kerim gurbannepesow hakynda ýatlamalar Maglumat Www.azathabar.com dan alyndy! Kerim Gurbannepesow 1929-njy ýylda Gökdepe raýonynyň birinji Gökdepe obasynda dogulýar. Onuň irki goşgulary 1945-46-njy ýyllarda metbugatda çap edilýär. Ilkinji goşgular ýygyndysy 1952-nji ýylda çykýar. Şondan bäş ýyl geçensoň ýazan “Taýmaz baba” poemasy Kerim Gurbannepesowa uly şöhrat getirýär. Şahyryň çagalara niýetlenen “Maşgala hem mekdep” (1954), “Ýalta hem bagt” (1955) poemalary , “Ýaşajyk dostlaryma” (1956) atly goşgular ýygyndysy neşir edilýär. Iki ýyldan soň “Goşgular we poemalar” atly ýygyndysy çapdan çykýar. Türkmenistanyň Halk ýazyjysy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň eýesi, türkmeniň hakdan içen diýilýän şahyrlarynyň biri Kerim Gurbannepesow 1989-njy ýylyň 1-nji sentbýarynda aradan çykdy. Kerim aganyň mazaryna goýlan daşyň ýüzüne ýazylan öz setirleri: Biri-biriňizden ýagşy bolsaňyz - gabrymda-da özge rahat küýsemen. Haýra hossar, şere garşy bolsaňyz, Zyýarat şol, görde köýmet küýsemen. Kerim şahyryň il içinde meşhur däl goşgusy ýok diýerlik. “Ýaşlyk dramasy” atly goşgusy onuň ýetginjek ýyllary tutaşan, başa barmadyk päk söýgüsi barasynda. Ol goşgyny bilmeýän ýa okamadyk, diňlemedik ýok bolsa gerek. Şahyryň juwanlykda ýürek beren gyzy, onuň soňky ykbaly barasynda taryh ylymlarynyň doktory, professor, häzir merhum Ata Rejep öz wagtynda Azatlyk Radiosyna şeýle gürrüň beripdi: —Kerim Gurbannepesowy men 1955-nji ýyllardan bäri tanaýaryn. Men şonda Marksizm-Leninizm institutynda Kakabaý Baýrammyradow bilen bile işleýärdim. Kakabaý bolsa Kerim bilen dost eken. Ýygy-ýygydan duşuşýardyk. Kerimiň şol duşuşyklaryň birinde beren gürrüňi aýtmakçy bolýaryn. Uruş ýyllarynyň ahyrlarynda , açlyk wagtynda Kerimleriň maşgalasy Tejene, “Tejenstroý” diýen ýere göçüp barýar. Kerim şol wagtlar 16-17 ýaşlarynda. Ol bir owadan gyzy görüp, oňa aşyk bolýar. Ol gyzam Kerimi gowy görüpdir. Ol şol söýgüsi barasynda soň: “Gaňňalyň oýunda, Tejende galdy, Meniň ýigit wagtym, seniň gyz wagtyň” - diýip başlanýan “Ýaşlyk dramasy” atly meşhur goşgusyny ýazdy. Soň Kerim dagy yzyna, Ahala göçüp gelýär. Kerim şol gyzy ýatdan çykaryp bilmeýär, biziň obamyzdan - Kirow raýonynyň Budýonnyý adyndaky kolhozdan bir oglan şol gyza öýlenýär. Bu habary eşidip, Kerim gaty gynandy, ruhy erbet ejir çekdi. Duşuşanymyzda içine sygdyryp bilmän, gürrüň berýärdi. Oba gidenimde maňa “ Şol gyza salam aýt menden” diýip, sargyt ederdi. Bir gezegem: “Oba gideňde, menem alyp gitsene özüň bilen, Ata!” diýip, haýyş etdi. Bir gezek obamyza Kerim bilen bile gitdik. Öýde çaý-çörek iýip: “Şol gyzy bir göreýin-le” diýdi. Indi ol gelin. Kişi maşagalasy. Onsoň biz tirkeşip, şol gelniň öýüne salam berip bardyk. Öýde gelniň adamsy, gaýyn atasy, gaýyn enesi, gelniň özi, başga-da birki sany adam oturan eken. Öýüň eýesi bizi hormat bilen kabul etdi. Bizi goýbermän, çaý-çörek hödür etdiler, şeýdip, biz oturdyk. Otyrkak Kerim şol ýaşmakly oturan gelne gözüniň gytagy bilen seredýärdi, duýdurman. O gelnem gözüniň gytagy bilen bildirmän, Kerime seredýärdi. Ýöne öýde oturanlaryň bu ýagdaýy duýanyny, duýmanyny bilmedim. Onsoň turup gidiberjek bolanymyzda, öýüň eesi: “Siz iş bilen geldiňizmi?” diýip sorady. Men aljyradym. “Biriniň öýüne barýadyk weli, ýol ugruna siz bilenem salamlaşaýaly diýip sowlaýdyk, başga bir işimiz ýok, şoň üçinem giräýdik, sag oturyň” diýibem, çykyp gaýtdyk. Soň-soňlaram, her sapar oba gidemde, Kerim salam ibererdi. Şol gelin bir tahýa tikipdir hem olardan Kerime gowşurmagy haýyş edip, menin inilerime gowşurypdyr. Onsoň bir gezek inilerim öýe gelende, şol tahýany özleri bilen alyp geldi. Kerime gowşurmagy şol gelniň haýyş edendigini aýtdylar. Menem tahýany Kerime gowşurdym. Soňra Kerim şol tahýany mydama, kellesine geýmese-de, ýüreginiň üstünde göterer ýörerdi. Ol şol gyzy şeýle gowy görüpdir, emma näme, kysmat däldir-dä, ony alyp bilmedi.
Kerim agany ýatlap
-
magnit
13 years ago
- Kerim Gurbannepesow beýleki köp şahyrlardan tapawutlylykda öz goşgularyny öz sesi bilen, özüne mahsus labyzda okap, soňky nesle ýadygärlik goýup gitdi. Kerim aganyň “Ömrüme pent” atly goşgusy onuň özi üçinem, giň okyjylar köpçüligi üçinem programmalaýyn eserdir!
-
Merw92
13 years ago
“döwür beýle däldir”
(kerim gurbannepesow)
“dünýe döräp, heniz şeýle ajaýyp döwür bolan däldir. emma käbir naýynsaplar özleriniň ähli aýyplaryny döwrüň üstüne atýalar” (ýaşulylar sowetynyň maslahatynda bir gojanyň aýdanlaryndan)
- a-gyz, näme, hanmydyň sen! geýinýärsiň beýle gymmat?!
her ýaglygyn – iki goýun. her ýüzügiň – bir bedew at.
her köýnegiň bahasyna alyp boljak iki sygyr
- iller geýýär, menem geýjek.
döwür şeýle, döwür.
- gelin, näme dänjirýärsiň? çüýredimi öňki dişiň?
altyn snei ýigdeltmändir: kyrk bolupdyr otuz ýaşyň.
hem pul seçdiň, hem garradyň, hem dişiňe berdiň jebir..
- iller şeýdýär, bizem şeýtdik,
döwür şeýle, döwür.
- a-how ýigit, bu nä boluş! ýeňsäň saçy iki gujak!
bu gün-erte ogluň bolsa, sallançak hem ýasap boljak.
hany derrew il görmänkä sertaraşa tarap ýüwür!
- iller şeýdýär, menem şeýtdim.
döwür şeýle, döwür.
- men-ä seni tanamadym! gözleriň-ä örän tanyş.
wiý, wiý, berdiň gyzymy sen! saçyň näme ýarty garyş?
dört örümiň şemal degse seslenerdi şowur-şowur…
- iller kesdi, menem kesdim.
döwür şeýle, döwür.
goňşym diýdi: “toýdan bäri iş edenok oglum anna!”
ogluň anna iş edermi! öýüň goşy – dokuw tonna.
ojakda-da öweç eti bylkyldap dur bygyr-bygyr…
- wah, şeýdýäs-dä.. biz guraly!
döwür şeýle, döwür.
- dur, dur gardaş! konwertiňi atma poçta ýaşigine!
işligini görmesem-de, seredeýin daşlygyna.
muň yzynda goluň ýokla! näme barka, için çöwür?!
- çöwürmäge gaýrat ýokdyr.
döwür şeýle, döwür.
- şägirt inim, eserleriň setir sany çyldy çenden
kitaplaryň galňadykça, ýukalýarsyň günbe-günden!
setirleriň arasynda ne ýürek bar, ne-de bagyr…
- şu günki öýken….. besdir maňa
döwür şeýle, döwür.
omzy bilen bir gojany kakyp geçdi daýaw oglan.
- ýeri köçä sygaňokmy, garynjygy doýan oglan?!
degmedige ýylanlaram degmezmişin ömür-ömür
- o diýýäniň ertekidir
döwür şeýle, döwür.
aýna bakyp bezenip dur çynar boýly ogulsenem.
- hanha seret! hamyry-da ýugrup otyr syrkaw eneň.
hany derrew eliň ýuw-da, iýjek nanyň özüň ýugur!
- ejemjandan aýlanaýyn!
döwür şeýle, döwür.
iki mellek ortasynda gygyrşyp dur iki goňşy.
ýeke garyş ýer üstünde turýar “watançylyk” urşy
- agam, sen bir parhlyrak bol, nämä gerek munça wagyr?
- parhly bolsaň nyrhyň bolmaz
döwür şeýle, döwür.
- on otagly köşk gurupsyň. keşik aga, berekella!
ýöne bu on… köpräk dälmi dört-bäş sany gara kellä?
görýän weli, bir aýlyk däl: kisejigiň örän agyr.
- aýlyk bilen iş bitenok.
döwür şeýle, döwür.
- “moskwiçli, žigulili” köp duşupdyň uly ýolda.
bu gün bolsa garažyňda lowurdap dur mele “wolga”.
bir başyňa nämä gerek munça rul, munça tigir?
- satýas, alýas… alýas, satýas…
döwür şeýle, döwür.
- köşek nirä howlugýarsyň? ajalamy? jenaýata?
kabinaňda – mele gelin. özüň bolsa - juwan ata
bäş-on minut giç barsaň-da, toý eýesi eder sabyr..
- döwre görä surmek gerek.
döwür şeýle, döwür.
- aý, goňşy jan jan, aýaklaryň kesildile işigmizden.
ozallar-a tä ýatýançak düşmezdiňem düşegmizden.
ýatlaşardyk geçenleri. okaşardyk goşgy-şygyr.
- şygyr-pygyr ýatdan çykdy.
döwür şeýle, döwür.
- magazinyň takrap ýatyr. planyň hem uklap ýatyr.
gerek zady, geçgel zady haçan aljak, mämmet müdir?
bu gün – bu gün, ertir-ertir... gutardy-la takat –sabyr.
- zat bermeseň – zat berlenok.
döwür şeýle, döwür.
- a-how, dogan, düýn dämidi öz dostuňa wepaň hakda
güp-güp edip, gant deregne ant içýärdiň tokga-tokga.
indem dosta şyltyk atyp, dübläp ýörsüň gübür-gübür
- işim bitdi. antyü ýitdi.
döwür şeýle, döwür.
öňümden bir ýigit çykdy ýetmiş ýaşly garry ýaly.
düýnem daýaw bir ýigitdi dagda biten garga ýaly.
bu gün bolsa garynja dek zordan ýörýär gybyr-gybyr..
- şahyr, ýör bir … üçleşeli
döwür şeýle, döwür.
soradym men döwre bakyp: “dogurdanam, şeýlemiň sen?
hany antyň? hany haýaň? serhoşmyň sen? telbemiň sen”
döwür maňa jogap berdi: “men hemişe size bagly.
ulaldýan hem adam ogly, kiçeldýän hem adam ogly.
biri çekýär ýagta tarap, biri çekýär gijä tarap-
uly çekýär ula tarap, kiçi çekýär kiçä tarap.
ýagşylyga arka durdym, ýamanlary gaýgyrmadym.
dogurlyga çagyrdm men, egrilige çagyrmadym.
ýalan gepi diý diýmedim. döwlet pulun iý diýmedim.
iki sygryň bahasyna köýnek edip geý diýmedim.
münmek üçin maşyn berdim, ýüz elliden bas diýmedim.
daranmaga darak berdim, dört örümiň kes diýmedim.
dynç almaga wagt berdim, okamaga – bagt berdim.
jübiňizden hak almadym, öz kisämden mugt berdim.
bugdaýňyzy orup berdim, pagtaňyzy ýygyp berdim.
her gün içjek süýdüňizem güjürdedip sagyp berdim.
söýüşseňiz – ýigit berdim, söýülseňiz – gözel berdim
lak atmaga söz tapmasaň – goşgy berdim, gazal berdim.
dertleseňiz derman berdim, işleseňiz – zähmet berdim.
ýaşamaga al baýdakly, adalatly döwlet berdim.
bezedim men egniňizi, doýurdym men garnyňyzy.
ýöne weli käbiriňiz ýelä tutup burnuňyzy,
bar garany maňa sürtüp,
etseňiz-de uly gowur,
dünýe döräp bolan däldir.
meniň ýaly uly döwür…
siz etmeli ömri ömür,
siz etmeli döwri döwür!”
-
ahmetjan18
13 years ago
- Günälermiz bagyşlaýar eneler
sebäp eneleriň ak süýtli döşi
köp-köp garalygyň günäsin
ötýär
şeýdibem kemelýär eneleň ýaşy
Ene balasyna buýurdy ýumuş
ol diýdi “özüň et oň ýaly işi”
ýandy Ene. emma ötdi günasin
kemeldi Enaniň ýene bir ýaşy.
“öýe wagtynda gel, giç gelme
balam”
ogly bolsa Enä çenedi daşyn
“wah nätsemkäm” emma
günäsin ötdi
Kemeldi Enaniň ýene bir ýaşy.
Ýigrimi ýaşyny doldurdy ogul
Gapak ýaly boldy tüýlije döşi
“indi ata bolduň adam bol
oglum!”
gysyldy, gysyldy Enäniň dişi.
Ene dişin gysdy otuziki gezek
her gezek gysanda gaçdy bir dişi
Enäniň her gaçan dişine derek
Ýaprak dek saralyp gaçdy bir
ýaşy.
-
ahmetjan18
13 years ago
- Hormatly agzalar.kerim agañ gubury(mazary) nirede ýerle$ýärkä?Jogap berseñiz minnetdar bolardym!
-
magnit
13 years ago
- ashgabatda
-
Merw92
13 years ago
- ýazmasy agyr düşen goşgy
bütin oba garaşyp dur.
ýola bakýar hemmeler.
atasy pyşyrdaýar:
“geler. geler. geler”.
gelnejesi pyşyrdaýar:
“gelermikä? kim biler...”
atasy göwünlik berýär:
“geler-le... hökman geler”.
gök toraňňyň saýasynda
ýüzläp adam dymyp dur.
çekizeli ak haltadan
turşy damja damyp dur.
ýygnanyşdy babadaşlar,
içginler hem daşgynlar.
ne signal bar, ne şowhun-
dymyşyp dur maşynlar.
geldi dürli maşynlar -
gyzyl, sary, ýaşyl, ak.
geldi garaşylmaýanlar.
garaşylýan gelenok.
göýä pikir hem etmän
bu gürrüňler babatda.
ak guş kimin irkilip,
ene ýatyr tabytda.
göterlerne garaşyp dur
köpi gören agaç at.
ene ýatyr üstünde
giň maňlaýly,
agajet.
şol enäniň ogluna
garaşyp dur hemmeler.
geldi tanyş, nätanyş -
geldi şondan öňňeler.
...ol henizem gelenok.
meger, häzir ýoldadyr.
iň söýgüli ulagy
samolýot däl, “wolgadyr”.
ýöne weli uçurýandyr
samolýota deňeçer.
şondan yza-ha galmaz,
oňarsa öňe geçer.
ol henizem gelenok...
meger, häzir ýoldadyr.
ýa-da iki eli hem
ullakan stoldadyr.
tüweleme, uly adam
bolup gitdi indi ol.
ýaňy bolsa has ullakan
bir stula mündi ol.
“sypaýmasyn birden!” diýip,
oturandyr ýapyşyp.
owadanja gelinler
çaý çekýändir çapyşyp.
üýtgeşikdir öňündäki
kişmiş, kemput, şokolad.
ýa gök çaýyň humaryna
ýazýandyr bir doklad.
ýok, ýok, özi doklad ýazmaz,
ýazýandyrlar başgalar.
ýaranjaňlar her sözüne
ellerin çarpyşarlar.
ol bolsa özi ýazýan dek
gülümsirär, ýylgyrar.
ýazanlar onuň deregne
utanjyrar, ýygrylar.
...ýigrimi ýyl mundan ozal
gutarypdy bir wuz-y.
ony oňa gutardan hem
tabytdaky ezizi.
güýzde pagta ýygypdy.
gyşda körek çöpläpdi.
“oglum ullakan okuwda!”
buýsanç bilen gepläpdi.
howdan gurdy, gazy gazdy
laýa batyp dyzyndan.
ýygnanjasyn lükgeläp
ibererdi yzyndan.
ogly üçin ak mütgelden
bir haltajyk tikindi.
üçlügini, manadyny,
şaýysyny, köpügni-
artdyranja puljagazyn
atdy şonuň içine.
şeýde-şeýde kyrk ýaşynda
ak çozupdy saçyna.
ogly okuwyn gutardy.
ene dertläp ýykyldy.
ol şonda sypap otyrdy
bir gözeliň çokulny.
dakýardy enäň pulundan
her barmagna bir ýüzük,
gulagyna teneçir,
bilegine bilezik.
söýüşdi, gujaklaşdy.
paýtagtdan jaý tutundy.
...enesinden utanmady,
ene ondan utandy.
ene käte paýtagta
gezmäge gelen wagty,
gelni diýdi: “ýok etsene
bu porsy garabagty!”
ogly diýdi: “ýakymsyz
ysyň bar-la, jan eje.
bu eýýamda arassa
bolmaly myhman, eje!”
ene diýdi: “wah, jan ogul,
her niçe porsasak-da,
ulalansyň, ýetişensiň
şu porsuja gujakda...”
soňra bolsa uzak gije
ýorganynda aglardy.
daňyň atarna mähetdel,
otla tarap ylgardy.
...şeýde-şeýde günler ötdi,
aýlar ötdi nobatly.
edeni şowuna boldy.
durmuş ony aýnatdy.
her sözünde bir oýun,
her elde bir desmaly-
bir ýyl bäri saklap otyr
has uly bir stoly.
bu gün bolsa enesi
amanadyn tabşyrdy...
gelen telegrammany
stolunda ýygşyrdy.
ony aýalyndan başga
görkezmedi hiç kime.
är-heleý karara geldi:
“barsak bor-la üçüne!”
...bütin obaň gözi ýolda.
garaşyp dur hemmeler.
atasy pyşyrdaýar:
“geler, geler, geler”.
onýança-da
“gelýär!” diýip,
ardyndy bir ýaşuly.
göründi ýaşyl meýdanda
“wolgalaryň” ýaşyly.
“geler diýdim ähbeti!”
bir daýandy atasy.
gara-köýük ýüzüniň
artyp gitdi ýagtysy.
onýança-da ýaşyl “wolga”
aşak indi ýapydan.
geljek adamyň deregne
şofýor çykdy gapydan.
“şu gün gelip biljek däl.
gyssagly bir iş çykdy...”
birden ataň gözlerinden
iki çogdam ýaş çykdy.
ýetmiş ýaşyň içinde
aglamadyk ol goja,
gözýaşyny süpürdi-de,
bir
ýylgyrdy çalaja.
ol ýylgyryş ömürbaky
çykmaz meniň ýadymdan.
beýle aýylganç ýylgyrşy
görmändim men adamda.
...göterdiler enäniň
ak guş ýaly tabydyn.
ýaz şemaly ykjatdy
üstündäki mawudyn.
salladylar çukura
ak saçly bir dünýäni.
içki öýüň gapysyna
eltilende enäni -
iki omzuny diräp
çukuryň erňegine,
hiç giresi gelmedi
öz girmeli öýüne.
iň soňkuja pursatda-da
öz ogluna garaşdy.
...ýazsamam ýazdym weli,
agyr düşdi bu goşgy.
kerim gurbannepes
-
Merw92
13 years ago
söýgi name
“söýgi näme?” diýip soradym taldan.
ol diýdi: “söýgimi gidirip goldan,
örtenip, miwesiz galdym men, guzym.
indi miwäm ýok-da,
boýum bar uzyn”.
“söýgi näme?” diýip soradym hozdan.
hoz diýdi: “ýeňilip bir ajap gyzdan,
gabygym gatady, çürüşdi maňzym.
ondan beýlesinem
özüň bil, oglum!”
“söýgi näme?” diýdim bi gara garga.
ol diýdi: “sataşyp yşk diýen ugra,
garalyp galdym men: bişirdi hazan.
edil pamyk ýaly
ak guşdum ozal”.
“söýgi näme?” diýip ýüzlendim serçä.
ol diýdi: “entedip gijeden gijä,
agrammy mysgala getirdi yşlym.
men ozal dünýäde
iň uly guşdum”.
“söýgi näme?” diýdim zynjyrly dälä.
(pikirini bilmek aýyp zat däl-ä!)
däli jogap berdi elhenç ses bilen:
“men, men, men…
ynha, söýgi men!..”
“söýgi näme?” diýdim bir ajap gyza.
ol iki elini uzatdy yza,
diýdi: “söýgi meniň edebim, haýam.
ýogsa şol ýigidi
guçardym eýýäm!”
“söýgi näme?” diýdim şahyra garap.
şahyr bir ýylgyrdy kellesin yrap.
diýdi: “sorag bar-da, jogap ýok yşka,
jogap bir başgadyr,
söýgi bir başga!”
kerim gurbannepes
-
magnit
13 years ago
- maral sagbol gowy go$gular go$dun!
-
Merw92
13 years ago
- :-)
-
mirasymyz
13 years ago
- Kerim agaň goşgularydyr maglumatlaryny ýerleşdireniňiz üçin sagboluň.
-
Merw92
13 years ago
- enäniň ýaşy
günamizi bagyşlaýar eneler
sebäp eneleriň ak süýytli döşi
köp-köp garalygyň günäsin ötýär
şeýdibem kemelýär eneleň ýaşy
ene balasyna buýurdy ýumuş
ol diýdi “özüň et oň ýaly işi”
ýandy ene. emma ötdi günasin
kemeldi enaniň ýene bir ýaşy.
“öýe wagtynda gel, giç gelme balam”
ogly bolsa enä çenedi daşyn
“wah nätsemkam” emma günäsin ötdi
kemeldi enaniň ýene bir ýaşy.
ýigrimi ýaşyny doldurdy ogul
gapak ýaly boldy tüýlije döşi
“indi ata bolduň adam bol oglum!”
gysyldy, gysyldy enäniň dişi.
ene dişin gysdy otyzki gezek
her gezek gysanda gaçdy bir dişi
enäniň her gaçan dişine derek
ýaprak dek saralyp gaçdy bir ýaşy.
kerim gurbannepes
-
Merw92
13 years ago
- jogap
bir okyjy buhgalteryň goşgyň üsti bilen k.gurbannepesowa beren soraglaryna şahyrymyzyň jogaby.
-ol nämedir şol bolmasa gülki ýok?
şahyr bolsaň jogap tapmak borjuňdyr
ol nämedir görki barda reňki ýok?
şahyr bolsaň jogap tapmak borjuňdyr!
-agzybirlik – şo bolmasa gülki ýok
başarşymça jogap bermek borjumdyr
ol mähirdir, görki barda reňki ýok
aňlaýşymça jogap bermek borjumdyr.
-ol kim bolar ynsanlaryň belendi,
belentligi wah gijiräk bilindi?
ol nämedir bir söz bilen bulandyr?
şahyr bolsaň jogap tapmak burjuňdyr
-ol enedir ynsanlaryň belendi
(belentligi wah gijiräk bilindi)
ol ýürekdir bir söz bilen bulandy
başarşymça jogap bermek borjumdyr
-ol nämedir ömürbaky ölme ýok?
ol nämedir hemmesini bilme ýok?
ol nämedir dili barda kelle ýok?
şahyr bolsaň jogap tapmak borjuňdyr
-ol abraýdyr ömürbaky ölme ýok
ol ylymdyr hemmesini bilme ýok
ol serhoşdyr dili barda kelle ýok
başarşymça jogap bermek borjumdyr.
-ol kim bolar içi doly garaňky
käte daşynada çykkar reňki?
ol kim bolar hem özgäňki hem seňki?
şahyr bolsaň şondan bize habar ber!
-ol göripdir, içi doly garaňky,
käte daşynada çykar reňki
ol gyzyňdyr hem özgäňki hem seňki
oýlanşymça jogap bermek borjumdyr
-ol ne myhman gonup geçer bir gezek
onsoň gelmez çagyrsaň-da müň gezek?
kim ol däli oňa diňe sen gerek?
şahyr bolsaň jogap tapmak borjuňdyr
-ol ömürdir gonup geçer bir gezek
onsoň gelmez çagyrsaň-da müň gezek
ol aşykdyr - oňa diňe sen gerek
aňlaýşymça jogap bermek borjumdyr
-ol näme taňryň hem dilinde sena?
o näme kast etseň ýumurlar dünýä?
o ne iş dünýäde iň elhenç günä
aşyk bolsaň jogap tapmak borjuňdyr!
-ol söýgi taňryň hem dilinde sena
söýýäne kast etseň ýumurlar dünýä
söýgä böwet bolmak iň elhenç günä
öwrenşimçe jogap bermek borjumdyr!
-bir gyzyň yşkynda örtenip oda
söýeniňiz çynmy? ýalanmy ýa-da?
şoňa meňzeş gyz duşdumy ýene?
şahyr bolsaň jogap bermek borjuňdyr!
-murgapda duşupdym gara gözüne
lebapda duşupdym güler ýüzüne
kaspida sataşdym täsin näzine
paýtagtda sataşdym körpe gyzyna
emma bir göwrede tutuş özüni
sataşmanym habar bermek borjumdyr!
-iň soňky haýyşym etseňiz gaýrat
erbet zat köpmikä ýa-da ýagşy zat?
şu sowaly çözmek düşenok aňsat
şahyr bolsaň jogap tapmak borjuňdyr!
-sowal sizden bolsun bizdenem gaýrat
köpdi, köpdür erbet zatdan ýagşy zat
ýogsa dünýä birçak bolardy berbat
ynanşymça jogap bermek borjumdyr
-şahyrym bereýin ýene bir sowal
dünýäde kim köpkä – erkekmi aýal?
şonam aýtsaň başga sowal berjek däl
şahyr bolsaň şoňa-da bir jogap ber!
-bir dana diýipdir: “aýala –aýal
aýalyü gepine gidýänem aýal”
emma men ol sözi gaýtalajak däl
täzeçeräk jogap tapmak borjumdyr
il güne ýaýrapdyr şeýle bir gürrüň
kä ärden aýallar merdiräk bu gün
çotuň kakyp özüň hasaplap görgün
baş buh bolsaň jemin tapmak borjuňdyr
kerim gurbannepes
-
Merw92
13 years ago
- “garaşýan ýigitlere”
“ynha geler..., diýip garaşyp durmak
dünýäde iň süýji, iň elhenç zatdyr
onuň süýjüdigne şaýatdyr ýürek,
elhençdigne bolsa beýnim şaýatdyr.
ýüregim: “dur entek, sabyr et!” diýip,
müň süýji arzuwy beslärdi mydam.
beýnim: “indi gelmez, gaýdyber!” diýip,
arzuwdan döndermek islärdi mydam.
biri – umydygär,
birisi namut,
söweşe girerdi beýnidir ýürek.
hiç haçan namuda golum bermändim,
zyýanam görmändim…..
siziňki gezek.
kerim gurbannepes
-
Merw92
13 years ago
“namys”
“ýagşy günleriň ýolunda müň sany ýaman ýatyr” (gündogar pähimi)
orakmy, aňňalmy,
synnymy, keser,
eýermi, gaňňamy,
howutmy, çelek,
şyhmütür, ätişgir, gyrkylyk, kepgir,
iri göz elekmi, uşakgöz elek –
haýsysy gerek?
çekinmän baryber çaga-da bolsaň,
arasynda ýeter saňa-da gezek.
gopuzmy, sürpekmi, gurşunly kenek,
ýa-da durşy bilen gurşundan kenek-
haýsysy gerek?
öýkeläp gaýtmarsyň gelin hem bolsaň,
bolarsyň ol ýerde arzyly gonak.
şatutdan darakmy, dagdandan darak,
ýa-da garagaçdan? haýsysy gerek?
kepbäň bir burçunda – paltadyr teşe,
beýleki burçunda – köpükdir sandal.
sandalyň öňünde ak sakgal goja.
hemmäniň dilinde: “ussam jan, sag bol!”
gyzlar saçyn darap aýna bakanda,
ýigitler jübtekli çürtende sakgal,
atalar çarşakly harman atanda,
dilinde: “ussam jan,
yslam jan, sag bol!”
garrylar gyrgyçly gyranda garpyz,
awçylar gapanly tutanda şagal,
gyzlar lebe basyp çalanda gopuz,
dilinde: “yslam jan,
ussam jan, sag bol!”
gelinler ýalwaly synnylar bilen
halysyn kesende hemmeden ozal,
açyk gözenekden kepbä seredip,
diýerdi: “ussam jan,
yslam jan, sag bol!”
sag boluň güýjünden sag boljak bolsaň,
şu günlerem ýaşar ýörerdi yslam.
(onda bizem seniň ýanyňa baryp,
gyzlarmyza gopuz buýrardyk, ussam)
arman, seniň ömrüň uzak bolmandyr.
uzakmy, gysgamy – ikisem ýagşy.
sag bolsuz ýaşalan ýedi müň ýyldan
sag bolly ýaşalan
ýeke ýyl ýagşy.
ii.
yslam kyrk ýaşyny edýänçä tamam,
ne ogly bolupdy,
ne-de bir gyzy.
“şeýdip ýitäýermi yslamyň yzy?”
diýip, asmanyna bakardy yslam,
emma onuň ady bolsa-da yslam,
yslamyna rehim etmezdi asman.
bir geçisi bardy yslam ussanyň.
geçisini aýtdy hudaý ýoluna.
üç owlagy bardy yslam ussanyň,
üçüsinem aýtdy hudaý ýoluna –
perzent önmedi.
sekiz towgy bardy yslam ussanyň.
sekizinem aýtdy hudaý ýoluna.
bir öküzi bardy yslam ussanyň.
öküzünem aýtdy hudaý ýoluna –
perzent önmedi.
könesinem berdi hudaý ýoluna,
täzesinem berdi hudaý ýoluna.
dulunda gugaryp gor küýze galdy –
küýzesinem berdi hudaý ýoluna
üç gyzy boldy.
tutuş bir hepdeläp toý tutdy yslam.
dostlary goldady dostunyň toýun:
biri galla berdi, birisi tüwi,
biri düýe soýdy, birisi goýun.
- a-how, gulak salyň, perzendi ýoklar!
aňsat eken perzent tapmagyň ugry.-
diýip, yslam ussa bälçige saldy, -
hudaý halamaýar öküzi, sygry.
çally küýze aýdyň hudaý ýoluna,
çally küýze! – diýip gülýärdi yslam.
walla jan, hudaýyň düýe çalyna
juda hormat goýýan bolmagy ahmal.
gor küýzämi aýdan günümden beýläk
dokuz aý, dokuz gün.. bolanda tamam,
daňdanlar eşdildi üç gezek “jäk-jäk”:
- kaka jan, salam!
- kaka jan, salam!
- kaka jan, salam!
üçüsi üç ýerden: “jäk, jäk, jäk..”
nebis diýen zadyň araçägi ýok,
dördünji “jäk-jäge” garaşdym ýene,
naýynjar ýylgyryp seretdi ene:
“wessalam!
başga ýok!”
ine bizä şeýle üç gyzly bolduk! –
diýip, yslam ussa gülerdi lah-lah,-
her küýzäň üç çaga boljagyn bilsem,
iki küýzämi-de aýtmazmydym, wah!
onda alty gyzly bolardym – diýip,
gözlerini gypyp, bälçirýär yslam.
-a-how, alty çaga okalýar ýaly,
jemaly towşandyr öýdýärmiň, ussam? :d
diýip, her kim bir zat diýerdi oňa.
olam hiç haýsyndan düşmezdi ejiz.
…şondan bäri akja kepbäň içinde
on bäşin doldurdy üç bajy – üç gyz
iii.
amanbike, ogulbike, aýbike –
üçüsi üç ýerden dokaýar gulaç.
gulaçlaň üstünde dört örüm saçlar
her haýsy bir gulaç,
bir ýarym gulaç.
gijeler geçdikçe küjüler artýar,
küjüler artdykça gylyçlar güt-güt.
gylyçlar süýndükçe dartylar dartýar.
dartylar dartdykça
gulaçlar küt-küt.
gulaçlar kesilýär, jerçiler çýşýär,
“men aljak! men aljak!” bir topar dawa.
gulajyň bir küti buhara süýşýär,
bir küti ürgenje,
bir küti hywa.
yslamyň özi-de jerçidi ozal.
hywany, ürgenji söküpdi üç ýyl.
soň diýdi özüne: “eý, yslam sammyk,
gaçgyl, başarmaýan käriňden gaçgyl.
bu zamanda jerçil bolmakçy bolsaň,
ilki bilen tilki bolmaly hökman.
sende bolsa tilkiň ýokundysam ýok,
seni goýun edip ýasapdyr ykbal!”
onsoň ussalygy başlapdy yslam.
ussalygna bolsa, hemmämiz belet.
(çalgymy, çarşakmy, gyrgyçmy, çelek –
haýsysy gerek?)
indi bolsa bulaň bäşisem ussa.
giden ussahana kepbäniň içi:
biri ýumak sarýar, birisi küji.
bir ýerde ýüňdarak, bir ýerde keji.
biri palta ýasýar, birisi orak.
ýeňil senagatmy,
agyr senagat-
biri çekiç urýar, birisi darak –
haýsysy gerek?
haýsy gerek bolsa geliber jerçi.
harydyň gyt bolmaz indiden beýläk.
haly, horjun bilen doldur ürgenji,
isle-de alyp geç hindiden beýläk.
tähranmy, maşatmy,
käbilmi, termez,
rummy, çynma-çynmy,
hindimi, hebeş –
nirä äkitseňem ýüzüň gyzarmaz.
haly bolmaz seniň halyňa meňzeş.
iv.
üç bajy oturyp halyň üstünde
üçüsi üç ýerden uranda darak
ilki bilen gerek
görmäge garak,
yzy bilen gerek
diňläne gulak.
döşleriň üstüne
saçlar ýaraşýar,
saçlaryň astyna
ýaraşýar döşler.
döşleriň üstünde saçlar uruşýar,
saçlaryň astynda uruşýar döşler.
wah hemme uruşlar şeýle bolsady!
(ýaşasyn saçlaryň, döşleriň urşy!)
döşler dört tarapa kowýar saçlary,
saçlar ýene çozýar döşlere garşy.
birdenem hemmesi ýaraşýan ýaly,
darak gutaranda gutarýar söweş.
indiki hüjüme garaşýan ýaly,
döşler özün dürsäp,
dem alýar ýuwaş…
ondan soň başlanýar ýene bir uruş.
bu uruş başgarak esgerleň urşy:
ýaşasyn dünýäde şoň ýaly uruş –
zähmetkeş synnylaň, keserleň urşy!
ýetişibildigine kesýärdi keser,
ýetişibildigine gyrýardy synny.
(halynyň göbegin kesýärdi keser,
halynyň galpagyn syrýardy synny.)
galpaklar garyma taşlanýar ýene.
ýene-de daraga ýapyşýar üçler.
hälki ajap söweş başlanýar ýene:
dört ýandan zabt edýär
döşleri saçlar.
daraklaň astynda zaňlaýar erşi,
erişleň içinde güňleýär argaç.
ürgençde kakylýan darak sesinden
oýanýar hojili,
ýaňlanýar arkaç…
v.
yslamyň elinden çekiç düşenok,
gyzlaryň ežinden düşenok darak.
şonda-da kiçijik kepbäň içinde
içmäge çal ýokdy, iýmäge çörek.
üçler haly dokýar –
süýthor düşenýär.
üçler guşak dokaýar –
süýthor guşanýar.
üçler gulaç dokýar – baý bugdaý guýýar,
üçler dolak dokaýar – baýlar dolanýar.
üçler ýüpek çekýär – baý gyzy geýýär.
şeýdip günler ötýär,
aýlar dolanýar…
işlese, otyrsa, dynç alsa, ýatsa –
gyzlaryn görmese ynjalmaz ussa.
ertir, öýlän, agşam – günde üç gezek
oraçaň gapysy açylar assa.
diýer: “armaweri, amanbike jan!”
diýer: “armaweri, ogulbike jan!”
diýer: “armaweri, aýnabike jan!”
-bar bol, kaka! – diýip seslener üçler, -
sen armasaň, biz armarys, kaka jan!
-meniň arýan döwrüm geçendir indi!
diýip, yslam ussa güler jakgyldap.
meniň argynlygym takyk ýylynda
edil takyk ýaly uçdy wakgyldap.
siz dünýä indiňiz towuk ýylynda!
diýip, üçemleriň gaşyna geçer.
ýassygyn tirsekläp, çaýyny içer.
gyzlaryna bakyp guwanar yslam,
atasyna bakyp guwanar üçler.
…bu gün ynha ýene öňküsi ýaly,
gyzlarynyň gaşyna gelipdi ussa.
halynyň üstünde otyrdy üçler
göýä çugdamlanan üç sany desse.
emma desseleriň reňki deň däl:
ikisi gülgündi,
birisi – solgun …
gaýtalap gaýtalap soraýar ussa:
-näme boldy, balam?
-aýtsana, oglum!
-ýok, ýok kak jan, hiç zat bolanok.
(başga söz çykanok amanbikeden).
onsoň aýbikeden, ogulbikeden
soraýar. ikisem hiç zat bilenok.
ýene-de gaýtalap soraýar yslam:
-name bolýar, gyzym?
-hiç zat, kaka jan…
-näme bolýar, balam? amanbike jan?!
diýip, zar-zar aglap ýalbarýar ene.
-ýok, ýok, ýok, eje jan, hiç zat bolanok!
şol ozalky berýän jogaby ýene…
-sözle janym guzym, mydarym gyzym,
sözle, dilleriňe bolaýyn gurban…
ýa otuz enbiýa, ýa gyzyl ymam,
ýa şahym pukara, özüňden derman!
diýip, jemal eje bagryn paralap,
gyzynyň daşynda urýardy perwaz.
emma ne gyzyndan jogap bolýardy,
ne-de ymamlardan çykýardy owaz..
omaryň ýoluna üç tamdyr çörek,
osmanyň ýoluna dört tamdyr çörek,
enäniň ýoluna bäş tamdyr çörek,
paýlap-paýlap unun gutardy ene,
daşap-daşap köwşün tozdurdy ussa.
ýöne welin şol çörekleň deregne
artdy öýlerinde ýene bir hassa.
ýene bir gyz başyn ýassyga goýdy.
misli orak kimin büküldi ene.
käse-käse akýan gözüniň ýaşy
indi çanak-çanak döküldi ýere.
hersiniň derdine müň melhem etdi.
emma ezizleri tapmady aram
…merediň yzyndan oraza ýetdi,
orazaň yzyndan ýetişdi baýram.
baýramyň yzyndan ýetişdi boş aý,
boş aýam boş geçip, ýetişdi gurban.
“wah, seniň gurbanyň bolaýyn gurban,
alyp gelmediňmi balama derman?!”
diýip, jemal eje kyblasyn bakyp,
akja namazlyga başyny goýdy.
gurban bolsa gaýta hiňňillik dikip,
düýe, goýun soýup … başyna gaýdy.
gurbanyň guýrugna asylşyp aşyr,
aşyryň guýrugna tirkeşdi sapar.
saparyň yzyndan tirkeşler geldi –
birem däl, ikem däl,
dört sany çapar.
biriniň elinde gawundyr garpyz,
biriniň elinde bugdaýdan desse.
biriniň elinde nar bilen üzüm,
dödünjiň elinde hoz bilen pisse.
emma dört güýçliräk bolara çemli.
dermanyny tapyp bilmedi dörtler…
nur saçyp takykdan towşana çenli,
daň bilen armanly ýumuldy dört göz…
vi.
gök baýryň üstünde goşaja mazar,
hersiniň başynda guşakly kerpiç…
şol kerpiçler eräp ýere siňýänçä,
başyn galdyrmady kepbede çekiç,
demini almady körküdir sandal,
sesin çykarmady synnydyr darak.
emma iki sany mähriban ýürek
ses etdi olaryň baryna derek.
goşalanyp gelen bu namart ölüm
degdi olar üçin şeýle bir agyr,
bagyr ýaşyn köňül dökse gözünden.
köňül ýaşyn dökdi gözünden bagyr.
ozal orak ýaly bükülen bolsa,
indi toýnuk ýaly büküldi ene.
gözýaş çanak-çanak dökülen bolsa,
indi çelek-çelek döküldi ýere.
üç gyrkylyk bilen iki keseri
durşuna temmäkä şalyşdy ussa.
basyp bilýän bolsa nahar gahary,
gussany azajyk basmazmy tüsse?
çekdi, ussa çekdi,
ýene-de çekdi.
temmäkiň reňki ýüzüne çykdy.
býerbar ahyrýet ýadyna düşüp,
gorkuly gözlerin asmana dikdi.
“…muhammet-resul hem senden bizardyr.
bizar senden hem hudaýyň, çilimkeş..
zelili diýr, işiň ahy-pygyndyr,
jähennemdir seniň jaýyň, çilimkeş…”
- jähennemdir seniň jaýyň, çilimkeş! -
gaýtalady ussa. hopugdy ussa.
üç günläp agzyna almady çilim,
dördülenji güni basdy
ýene-de gussa.
-çilimkeşiň jaýy jähennem bolsa,
goý meni häp-häzir hopsun jähennem.
belki jähennem hem arassarakdyr
içine gan öýen loly jahandan!
megerem, zelili diýilýän şahyr
heniz gören däldir meňkiçe zulum.
meniň şu günüme düşäýen bolsa,
atýany nas bordy, çekýäni çilim!
diýdi-de ýasandy ýogyn bir çilim.
burum-burum çykdy tüýnükden tüsse,
…derdiň çilim bilen ýeňleýän bolsa,
çekiber arkaýyn,
çekiber ussa.
dawalaşyp durma zelili bilen,
ol zulum-da gördi, ölüm-de gördi.
ep-esli bar weli seniň-de derdiň,
seniňkiden pes däl onuň-da derdi.
ýedilenji ýylyň içidir indi –
sesýetim beýläňde otyr ol bende..
muhammet rahymyň gazabna düşüp,
gaty kän ömürleň çyrasy söndi.
bu dünýäniň derdi ýeke saňa däl,
gaty kän ärlere uzatdy çilim.
nirä baksaň tüsse üstüne tüsse,
nirä baksaň zulum üstüne zulum.
ýokarsy ýolöten, aşagy deňiz,
gaýrasy hywadyr, ilersi tähran –
türkmen toparagynda asudalyk ýok,
gara tüsse bilen dolupdyr sähram.
çekiber çilimňi,
çekiber, yslam.
goý, seniň tüssäňden garalsyn asman.
belki ýerden çykýan tüssäni görüp,
rehim eder iliň derdine rahman.
çekdi yslam, çekdi,
ýene-de çekdi.
tüssäniň bir ujy lowh-kürsden çykdy.
hywanyň hanyny ýykan rahman
bu gezek yslamyň hanyny ýykdy.
yslamyň üçünji balasyn ýykdy.
ýene-de başlandy şol öňki ahwal.
-näme bolýar, balam?
-hiç zat bolanok.
ýene sowal, jogap.
ýene-de sowal…
vii.
iki balasynyň matamyn tutup,
ähli gözýaşyny gutaran ene,
üçünji derdine aglamak üçin
gözýaşy nireden taparka ene?
tapýardy ene
iki balasynyň derdinden çöküp,
öýkeniniň ýaryn ýitiren ene,
üçünji derdine çydamak üçin
ragbaty nireden taparka ene?
tapýardy ene.
iki perzendiniň matamyn tutup,
sakgalny-saçyny agardan ata,
üçünji derdine döz geljek bolsa,
naçarlap gözýaşyn dökmezmi käte?
dökenok ata.
iki eziziniň derdini çekip,
elinde baryny tükeden ata,
üçünji derdine çydajak bolsa,
barlylaň gapysyn kakmazmy käte?
kakanok ata.
şonuň üçin onuň atady ady.
başarak bir ady bolardy ýogsam.
eý sen, baş egmezek ynsan zürýady,
eg başyňy, ataň üstüne eg sen!
şonuň üçin onuň enedi ady.
özgeräk bir ady bolardy ýogsam.
eý sen dyz epmezek ynsan zürýady,
eg göwräňi, enäň üstüne eg sen.
viii.
balasyndan beter erese ata,
atadanam beter eredi ene.
günde ýetmiş gezek sorasa ata,
iki ýetmiş gezek sorady ene:
-balam, näme boldy?
-hiç zat, eje jan…
-bu nämäň nyşany! … aýtsana guzym!
…üçler dogup-döräp heniz hiç zady
saklamasalarda eneden gizlin,
iki gyz
öz syryn açman ötüpdi.
diňe aýnajyga (ýagny, aýbikä)
açypdylar ony… aýbike bolsa
bagrynyň içinde gizläpdi mäkäm.
indi bolsa ol syr,
ol aýylganç syr
aýbikäň özünem ýaplapdy ýere.
gyzyl bägül ýaly pyşyrdawk ýürek
çydam edip bilmän ol eýmenç syra,
ýarylyp barýardy.. ahyry diýdi:
“gulak as, eje jan! diňle, kaka jan!”
aýbike gürledi. olar diňledi.
ikisem jyrkyldap, ýykyldy arkan…
ix.
şondan soň
goşaja mazaryň ýanda
döredi üçünji, dördünji mazar.
soň bäşe öwrüldi, (soňam milliona!)
üstüniň ne daşy ne ýazgysy bar.
gündogary ürgenç, gaýrasy tokaý,
günbatary jeýhun, ilersi hendek –
gadym mazarlygyň çep goltugynda
gamyş basyp ýatyr
bäş sany tümmek.
asyr ýarym bäri (ýok, ondanam kän!)
derýaň zeýin emip ýatyrdy olar.
