alladan diledim bir päkize ýar seni tapdym, indi söýmek arzuwym köp garaşdym saňa eý ýüreksiz ýar indi gadryň bilmekdir meň arzuwym nesibämiz bolsa bir gün öýlensek bir birimize mynasyp taý bolsak pelekden ýyllarmyz yzyna alsak seniň bilen bagt tapmakdyr arzuwym hudaýdan dilegim bir nurly zürýat ýokdur belki mundan gowy zat şondan soň bolaryn hakyky azat çagalarňa ata bolmak arzuwym saglygyny berse, bolsak orta ýaş gezip ýörsek sandyr, däldir gaty daş kyn ýüzuni görkezip dursa durmuş seniň bilen ony ýeňmek arzuwym durmuş adylam däl berer köp külpet allajan daş etsin bermesin apat ýaş ilerläp, bolman bir-birege ýat seniň bilen çalarmakdyr arzuwym arzuwym gülnarym sende bagt tapmak ajyny süýjini seň bilen datmak arzuwym durmuşy bile paýlaşmak serdar aýdar, bile ölmek arzuwym Awtory: Garryserdar

Köneler, Merw92 tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir