Köne gazetleň birini okap otyrkam şunuň ýaly ýazga gabat geldim we siz bilen paýlaşmak isledim. Öň eşidenlerem bar bolmagy ahmal, ýöne okanyňyza degýän ýazgy eken. Okaň we oýlanyň. “Garaňkylyk döwrüne” degişli başga bir erbetlik hem Kurany Kerimde şeýle düşündirilýär: “Olardan biri gyz bilen buşlanan mahaly, juda gahar-gazaply bolup, ýüzi garaňkylar. Özüne berlen buşlugyň ýamanlygy sebäpli kowmundan gizlenmek islär. Ony, namys etmän saklarmy? Ýogsa-da ony topraga gömermi?” (Nahl 16/58-59) Hawa, olardan haýsysam bolsa biri gyz çagasynyň bolanyny eşidäýse, gahar-gazap bilen sojanyp durardy. Bu sebäpli hem ýüzleri boz-ýaz bolup, halkyň gözüne görünmekden ejap ederdiler. Olar bu buşlugy şeýle halamaýardylar welin, utançlaryndan ýaňa ýere giräýjek bolýardylar. Ahyram olar şeýle masgaraçylyga çydam etmeli bolýardylar ýa-da namysyny goramak üçin doglan gyz çagasyny ýok etmeli. Ine, jahyllyk döwründe aýal maşgala şeýle ýigrenilipdir. Aýal maşgalalaryň şeýle derejede pes görülmegi diňe Arabystanda däl, eýsem Rim we Sasany imperýalarynda hem möwç urupdyr. Şeýlelikde yslamyň aýal maşgalalar babatda Arabystanda geçiren ägirt uly öwrülişigi, şol bir wagtyň özünde dünýä aýallarynyň hem bähbidine, adamzat taryhynda heniz görlüp-eşidilmedik bir öwrülişik bolýar. Hawa, Kurany Ke¬rim, bu aýylganç wagşylygyň soňuna çykyp, islendik ýagdaý bolanynda hem çagalary öldürmekligi gadagan edýär: “Garyplyk sebäpli çagalaryňyzy öldürmäň, siziň hem olaryň hem ryzkyny Biz berýäris” (Enam 6/151). Göýä, Beýik Biribar olara şeýle diýýärdi: Çagalaryňyzy näme üçin öldürýärsiňiz? Sizi hem olary hem ryzyklandyrýan Men. Göreňizokmy? Ýerýüzi nygmatlary müňlerçe saçak mysaly siziň öňüňizde ýazylan. Asman siziň dadyňyza ýetişýär. Bulutlary siziň üçin ugrukdyryp, ol ýerden ýagyşy we gary ýagdyrýan, soňra bolsa ýer ýüzünde millionlarça görnüşli ösümlikleri ösdürýän Menden başga kim bolup biler? Bularyň ählisini görüp durkaňyz, aç galarys gorkusy bilen çagalaryňyzy nähili öldürip bilýärsiňiz? Asla unutmaň, şeýle edenler Allahyň gazabyna duçar bolarlar we bir gün olara-da, “Nä¬me üçin bigünä çagalary öldürdiň?” diýlip hasap soralar. Topraga gömlen çagalaryňyzdan “Günäňiz näme, haýsy sebäp bilen öldürildüňiz?” diýlip soralan mahaly” (Tekwir 81/8-9) diýen aýat bize şol döwrüň ahlak bozuklygyny aýdyň görkezýär.
Gyz çagalaryň ykbaly (okamagy maslahat berýän)
-
angel91
13 years ago
- mirasymyz bu gaty tasirlendiriji men on shu tema bilen baglanshykly zatlary okapdym. gaty gynandym. serwerimizin (s.a.w.)bu yowuz belanyn onuni alandygyna ona mun kerem shukur edyan!
-
lukss89
13 years ago
- gowy eken yazgeldi dost yene yazyp dur
-
Tourist
13 years ago
- Gaty gowy eken sagja bol dost
-
enesh91
13 years ago
- Oran gowy sagjabol.
