa yollapdy o meni. Hálám hudaý sakladaý diýsem,taksist aýdýa -ýok men sakladyma. He he he. Dos o ýol duzeler,hačan diýýamiň gún gúnbatardan dogulanda. Ýagšy dilegde bolaly hany belki hudaý....
-
ependi
13 years ago
"howo geldi oba, ýollar geldi toba"
ýalňyş
magnit | 2011-12-27 13:56:56
howo geldi oba, kamaz geldi toba
-
turkmentalyp
13 years ago
- yol yaramaz, onarmaly diyyan yokmuka? her kim mana azar bermeseler bolyar diyip yor oydyan.
-
turkmentalyp
13 years ago
- yygnakda diyilyar diylen zadam edilenok. ya diyyanda yada etje bolyanda bir nasazlyk bar. ustune duranoklar ellerini chermap.
-
ependi
13 years ago
- ýollar gowylanýa ýene zaýalanýa
-
turkmentalyp
13 years ago
- tabshyrylan zatlary edilishine gozegchilik edyan garashsyz gural bolmaly. hykky pykka uns berman baha beryan. shonda ish gider. yogsam menden sana baryancha boldugy bolyar.
-
turkmentalyp
13 years ago
- yollar gowlanyar yene zayalanyar nadip dushmeli. senden mana baryancha bolyarda onda. hil yok.
-
ependi
13 years ago
- howwa soňuny gutarýançalar başy zaýalanýada
-
turkmentalyp
13 years ago
- pofigist yaly ish alyp barmak. eden ishin bir hiline seredilera. chaltrak gutarjak bolup, bayramchylyga gabatlajak bolup hil-pil yatdan chykyar. sonam achyarlar yzam name bolsa sho bolsun.
-
turkmentalyp
13 years ago
- hile seredyanem onda bir komisiya bolmaly garashsyz. sebabi gaty wajyp. edilen ishin gowrumi ulam bolsa sony 1 kopuk bolyar. hil komisiyada hich gora hil gowulay diymeli dal. anyk pesmi analize gora yazmaly pes. gowy bolsa gowy diymeli we gol pechat goyulmaly. son zayalansa jogap berer yaly.
-
turkmentalyp
13 years ago
- hile, tabshyryklara, we wagta seredyanler bile ishlemeli. 3-sinin ok bermeginde ishemm ok bolyar. in esasam hil, wagt ona gora kan wajyp dal. biraz gich gutaraysyn zato hilli bolsun.
-
magnit
13 years ago
- oñardylara ! - mary shäherden cykyp "gres"a cenli prezidentin yörejek yoluny )))) (10 km)
-
turkmentalyp
13 years ago
- ay dusher yaly dal. hemme kishi dine prezidente gora bolmaly dala. gornup duran nasazlyga teklip bermeli prezidente. belki berlendir belki berlen daldir, bu-da nabelli. gatnashyklarda nasazlyk barlygy belli yone. yogsam duzelerdi.
-
turkmentalyp
13 years ago
- olum-yitim, ogurlyk-jumurlik, jenayat statistikalary duzgun boyuncha prezidente barmaly aylyk ya hepdelik. yaman bolsa shonda-da gorunaymela.
-
Panturkist
13 years ago
- oýlanma: aşgabatdaky bouygues-iň ýa polimeks-iň ulurak 1 obýektiniň bahasyna mary-aşgabat aralygynyň ýoly düşýä... şuňa esaslanyp size sorag: konstitusiya monument yadigarlik binasy, medeni dynç alyş merkezi ya-da bagt köşgi yaly binalar zerurmy ya halkara magistralny yol bolan aşgabat-mary yoly?menden sorasaňa bagt kögi has zerur. ol bolmasa toyumy nirde edeyin, zaksdan nirde geçeyin. i bolmanda bir daşary yurtly gelse: "name üçin halkara mary-aşgabat yolun zaya?" diyip soranok, hany konstitusiya yadigarlik binaňyz diyip şony göresi gelya, şonda name diyerin. barybir myhmanlarymy samalyot bilen akiderin, yoly göresi yok, karoçe gözüm görmese götümi böri iysin.
-
makgush
13 years ago
- Aý türkmenistanda hemme zat problema, ýolam, swýazam! Sanasan sanabermeli, ýene nätjekdä oňuşubermeli.
-
Aristokrat
13 years ago
- Buda geçer
-
Kuraldyshy
13 years ago
- marinin obada yaşayan kone hakimi we 'döwletli baylary' hakinda şüni eşdipdum,,,: 'köçesine çagil dökdüröndön 6 ayda maşin tazelanini göwü göryar' diyup. ay na,, şykayatji bolmagam gowi dal wöli,, hak bar, hukuk bar (barmiş!!!), sen talap etmesen sen yerine .... yok-da. marylylar maryly kandidatlara ses berseler belkü.... kym bilor, huday işidir,, düzederler saylansalar.
ay umuman,, gowulyk bolsun-da dilegim
-
kabmin
13 years ago
- panturkist gowy yansa alypsyn! +
Kuraldyshy sen "kondidatlar" diyanin "syýasatdaky artistler" bolaymasa
-
vyshybal
13 years ago
- Marlylar-marlylara berse belkem marly bolmagy mumkin, sebabi marlylar ilaty köp belki 50% köp ses berilmegi mumkin
-
vyshybal
13 years ago
- Marlylar-marlylara ses berse belkem marly bolmagy mumkin, sebabi marlylar ilaty köp belki 50% köp ses berilmegi mumkin
-
kabmin
13 years ago
- onjuk bolsa hezil bolar hasam :D
-
ALADIN
13 years ago
- nesip bolsa ýollar gowlanar,transport ugurlaryna has ünüs bererler esasy pul transportda bar...
magnit 13 years ago- "howo geldi oba, ýollar geldi toba"