…men-ä sorag bersem, olar sözlese –
soragyň jogaby
şeýleräk bolar.
birinji mazar:
üçleň ulusy men.
amanbike men.
maýsalyk öwrümde ordy bir bela.
ogulbike bilen suwa gidipdik.
gaýramyz tokaýdy. çepimiz gala.
kir ýuwup otyrdyk derýaň boýunda,
jeňňellikden çykdy bir jübüt atly
saçymyzdan süýräp, çekdi tokaýa…
soň ýene kenara
oklady gitdi.
hanyň nökerimi,
ogullarymy,
ýa-da gezip ýören jellatmy olar –
haýsy bolanda-da bellidi bir zat:
köşküň süýdün emen
ysnatdy olar.
şondan soň üç aýlap erkek telpegne
seredip bilmedik… görünse telpek,
göýäki diýersiň, bir alahöwren
bizi öz demine dartyp barýan dek –
erkek göbekliden gaçyp gezdik biz.
aňymyzy aldy bizowal zulum…
köşk üçin ynsan däl, diňe tendik biz.
her demde müň zorluk, ýedi müň ölüm –
zaman üçin birje garynçgajygy
ökjäň bilen basyp geçençe ýokdy,
sende bagyr bardyr ýa ýürek bardyr,
ýa-da namys bardyr öýdülenokdy.
ýöne weli biz-de bagyr-da bardy,
ar-namys-da bardy,
ýürek-de, yşk-da..
köşküniň üstünden han bolsa hanlar,
bizem patyşadyk oraça-köşkde.
oýnardyk, gülerdik, çapardyk bizem.
gatnadardyk goňşy okaramyzy.
käte söýen bolup, kä söýlen bolup,
kän bir duýmazdygam pukaralygy.
söýüpdik, söýlüpdik.. obaň içinden
seçipdik-saýlapdyk ýigitleň gülün.
ýene aňry gitse üç-dört hepdeden
birimiz – çopanyň dulunda gelin,
birimiz – neçjaryň dulunda gelin
bolmalydyk… uýam – bugdaý oragna,
men – üzüm bişerne belläpdik sähet.
ynha indi bolsa halyň üstünde
çugutdyryp otyr bir jübüt jeset.
ne haly göründi gözlerimize,
ne söýgi göründi, ne-de bir bägül.
şeýdip paýaw boldy ar-namysymyz…
dogul, ogulbike, täzeden dogul!
dogul, amanbike täzeden dogul,
ýalňyz ömrüň köýdi, dogul ýamaşgan!
ýok, ýok, beýdip doglup bilmersiň indi,
indi seniňki däl
saňa garaşýan!
indi biziňki däl bize garaşýan,
bu dert ýanymyzy ýaplady ýere.
ýelmeşdik düşege misli bir ýelim.
altyn-kümüş dilemedik alladan,
ölüm diledik…. diňe ölüm, ölüm…
bizi kyn pursatda goldady ajal,
şu asuda jaýa getirdi idip…
bagt diläp indiki nesillermize,
ýeriň bagryn diňläp, ýatyrys şeýdip…
ikinji mazar:
ogulbike… üçleň ortanjysy men..
amanbike aýtdy maňa-da derek.
şeýdip on altydan ätlän günümiz
namysyň jebrinden
jaýryldy ýürek.
göýä bedenmizden aýryldy ýürek.
bolmaz mundan beter işi gaýtgynlyk…
şeýdip ynha gyzyl kürte deregne
başymyza gyzyl toprak atyndyk.
bu topragyň – al kürtäniň astynda
uzyn asyrlaryň ujundan gädip,
geljek nesillere ýagşy gün diläp
ýatypdyk, ýatyrys, ýatarys şeýdip…
üçünji, dördünji mazar:
“üçleň ejesi men…
jemal eje men!…”
“üçleň atasy men…
yslam ussa men!..”
gülki gatyşykly, eýmenç bir owaz
goşalanyp çykdy ýeriň astyndan:
“ýeriň üstündäki gara külbeden
ýeriň teýnindäki garaňky mazar
has ýagşyrak eken, ýumşagrak eken…”
başga ses çykmady.
kesildi owaz.
bäşinji mazar:
men aýbike.. şeýdip mahrum bolduk biz
amanbike bilen ogulbikeden.
kyrkyny sowmakak – ejemem gitdi.
aşyn berdik – jyda düşdüm kakadan.
bu derdi içine sygyryp bilmän,
olar akylyndan üýtgedi kem-kem.
(ýürege sygsa-da müň dürli hasrat,
bu zeýilli hasrat sygmajak eken!)
bäş günläp güzeri saklap ýatdylar.
(onuň sebäbini duýmady hiç kim.)
kakam aýpaltaly, ejem teşeli,
dübläp aýlandylar tokaýyň için.
ne-hä oturdylar, ne-de ýatdylar.
ne iýip-içdiler.. edilenji gün
jykyr-jykyr gülüp öýe geldiler..
aý geçdi.. gutardy ejemli gürrüň.
soňam kakam gitdi..
binamysmykam? –
şondan soňa ýene ýaşadym uzak.
sataşdy kyn günde bir garyp ýigit.
(ölümden saklan-da şol bolsa gerek.)
ýedi agtyk gördüm, bir çowluk gördüm.
ýuwlugmy görmäge galanda üç aý –
“indi besdir şunça göreniň” diýip,
meni öz gujagna çagyrdy şu jaý.
şondan bärem ine, ýatyrys şeýdip.
tümlikden gaýdypdyk. ýene-de tümlük.
ýöne bu mekanda bir adalat bar:
ýetime-de deňlik,
hana-da deňlik.
dünýäni sarsdyran hanlaryň biri
ýatyr o ýanymda pezzerdip murtun.
onuň çep ýüzünde çäşerlip ýatyr
bäş ýüz köýnek geýip
mesirgän hatyn.
bizi har etse-de ýerdäki zulum,
ýer astynda bizi deňledi ajal…
bir otag, bir eşik.. hemmä-de deňlik.
şu deňlik ýokarda bolarka haçan?
haçan? haçan?
awtordan:
şol deňlige ýetdik, gadymy ejem,
bizi gaýgy etme, ýat sen arkaýyn..
deňligistan edip ülkäniň için,
doganystan etdik gumun, tokaýyn.
türkmenistan dakyp onuň adyna,
uçmahystan etdik ýeriň arkasyn…
görsediň bu döwrüň amanbikesin,
görsediň bu döwrüň ogulbikesin –
dünýäni aňk edip öz görki bilen,
öz hukugy bilen, öz erki bilen,
siziň ýaşyňyza – on alty ýaşa
ýetýärler ýüz arzuw,
müň gülki bilen.
ýag iýip ýüpegiň üstünde ýatyp,
bal berseň, iýýärler ýa iýenoklar.
gürrüň bersem agyr wakalar hakda,
amanbike, ogulbikeler hakda –
kä ynanyp, kä-te ynananoklar.
“ertekimi?” diýip soraýar gyzym.
men diýýän “eý, gyzym,
düýnki bü, düýnki!
şu ajaýyp ülke seniňki bolsa,
şu ülkäniň
geçmişi-de seniňki!”
ol diýýär: “gorkýaryn, gorkýaryn, kaka!”
men diýýän: “gorksaň-da gitmersiň gaçyp
geljek günlermizi açmagyň üçin
ilki geçmelisiň geçmişi açyp.
diňe gijeligiň içinden geçip,
gadyryn bilersiň ýagty gündiziň.
geçmişiň hilesi, ölümleri-de,
akyly-paýhasy, zulumlary-da
seňkidir, seňkidir,
seňkidir, gyzym…
beýik pyragy-da,
seýdi-de seňki.
görogly-da, zöhre-tahyr-da seňki.
ýöne seniňkidir garaçomak hem,
göroglyň kempirem däldir iliňki.
ozal duw-ak eken topragyň reňki.
topragy gyzardan ganlar-da seňki.
emirler-de seňki, hanlar-da seňki.
hemmesi, hemmesi özümiziňki-
meniňki, seniňki.
hakydanyňky!
olaryň ýagşysyn baýdak edinip,
ýamanlaryn bolsa edinip sapak,
nesilden-nesile alyp gitmeli.
ýogsa bagyşlamaz bu ene toprak,
ýogsa rahatlanmaz bu ata toprak,
gadym enelermiz, atalarymyz.
