Bay bir tüjjarin dört ayaly bardy. Yone name üçindir onun in gowy göryani dördünji ayalydy we ona gowy serederdi. Şon üçin ona in owadan eşikleri we in onat zatlary alyp bermage synanyşardy. Üçünji ayalynam dördünjisi yaly bolmasada gowy görerdi. Olam oran owadan zenandy. Tüjjar bu ayaly bilen köça çykar, onun bilen hemme kişa gorunjek bolardy. Yöne başka birine gaçyp gidaymesin diyibem hemişe binjalyk bolardy. İkinji ayalynam gowy goryardi. Ol tüjjarin syrdaşydy. Haçan gerek bolsa hemişe baş ujunda bolardy. Bir mesele yüze çykanda ya-da çykgynsyz bir yagdaya düşse derrew onun bilen maslahat ederdi. Ayallarynyn arasynda in ynamdary oldy. İn köp ona ynanyardy. Yöne birinji ayalynyn yagdayy bolsa üytgeşikdi. Baylygyny, işini we maşgalasyny gurmakda onun goşandy kandi. Emma, bay tüjjar ona aşyk daldi; yöne her naçe halamasa da bu ayaly ony yürekden söyyardi. Yöne bu, tüjjarin pinine daldi. Ondan hiç habar tutmayardy. Kamahal hal hatyr sorardy. Hatta, kate büsbütin yatdanam çykaryardy. Bir gün bu tüjjar amansyz bir kesele duçar bolyar. Köp wagt geçmaka özünin öljekdigine an yetiryar. Elindaki baylygy we ayallary hakda oya batyar. ‘Bolluk içinde durmuşym we dört sanam ayalym bar. Özümem ölüm düşeginde yatyryn. Yakynda menem ölerin we yalnyz galaryn’ diyip gorkup başlady. Dördünji ayalyny yanyna çagyrdy we, ‘Sana hemme wagt gowy seretdim. Sen in gowysy bolmagyny isledim. Emma men şu wagt öljek bolup yatyryn we o dünyade yalnyz galmak islamok. Sen men bilen gelibilermin?’ diyip ondan sorady. ‘Asla bolmaz’ diyip jogap berdi ayaly we başga hiç zat diyman otagy terk edip gitdi. Bu jogap tüjjaryn kalbyna saplanan hançar kimin boldy. Şeylelikde tüjjar sowaly bu sapar üçünji ayalyna soramagy yüregine düwdi. ‘Ömrüm boyunça seni söydüm we hemme wagt sana guwanyp gezdim. Yöne weli şu mahal ölyarin; o dünyade men yoldaşym bolubiljekmin?’ diyip yüzlendi. Üçünji ayaly ‘Yok’ diydi we dowam etdi. ‘Durmuş öran gowy; we dowam edyar. Artyk başga biri bilen bolasym gelyar. Sen ölenson başka birine çykjak; we durmuşy şon bilen dowam etdirjek.’ Tüjjaram hemişe şu yagdaydan gorkup yörendi; we alan jogaby göwnüne erbet degdi. Çaresiz yagdayda ikinji ayalyna soramaga karar berdi. Ol hemme wagt ona kömek edipdi. İn ynamdarydy. ‘Hemme wagt mana kömek etdin; yene kömegin gerek. Öljek bolyan we yalnyz galaryn diyip gorkyan. Mana mazarda yoldaş bolubilermin ?’ diyip sorady. İkinji ayaly ‘Menden muny isleme. Durmuşda sana her hili arka çykaryn. Hatta mazara çenli sana yoldaşam bolaryn. Emma, mundan beterini menden isleme’ diyip jogap berdi. Bu jogap tüjjari perişan etdi. Tüjjar çaresiz halda oylanyp yatyrka, ‘Men sen bilen gelerin. Nira gitsen git seni hiç wagt yanyz goymaryn’ diyen bir ses eşitdi. Kellesini sesin gelen tarapyna galdyryp seredende baş ujunda birinji ayalynyn duranlygyny gördi. İdegsizlikden we yeterli iyip içmanliginden horlanyp galan ayalyna seredip ‘Sana has gowy seretmelidim. Gadyryny bilibilmandirin, meni bagyşla’ diyibildi. Bay tüjjarin yagdayy ortada. Emma, aslynda bizinem şu tüjjarinki yaly durmuşymyzda dört sany ayalymyz bardyr. Dördünji ayalymyz bedenimizin nyşanydyr. Ony söyyandiris. Ol gowy görünsün diyip hemişe yhlas edyandiris. Yöne ölüp baryarkak ony o dünya alyp gidibilmeyaris. Üçünji ayal dünyadaki baylygymyzyn, pulumyzyn we malymyzy-mülkimizin nyşanydyr. Ölemizson olaram derrew başkalanky boluberyar. İkinji ayal maşgalamyz we dost yarlarymyzdyr. Bize naçe yakyn bolsalaram dine mazara çenli bize kömek edibilyarler. Ondan beterine güyçleri yetmeyar. Birinji ayal bolsa ruhumyzyn nyşanydyr. Şan-şöhrat, mal-mülk ugruna yatdan çykarylan zadymyz. Hawa, bu dünyaden göçüp baryarkak biz bilen gelibiljek yeketak zat. Ölüm gapymyzy çalana dek onun barlygyny yadymyzdan çykarman, dogruçyl çemeleşip, adalatly bir ynsan bolup onun arass we pak galmasy üçin jan ederis diyip umyt edyarin. Gysgaçasy ruhumyzy pak galmasy üçin yhlas edelin…

Köneler, mebel tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir