Täjik diýip tanaýan LM1 sputniginde InterAz diýip Azerbeýjan kanaly bar. Şol kanalda Liwiýanyň azatlygy ugrunda italýan basybalyjylaryna garşy gaýdusyz söweşen, käri mollum bolan, watançy Omar Muhtar hakynda rus dilinde kino berdiler. Dowamlylygy uzak eken. Ýöne kino göreniňe degýär. Dogrymy aýtsam şonuň ýaly gyzykly gören kinom ýok bolsa gerek. Gaty gynançly.
Italýan basybalyjylaryna garşy Liwiýaň azatlygy üçin 20ýyl göreşýär. Ahyry 73 ýaşynda general Grasiýaniniň ýolbaşçylygyndaky goşun gabawa salyp tutýar. Şol goşunyň ýüzbaşçysy esgerleň birine bu gojany atmagy buýrýar. Ol esgerem Omar Muhtaryň öň azat eden esgeri. Ol esgerem bu gojany görüp aglap gaçýar (utanyp). Şol ýerdede bu gojaň Omar Muhtardygyny bilýäler. 20ýyllap per bermedik Omar Muhtaryň bu gojadygyny görüp gaty geň görýäler.
Garaz 73 ýaşly gojaň aýagyna, eline zynjyr baglap generel Grasiýanynyň ýanyna eltýäler we aralarynda şeýle gürrüň bolýar.
Çöl Arslany
-
mirasymyz
13 years ago
- General:-Italiýanyňam şu ýerde hemmeler ýaly haky bar. Angliýaň Müsürde haky bar, Fransiýaň Tunisda we Alžirde, Ispaniýaňam Fasda haky bar. Italiýa bulardan tapawutlydyr. Biziň bu ýerde 100-lerçe ýyllyk hakymyz bar.
Omar Muhtar:-Ýakynda hemme zadymy alarsyňyz. Ýene-de ogurlygyňyzy hakly görkezjek bolýaňyz. Hiç bir ýurduň beýleki bir ülkäni basyp almaga haky ýokdur.
General:-Biz bu ýere diňe yzymyza döndük. Hiç kim bizi inkär etmez-diýip Grasiýany çekmesinden köne teňňäni çykaryp şeýle diýdi:-Şu teňňäniň ýüzündäki ýazgyny oka. Sezar döwründen galan. Liwiýada basdyrylypdyr.
Omar Muhtar:-Grekleň, Osmanlyň teňňelerini hem tapyp bilersiňiz. Liwiýaň hemme ýerinde bar bular. Çölde guma gömülip galandyr.
General Grasiýany şu ýerde gojaň öňräk ele salnan äýnegini berýär we 73 ýaşly goja oturmaga ýer görkezýär. Omar Muhtar aýnegi dakynyp teňňäni synlap şeýle diýýär:
-Bu gün bize bu teňňäni görkezip ülkämi aljak bolmaň. Teňňäňizem şan-şöhradyňyz ýaly ebedi däldir. Emma men siziň geçmişiňize hormat goýýan we sizem biziňkä hormat goýmaly. Biziňem lukmançylykda, matimatikada we beýleki ylymlarda geçmişimiz bar. Siziň garaňky döwrüňiz ylymda biz dünýä ýol görkezdik
-
mirasymyz
13 years ago
- General:-Seniň goşunuň boýun egmegi näçe gün alar?
Omar Muhtar:-Biz asla boýun bolmarys. Ýa gazanarys ýa-da öleris. Bu iş bu ýerde tamamlanar diýip pikir etmäň. Bizden soňky nesilem söweşer, olardan soňkylaram. Özüm hakda aýtsam nesilimden uzak ýaşaryn.
General:-Sizi asdyrsam men gahryman bolýan.
Omar Muhtar:-Siz diňe Allahyň beren kararyny ýerine ýetirersiňiz.
General:-Ýogsa-da zynjyr sizi birahat edýändir.
Omar Muhtar:-Ýok meni Hakykat birahat edýär. General Grasiýany mundan soň Omar Muhtary öz tarabyna geçirmäge yrjak bolýar. Emma ölümiň gözüne göni seredýän goja garşy çykýar.
Şeýlelik bilen 1931-nji ýylda Omar Muhtar italýan basybalyjylary tarapyndan asylyp öldürilýär. Ýöne kinony görseňiz gaty gyzykly bolar. 1970-nji ýyllaň içinde çykarylan eken. Omar Muhtaryň roluny dünýä belli artist Antonio Kuin ýerine ýetirýär. Kinoň iň gynandyryjy ýeri liwiýaly oglanjygyň goja asylandan soň elinden gaçyran äýnegini alyp gidýän ýeri.
Dogrymy aýtsam şu kinony görüp iňlisler tarapyndan ýok edilen türkmeniň watansöýüji ogly Eziz
han ýadyma düşüp gitdi.
-
Yegen
13 years ago
- Sag bola Mirasymyz! Bir ýandan howlukman okadym, örän düshnükli hem gyzykly ýazypsyñyz! Kinoñ gapdalynda oturan ýaly boldum, sizä ol kinony görmeli etdiñiz!:-) Beh, goja mert söweshipdir, merdem ölüpdir! Hak aýdýañ, Eziz hanyñ ykbalam shu goja Omar Muhtaryñ ömri ýaly meñzesh! Eziz hany atjak bolanlarynda aýdýara:
-Göni gursagymdan atyñ - diýýär!
-
magnit
13 years ago
- mert adam ekenay :-) sagbol miras aga yazanyna! Sheyle Mert adamlar bizede gerek
-
ependi
13 years ago
- sagja bol mirasymyz, nesip bolsa alyp göreris bu kinonam.
-
M1
13 years ago
- Prakatda bamyka.
-
1merdan
13 years ago
- sag bol Miras aga görmeli etdiňiz.Bul adam hakynda öňemä bir ýerde okapdym.
Göni gursakdan atyň
bir okda öler ýaly.
ýöne degmäň ýüzime
hossarym tanar ýaly
(B.Jütdiýew. Eziz han hakynda)
-
Adgjmptw
13 years ago
- Mirasymyz, gyzykly kino eken-á bu. Alyp görmeli etdiňow agam sená muny.
-
idealman92
13 years ago
- Miras aga,okamadym ýazanlaryñy,alyp göremde gyzygy gaçmaz ýaly
-
Belarus
13 years ago
- miras aga serialmay bu kino?
-
mirasymyz
13 years ago
- Yok serial däl. 2seriya bolmaly
-
Friendship
13 years ago
- Sagja bol, agam! Hakykatdanam, kinoñ özüni gören ýaly etdiñ!
-
1merdan
13 years ago
- şular ýaly gaýry halk wekilleriniň gahrymançylygy hem aýdylaýsada... Sag bol Miras aga gowy temalar açýaň hemişe (menä arhiwdada "dek goýamok" gowy temalary)
-
magnit
13 years ago
oñarýañ merdan, kellamdaki senki +
mirasymyz 13 years ago- Generalyň otagyna gojany salanlarynda ýüzünede seretmän kagyzlara gol çeken bolup şeýle diýýär:
-Sizi görmek üçin men köp garaşdym, indi siz maňa garaşyň- diýip, gol çekip bolup gojaň ýüzüne seredip doňup galýar. Omar Muhtary onuňam ilkinji görşüdi. Munuň ýaly gojadyr öýdüp pikirem edenokdy we sözüne şeýle dowam etdi:
-Sizden bir zat soramak isleýän. Näme üçin şunuň ýaly uzak garşylyk görkezdiňiz. Şu garşylyk görkezşiňiz bilen bizi Liwiýadan kowarys diýip pikir etdiňizmi?
Omar Muhtar:-Siz bilen söweşdik, bize şolam bolýar.
General:-Ýöne ülkäňizde köp gyrgynçylygyň boljagyny göz öňüne tutmadyňmy?
Omar Muhtar:-Ülkede gyrgynçylyk eden sizdiňiz. Eger siziň ýurduňyzy basyp aljak bolsalar
näme ederdiňiz?
General:-Garşylyk görkezmegiňiziň bize nähili täsir edenini bilýäňizmi? Gijeki çozuşlaryňyz, ýaraglary ogurlamagyňyz...
Omar Muhtar:-Biziň topragymyzy basalaýaňyz. Liwiýa siziň watanyňyz däl. Bu ýerde siziň hiç hili hakyňyz ýok, bir garyş ýerde-de. Size şony düşündürmek üçin garşylyk görkezdim.