Oglan gyza jañ aýlaýar: Jyrrr, jyrrr, jyrrr... Gyz: -Alýo?! Oglan: -Alo, salam Selbi! Gyz: -Salam, tanamadym kim bi?! Oglan: -Tanajak bolda meni, Añlañokmy sesimi?! Gyz: -Ýok, tanamadym aý oglan, Tanysh görýän sesiñi...?! Oglan: -Selbi, ýagdaýlañ ýagshymy, gurgunmy hemme, Ýashap ýörmüñ, sesiñ eshitmegem bar eken herne!!! Gyz: -Bardyrys, oñatdyrys, ýagshy ýagdaýlam, Hasam gowy bolar, kimdigñizi aýdaýsañ?! Oglan: -Beh, eýýäm ýadyñdan çykaýdymmy beýle, Oýun edýärmiñ ýada çynyñmy sheýle...?! Gyz: -Aý oglan tanatda özüñi, Aýnatmada diliñi. Bar ishim sen däl, Ýapjak bolmasa telimi. Oglan: -Bolýar Selbi, Tanadaýyn özümi. Ýöne soñuna çen, haýysh, Gaharlanmada, diñle sözümi! Gyz: -Diñleýän, aýdyber oglan, Ýöne çaltrak bol, Ýañam aýtdym: Bar ishim sen däl. Oglan: -Onda diñle: Ýashlygymdan arzuw etdim bir gyzy, Bagysh edipdim men oña, baharmy-ýazy. Ýüzläp gazalmy, müñläp sazymy Kalbymdaky ähli ýürek owazy. Iki ýyl mundan ozal, Dushushardym onuñ bilen, her günler. Ol gözeli görmesem, saçlaryny örmesem Ýyla dönüp, gysha öwrülerdi günlem. Öýderdim humaýym, asmanda aýym, Goýnunda melul boljak, jülgeli-çaýym. Nesibämde ýok eken, ol gyzdan paýym, Gözlemeli boldum, özge ýerden taýym. Gezerdik gijeler, shäher bagynda, Gol tutushyp, gülshüp, ýashlyk çagynda. Gizlenerdiñ, menem seni gözlärdim Shol ajap gijeler, seýil bagynda. Aýdardyñ: "Nädip geçirkäm, Sensiz 2 ýyly, saña garashyp. Bolmasa menem ýanyñ bilen Gulluga alyp gidermiñ tirkeship. Bolaýyn ýanyñda esger kömekçiñ, Seniñ bilen deñje, gulluk edeýin. Gyz bolsamda näme, gadaganmy ol Eshigñi tileýin, ütük edeýin. Ýanyñda bolsam bolýar, Didaryñ görsem bolýar. Seniñ bilen elmydam Bileje ýörsem bolýar!" Ýylgyrardym, seniñ sözleñ eshidip, Gülshüp oturardyk, arzuw ediship. Saçlaryñ sypalap, saña garardym: "Gezermiñ Selbim, maña garashyp???" Diýipdiñ: "Aýdýan zadyñ näme, aý oglan?? Garasharyn hökman, guda gelsede iñ baý oglan. Senden özga hijam razy bolmaryn Diñe seni görýän, sen bagtyma taý oglan. Sen bagtymyñ ýüregi, Durmushymyñ bezegi. Nesip bolsa iki ýyldan Dakarsyñ barmagyma, nika ýüzügi!" Hany ol wadalañ Selbi? Maña beren sözleñ shulmy? Nämüçin bashda, göni aýtmadyñ Nesibedir diýen bolsañ, gowy bolmazmy?! Bir ýyllap üzülmän hatlaryñ geldi, Soñam gelmesi, birden kesildi. Näm bolduka diýip, hatlar iberdim Jañ etdim, sesiñ birhili peseldi. Sesiñ gaharlydy, birde gaýgyly, Öñki Selbi däldi, ynjy-agyly. "-Näme boldy aýtda??!" diýip, sorasam Trubkany goýduñ, gudogyñ geldi... Shondan soñ senden, habar-hatyr bolmady, Günlem ýyla döndi, güler ýüzüm gülmedi. Bir klasdashym hatyn ýollapdyr: "-Dost gynanma, gaty görme, bolmady... Señ Selbiñ indi, señ üçin ýokdur, Ol durmusha çykdy, meñä sözüm ýokdur. Gynanma, bulam bolaýýan zat Nesibäñde dushar, bashga perizat!" Soñky gelen hat, getirdi hasrat, Gitdi elimden, ajap perizat. Durmushym manysyz, ömre döndi, Arzuwlam ýanan, kömre döndi... Näme beýle köýen, aryñ barmydy, Menden özgede, ýaryñ barmydy... Ynjalardym shonda, mert durup aýtsañ: Söýenim sen däl, bashga biridi!
Sen kim?! (telefonda)
-
Camry
13 years ago
- Salam agzalar hemmelere! Janyñyz sag gurgun gezip ýörmüsiñiz! Menem kate goshgy yazaymam bar welin, entek dolyrak ýoluna düshüp bilemok! Goshgyñ kem-käs ýerleri bolsa özüñiz düshünjek bolarsyñyzda! Entek öwrenje, mun ýaly ulurak goshgy ýazyp göremok, kem-kem öwrenerisda! Hemmeler gurgunmy, menem bu gunler inet ishlänok oñly, nesip bolsa gowulashsa arañyzda bolaryn! Öñünden hemmelere salam ýollaýan, ýene inete haçan girjegim belli bolmansoñ! Gören-eshdene salam ýollañ agzalar!
Ýenede dushushmak, maslahatlashmak,
Pikirlermiz hormatlap, bile paýlashmak,
Realda-da gabatlashyp çaýlashmak,
Hemmamize, nesip etsin agzalar!
-
sahett
13 years ago
- manyly gosgy eken men basda degismedir diyip gulmeli yerine garasyp gecdim.Saol camry
-
bellaragazza
13 years ago
- hawa camry oran gowy gosgy :) sen oz durmusun barada yazan yaly. ya da yakyn adamyn bastan gecirenini yazan yaly
-
aga593
13 years ago
- Allajan ozun gora, pkir edip gor, yashashyp yoren gyzyna, guwanyp, namysyny ynanyp yoren gyzyna biri jan edip sheyle gurrun gechayse. gyzaha degip bolmaz, yone ozuni asaymasan bashga edere zat galmayar.
birinji gyzlara maslahatym, hich wagt soyushman, oglanlan name diyse sheydiysin, sen bilen onda goyushaly diysede. ikinjidenem oglanlar olup soyyan bolsanyzam soyushen gyz bilen durmush gurman, ozuniz oldurayin yone soyushen gyz bilen durmush gurman. son barybir sheyle gurrundeshlik bolaysa gelnim diyip gezip yoren gyzyn bilen onki soyushen oglanynyn arasynda, namys edip ozuni oldurersin.
-
enesh91
13 years ago
- camry sagbol. tasir galdyryjy sozler. menem durmushda kop pikirlendiryan zat men soyenim ozal yurekden birini soydumyka yada men onun ilki soygusimykam. allajan herkimi ilki soygusi bn goshalandyrsyn. temany okap gaty gynandym...
-
mekan261092
13 years ago
- berekella camry.shu goshgyña clip chykarsanam nejis däl!aýdym edipjik,gaty gowja bolar!5-lik baha!
-
Tourist
13 years ago
- Menä repmika öýtdüm...gowja eken.haladym.sagja bol camry.
-
ALADIN
13 years ago
- baý gaty köp eken,okap okap gözlem gurap gitdi ;)
Sag bol camry gaty gowy eken.
-
Kuraldyshy
13 years ago
- **** berensonlar okadym,okanyma degdi,şeydip yazyp dur kamry
-
Kuraldyshy
13 years ago
- **** berensonlar okadym,okanyma degdi,şeydip yazyp dur kamry
-
Abadan
13 years ago
- Gynancly gosgy eken,yzly yzlyna okasan rep'ada menzemanem duranok. Indiki gosgulana gara$yan camry
-
littil
13 years ago
- gynanyşly goşgy, hiç kime görkezmesin bular ýaly hasraty.
-
Cwetocek
13 years ago
- Yuregim agyryp gitdi, goshgyn taryhy tanysh...
-
nfs4001
13 years ago
- aýdardyñ: "nädip geçirkäm,
sensiz 2 ýyly, saña garashyp.
bolmasa menem ýanyñ bilen
gulluga alyp gidermiñ tirkeship.
bolaýyn ýanyñda esger kömekçiñ,
seniñ bilen deñje, gulluk edeýin.
gyz bolsamda näme, gadaganmy
ol
eshigñi tileýin, ütük edeýin.
ýanyñda bolsam bolýar,
didaryñ görsem bolýar.
seniñ bilen elmydam
bileje ýörsem bolýar!"
bähh söz ýok
-
Camry
13 years ago
- Sag boluñ agzalar hemmäñizede! Entek men owrenjeräk goshgy ýazmaga biraz, shu goshgynam üstünde ýene gowja ishlärinda täzeden! Shu dursham erbet däl welin, biraz oñarmaly ýerleri bar! Sag boluñ, gowja, manylyja goshgulary ýenede size ýetirjek bolaryn dostlar!
Camry 13 years ago- Bolýar, hemmesi geçeni geçdi,
Ykbal ikimizdenem, arany açdy.
Ol günler indi, gaýdyp dolanmaz,
Gaýdyp ýolumyz, hijem baglanmaz.
Bagtly bol Selbi, saña arzuwym,
Indibir ýalñyshma, shudur dilegim!
Hemme arzuwlaram, basha barmaýar,
Arzuwsyzam ýashaýan, adam bolmaýar.
Bilýärmiñ Selbi, basym toý tutýan,
Durmush toýum gurýan, senem çagyrýan!
Klasdash gyzlarmy, shoña bushlaýan,
Ertir säher bilen, toýa bashlaýan!
Sen meñ üçin toýa,
Gelmersiñ bilýän.
Klasdashlyk hatysasy üçin
Gelginiñ hökman!
Saña toýum aýtmak, gör nähili agyr,
Sözüm soñlaýançam, ezildi bagyr...
Shundan agyr zat, ýokduram bilseñ
Azajyk pikir edip, oýlanan bolsañ...
Arzuwymda, toý törümiñ bezegi,
Saña dakmalydy, nika ýüzügi.
Ýöne men sensizem, bagtly indi
Bir ajaýyp gözel, bagtymdan indi.
Özem ýüregi, ajaýyp gözel,
Aýdaryn men oña, müñläp aýdym-gazal.
Mydam hormatym, oña çäksizdir,
Ol meni girdapdan, çykaran gyzdyr!
Bolýar, men sözüm, soñlajak indi,
Saña aýtjak ähli, sözlerim dyndy.
Saña aýtmaly sözlerim, entekler kändi,
Hany olary aýdyp, bolýarmy indi...
Indi tanadyñmy Selbi, meniñ kimligim?
Ýöne saña parhy ýok indi, meniñ kimdigim!
Bolýar hosh gal, iñ soñky sözüm:
Bagtly ýashap gez, saña arzuwym!!!
Gyz: -Tanadymla Arslan, bashda tanadym,
Ýatlamalarmyzy, aýdanyñdan añladym...
Her sözlerñi, her sesiñi eshdemde
Ajy gözýash bilen, sessiz agladym...
Bagyshla meni Arslan, bolan zat boldy,
Bashga näme diýeýin, hemmesem yzda galdy...
Nädeýin, ýalñyshandygma shol gün düshündim
Aglap-eñräp, keç ykbaldan üýshendim...
Toýuña bolsa, hökman bararyn,
Señ toýüña beslän, sowgadymy bererin.
Öz elim bilen saña, haly dokadym
Keç söýgümiñ ähli syryn, oña bekedim.
Shol halymyñ, her nagshyny,
Okagyn, her göli üýtgeshik
many.
Hosh Arslan, bagtly bol, alýan gyzyñam
Bagysh etsin saña, söýgi ummany!
Mundan artyk gürlesem, damagym dolýar,
Möññürip, ses edip, aglasym gelýär...
Nädip maña beýle, jañ edip bildiñ
Ýatlamajak bolýan ýatlamamy, ýadyma saldyñ...
guk... guk... guk... guk...