Salam hormatly agzalar, dostlar, doganlar! Soňky döwürlerde klimatyň ýa-da klimatdaky käbir şertleriň üýtgemegi we başga-da dürli sebäplere görä adamlaryň arasynda gury burun dykylmasy keseli ýüze çykyp başlady. Bu kesel geçen asyra garanymyzda häzirki döwürde has ýaýbaňlanmaga başlady. Burundaky suwuklyk ýitýär we burun boşlugy guraýar. Adamda dem alyş ýollarynyň turbalary gysylyp, öýkene, ýürege howa ýetmezçiligi bolýar. Beýle bolan ýagdaýynda hökman bu ugurdaky lukmana ýüz tutmaly. Bu kesel özümiz üçin howply däl ýaly bolsa-da, munuň adam ömrüne uly howpy bar. Medisina alymlary bu ugurda birnäçe ylmy işleri alyp barýarlar. Bu gury burun dykylma keseline garşy birgiden dermanlar hem ýasadylar. Mysal üçin soňky görnüşde "Золотая звезда" Dermanyny görkezsek bolar.
Gury burun dykylmasy.
-
Friendship
13 years ago
- Sagja bol, agam, paýlashanyña! Gaty gowy, peýdaly mowzuk eken!
-
Adgjmptw
13 years ago
- Sapa, size-de sagbol!
-
kurbi
13 years ago
- Bu reklamamy yada hayyr sogapmy :)
-
Friendship
13 years ago
- peýdaly reklama!:-)
-
Miskin
13 years ago
- Günde 5 wagtyna täret alyp diňe burnyny däl , beýleki agzalaryny hem kämil ýuwup namazyny okap, päkize gezip ýören adamlarda munyň ýaly problemalar bolmasa gerek.
-
Miskin
13 years ago
- Günde 5 wagtyna täret alyp diňe burnyny däl , beýleki agzalaryny hem kämil ýuwup namazyny okap, päkize gezip ýören adamlarda munyň ýaly problemalar bolmasa gerek.
-
makgush
13 years ago
- mmbä... Erbet däl, gowy tema!
-
ependi
13 years ago
- ay basha geleni sowsun
-
Adgjmptw
13 years ago
günde 5 wagtyna täret
onuň üçin tapawudy ýok miskin, suw bilen burun ýuwulanda hem döräp bilýär. Suwuň düzüminde, esasan-da ýap arkaly ulanylýan suwlarda her dürli zyýanly bakteriýalar ýaşap bilýär. Muňa mysal edip sekizýabyň, altyýabyň suwlaryny alyp biljek. Synag üçin suwy bir arassa gaba alyp, ony suwuň öz temperaturasynda pesinden 2 hepde saklasaňyz hemme zat aýan bolýar. Ol kesel diňe suwdan däl sowukdan, gyzgyndan, pasyl çalşygyndan, hapalanan howadan we ýene birtopar zatlardan bolup bilýär.
alyp diňe burnyny däl ,
beýleki agzalaryny hem
kämil ýuwup namazyny
okap, päkize gezip ýören
adamlarda munyň ýaly
problemalar bolmasa
gerek.
miskin | 2011-12-09
02:16:03
-
kurbi
13 years ago
- Täret hakynda menem bir zat eşitdim. özem ylymy barlag esasynda orslarda bir aparat bar şonuň bilen burnuňy her gün 3-4 gezek ýa-da 5. gezek ýuwsaň burunuň içinde döräp biläýjek mikroplara garşy göreşýämiş/ GEPIŇ TüMMEK ÝERI şOL APARAT BILEN PROSTOÝ SUW GUÝUP GüNDE 5 GEZEK BURNUŇY ÝUWMALY////////////////////
SIZE BU BAşGA BIR ZADY ÝATLADÝAMYYY - GüNDE 5 GEZEK TÄRET AL WESSALAM )
-
Angeldi
13 years ago
- Shol kesel mendede bar.Ynanmarsyñyz tebigatyñ özi derman,obychny shugundyryñ suwuny 1,2 ml edip burnuña damdyryañ, biraz yatyañ we bokurdagyñdaky bar zady chykaryar.3,4 sagat piyan bolarsyñyz bu gorkuly däl.1,2 gün gowy dem alyp bilmersiñiz,yöne hich hili derman ulanmaly däl.Yilda 2 gezek damdyrsañ yeterlik yazda,güyzde.Seryozna barlap görüñ,maña sag bolsun aydarsyñyz.99,9% garantiya
-
Adgjmptw
13 years ago
- Angeldi, sagbol bu maslahatyň üçin. Seniň diýýän şugundyryň gyzyl görnüşi bolsa gerek. Ýöne soganyň suwuny men barlap gördüm, bolmaýan eken bu keselde. Soganyň suwy diňe dümewlemedäki burun dykylmasyny aýyrýan bolaýmasa.
-
Abadan
13 years ago
- Ayratyn dine burnum dykylmagyna bilemok welin,su dumew grip diylen zatdana acylman gecdim mena myñyl-myñyl edip..
-
Abadan
13 years ago
- Ayratyn dine burnum dykylmagyna bilemok welin,su dumew grip diylen zatdana acylman gecdim mena myñyl-myñyl edip..
-
turkmenntug
13 years ago
- sag bol dost,mowzuga
-
ADALATLY
13 years ago
seýran temaň ün sag bol.
menem ksemilin dp derman ulanýadym.men
ol dermany 1 ýyldan gowyrak ulandym.soň
görüp otursam ol dermany köp ulanmak
zyýanly eken.eger köp
ulansaň šoňa bagly bolup
galýan ekeniň.šugunduryň suwuny barlap göräýmeli
boljak.
-
Adgjmptw
13 years ago
- Meniň temama myhman bolanyňyz üçin sagboluň Turkmentug we beýleki agzalar! Howwa, Serdar, bu dermanlary köp wagtlap ulanmak zyýanly eken, bary ksimetalozin-da bularyň. Başga-da görnüşleri kän bolmaly, "nazivin", "naftizin", "nazoleý", "Для нось" we ş.m-ler ýaly. Umuman özüm-ä 3 ýyl töweregi wagt bäri ulanýaryn bu dermanlary. Ýöne indi angeldiň aýdyşy ýaly şugundyryň suwuny hem barlap göräýmeli öýtýän.........
Adgjmptw 13 years ago- Bu derman adama ilkinji kömek hökmünde ýardam edip biler. Dermanyň ulanylşy barada onuň ýankitapçasynda ýazylgydyr. Eger bizde wagtlaýynça dürli sebäplere görä lukmana ýüz tutup bilmek şertimiz ýok mahalynda bu dermany arkaýyn ulanyp bileris, bu bize kömek eder.