(ýeriň astynda-da ýeriň üstüniň
bagtyny arzuwlap ýatanlarymyz).
düýne ýadygärlik dikelderis biz
ähli nesilleriň hakydasyndan.
ýagty bolsun siziň ýatan ýeriňiz!
salam size lenin hakykatyndan!
1980. ý.
kerim gurbannepes
-
Merw92
13 years ago
- aýaly 1 hepdeläp çaga dogrulýan öýde bolanda adamsynyň iberen salam haty.
gezip ýörkäm öýmüzde bilmändirin gadyryň.
indi seniň gadyryň bilsem gerek ölýänçäm.
tabak bilen saçagyň, çäýnek bilen kitiriň
arasynda selpildäp, janym çykdy, sonam jan.
çagajyklaň ugrunda janserek men, janserek.
bir elimde aşly jam, bir elimde boşan jam…
“aýalymy öldüren ownuk iş bolsa gerek!”
diýip bir wagt bir çopan hak aýdypdyr, sonam jan.
birisine nan gerek, birisine suw gerek,
bir ýanymdan aýjan çekýär, bir ýanymdan maýsam jan
wah, iýseler ne ýagşy! geçimiz dek çümhörek!
sen olary niçiksi iýdirýärdiň, sonam jan?
“giç gelýärsiň!” diýeňde, gaharlanan bolardym.
bagyşlawer, öňüňde ojuk-bujuk günäm kän
ynha indi sag-aman gelseň bolýar şol ýerden,
gazyk borun gaşyňda, wah, sonam jan, sonam jan!
nahar berseň “sowuk” diýip, çaý äberseň “sowuk” diýip,
azar ýamanyn berip, igenerdim ýadýançam.
indi ynha çaý ýerne beräý gel-de suw guýup,
nan ýerne-de kesek ber, demim çykmaz, sonam jan.
saňa her gün daň bilen salam bermeli eken.
onda-da ýöne salam däl, barypýatan “salam jan..”
ynha indi şol salamlaň başlandygy şu günden-
salam! salam!.. dowamyny soň görersiň sonam jan!
kerim gurbannepes
-
Ayjagash
13 years ago
- Sag bolun magnit. Sizede sag bolun merw92. Kerim aganyn yatan yeri yagty bolsun.
-
Grizli
13 years ago
- Beyik adam!
-
lennec
13 years ago
- adamlar Kerim aganyn "men diňe bir zatda nobata garşy:
dost öýüňde islän çagyň gonup git." diyen seririne nahili dusubyarsiniz????
-
magnit
13 years ago
- ölume yagny ölmek u.n nobat yok diydigi bolaymasa
-
Aristokrat
13 years ago
- Oglanlar sagja boluñ kerim agany ýatlanyñyza!
-
salgym
13 years ago
- şahyr ölmezmiş diýýäler şol dory.Kerim aga biziň aramyzda ýaşap yör.
Munan beýläk hem ýaşar.
-
lukss89
13 years ago
- Керим ага бейик адам олмез йитмездир...
-
student3
13 years ago
- beeee bah pay pay pay!
-
akylym1989
13 years ago
- Kerim Gurbannepesow oran beyik shahyr biz beyle shahsyyetlerimizin bolandygyna buysanmaly
-
magnit
13 years ago
- merw92 yene birgezek sagbol tüweleme dolylygyna goyupsyn
-
Bahbit
12 years ago
- Su teman awtory kerim aga 89njy yylda dalde 88nji yylda yogolon bolaymasyn.
-
Bahbit
12 years ago
- Su teman awtory kerim aga 89njy yylda dalde 88nji yylda yogolon bolaymasyn.
-
Bahbit
12 years ago
- Su teman awtory kerim aga 89njy yylda dalde 88nji yylda yogolon bolaymasyn.
-
turkmenntug
12 years ago
- sag boluñ ,tüweleme,hemmesini eliñiz bilen ýazdyñzmy ýa bir saytdan göcirmemi?
-
heartbreaker
12 years ago
- su teman awtory kerim aga 89njy yylda dalde 88nji yylda yogalon bolaymasyn.
bahbit | 2012-07-25 14:16:46
menem sizi goldayan, edebiyat sapakda gecenimizde bizem 1988-nji yyl diyip gecdik.oz ogly shol barada goshgy hem yazypdyr
Merw92 13 years ago- ömrüme pent
şahyr! şahyrlygyň çyn bolýan bolsa,
sönüp, ýanyp, ýene sönüp, ýanyp git.
ynsanlyk ýazgydyň çuň bolýan bolsa,
gara ýere çümüp,
çykyp,
çümüp git.
hem akyl ber, hem iliňden akyl al.
kitapdan däl, gara ýerden nakyl al.
alan zadyň demiň bilen ýakyp al,
soň ýene-de ýeriň süýdün emip git.
dag ýoluna, çöl ýoluna belet bol,
dag ýlounda—çat açmaýan polat bol.
çöl ýolunda—tirkeş-tirkeş bulut bol.
teşne görseň, dodagyna damyp git.
ýol agyrdyr:müň ýanylar öçüler.
bagtly ýollar kynlyk bilen geçiler.
ýel ygyna şaglap gitse geçiler,
sen öküz dek
ýele garşy yňyp git.
bagt paýlansa üç baýlygy ilki al:
ylgap baryp saglyk bilen erki al.
ýany bilen çuwal-çuwal gülki al
soň tapylar, galan zady zyňyp git.
dost paýlansa „äber!” diýip gyssanma,
alaňdan soň—gysgaltma hem gysgalma,
dileg etse–
gözlerňi hem gysganma,
birin ber-de,
biri bilen oňup git.
ha çaryk geý,
ha çokaý geý,
telpek geý—
parhy ýokdur: geýseň bolar erkek deý.
ýöne welin şypbyldama çepek deý.
aýna gonçly ädik ýaly doňup git.
gözelligi
sor bagryňa, öýkenňe.
söýülseň söý, söýülmeseň süýkenme.
söýgi hem goşgudyr! kişä öýkünme,
öz möhrüňi, öz közüňi goýup git.
ýeňip ýaşa: ahyrda ýeň, başda ýeň,
tomusda ýeň, ýazda, güýzde, gyşda ýeň.
söýgiňde ýeň, gaýgyňda ýeň, işde ýeň—
bir
oguldan
ýeňilip hem ýeňip git.
ýeňsin ogul
dil bilen däl, iş bilen,
seňkä görä has ýitiräk huş bilen.
aýak däl-de, parasatly baş bilen
ýeňse ogul—
gözüň rahat ýumup git.
gözüň sürtüp merhum enäň alnyna,
bir aglapdyň. indi beri aglama:
öz balaňy eliň bilen jaýlama,
nobatyňda mele ýere sümüp git.
dünýä gelmegiň-de
nobaty ýagşy,
ýene ölmegiň-de
nobaty ýagşy.
men diňe bir zatda nobata garşy:
dost öýüňde islän çagyň gonup git.
başarsaň –köplügiň içine garyş,
tanyşdan dost tutun, ýatlardan—tanyş.
„žiguliň“ içinden gözleme durmuş,
köplük bilen awtobusa münüp git.
köpelsin öýüňde ýürekdeş myhman—
ýary işçi bolsun, ýarysy daýhan.
elbetde, alymam, şahyram hökman.
üýşüp, çaşyp,
çar tarapa eňip git.
şeýle dostlar bilen gezseň birsellem—
ýetersiň iň uly matlaba çenlem.
gadamyň giňden ur!
entekler ellem
hol öňde-le. . . ýaş hakynda dymyp git.
haly wagtyň meňzemegin kilime,
diri wagtyň gyssanmagyn ölüme.
öçen wagtyň öýkünmegin çilime—
içi közli ojar ýaly sönüp git.
ýene bir söz (magtanmak däl, öwüt däl):
mazaryma daş oturtmak sargyt däl.
mele ýeriň astynda-da daş gyt däl,
bakylyk şol:
şol daşlara siňip git.
kerim gurbannepes