-
Adgjmptw
13 years ago
- Mirasymyz, agam! Bu açan temañ meñ gaharymyñ gelmegine doly sebäp boldy, şeýle-de şol döwrüñ wagşy haýwandan hem geçiren ynsanlarynyñ şol derejelere çenli baryp ýetmekligi meni öte gynandyrdy. şeýle haramzadalyk bilen edilen wagşyçylygyñ barlygyny öñem eşidipdim we gaýdyp eşitmek islemeýärdim. Onda-da ýene okamaly boldum. Bu zatlara kim günäkär? şu ýerde bir zat, ýagny temadan daşlaşýanam bolsak adalat hakynda belläp geçmekçi. Tebigatda adalat barmyka? Ýok elbetde! Muña mysal: alañ açyk meýdanda, tebigatyñ owadan goýnunda milliardlarça janly-jandar ýaşaýar. Towşan öz balajyklaryny aç galdyrmazlyk üçin meýdana otlamaga çykdy, ol otlasa özünde çagalaryna ýeterlik iýmit ene süýdi boljakdy. Ol tebigatyñ bol ösümliklerinden özi we çagajyklary üçin iýmäge başlady. Bu ýerden uzagrakda baýryñ eteginde bir süren bardy. Ol sürende bolsa ene möjek öz çagalaryny daşyna üýşürip ezizläp ýatyrdy. Çünki olar mährem balalardy. Ähli ene öz çagasyny nähili eý görýän bolsa, bu hem tapawutsyz şeýle-di. Ene möjek öz balalarynyñ ajygyp başlandygyny duýdy. Ol awa çykmalydy, öz süreninden daşaryk çykyp durşuna ol daş-töweregine göz aýlady. Hiç hili zat gözüne ilmedi. Ol ýuwaşlyk bilen günbatara tarap aw ediş sypatyna girip ýöräp başlady. Ol kän ýöremeli bolmady, pessaýlap öwüsýän şemal onuñ burnuna täze ys getirdi. Möjek bu ysyñ öz awuna degişlidigini we onuñ gaty uzakda hem däldigini bildi. Ol bu ysa tarap seresaplyk bilen ädimläp başlady. Ol sesýetim ýerde bir gymyldyny görüpdi we bar ünsi bilen şoña berlipdi.
Ene Towşan şol otlap ýörşüne käte durup töweregine diñ salýardy. Birden geçen saparky ýaly bir bela sataşaýmaýyn diýýärdi. Geçen sapar bu towşan bir aç möjekden zordan gaçyp gutulypdy, şol ýadyna düşende endamy tikenekleýärdi. Ol ýene-de diñ saldy. Özüne howp abanýanyny duýdy. Ýöne eýýäm giç bolaýdy öýdýän. Ýok, beýle zat bolup bilmez. Entek ol ýaşamaly. Çagajyklaryny ene mährinden, ene eklenjinden üpjün etmeli. Möjek has golaý gelipdi. Towşan umydyny üzmän böküp gaçmaga başlady. Möjek hem umydyny üzmän kowalamaga başlady. Möjek bu towşany hökman tutaýmalydy, ýogsam onuñ çagalary aç galjakdy. Towşan hem hökman öz janyny halas etmelidi. Ýogsam towşanyñ hem çagalary aç galjakdy. Ýetim galjakdy. Beýle bolsa olar ajyndan öler ahyryn. Ine gaçha-kowluk dowam edýärdi. Ikisiniñem maksatlaryny deñeşdirip görüñ! Möjek ýetiberende towşan ugruny üýtgedip özüni gapdala oklaýardy, towşan ýadap başlady. Ol häzir möjege şam bolmalydy. Birden tüpeñ sesi ýañlandy. Towşan nämäñ näme bolanyna düşünmedi, ol yzyna garaman gaçyp barýardy. Oña çenli ýene-de tüpeñ sesi boldy, towşanyñ başy aýlanyp, gursagy gyzyp gitdi. Birdenem garañkylyk boldy. Ine dostlar, ynsan hem öz çagalaryny aç galdyrmajak bolup awa çykmaly bolupdy, we meýdanda oña ine saña aw diýlen ýaly bolup kowalaşyp gelýän möjek bilen towşan duşupdy. Awçy bu mümkinçiligi sypdyrmady. Bir ok möjege, bir okam towşana. Ine, indi netije çykarybermeli. Bu ýazga awçylar pylan wagt aw edenoklar, ýa bolmasa ene möjek, ene towşan awlananok diýmegiñiz hem mümkin. Ýöne köplenç ýagdaýlarda şeýle pursatlar kän bolupdyr eken. Indi ýañky ýetim galan möjek we towşan çagalaryna kim seretmeli? Kim olara iýmit getirip bermeli? Hany bu ýerde adalat? Hany bu ýerde deñlik? Bu zatlaryñ gurluşynyñ şeýledigine akylym ýetmänem duranok welin şu ýagdaýda adalat islegi döreýär. Ýa-da adalatyñ özümikä şol?! Umumana şeýle dostlar!
-
ADALATLY
13 years ago
- Beh seýran adalat adalat dp menemä čagyrdyň.bilmedim welin
šu zatlar barada öz pikrimi aýdaýyn.allah islese towšanyňam,möjegiňem
čagalaryny bir sebäp bn
ačlykdan ölmez ýaly edip biler.eger öläýen ýagdaýynda-da olar bašga bir haýwana šam bolup,ol haýwanyň čagalarynyň ačlykdan ölmezligine sebäp bolarlar.
mundan mysal alyp allah
tow bn möj ölmegini isläpdir.näme ün?
belki bularyň ölmekligi bašga 1000-če haýwanlaryň uzak
ýašamaklygyna sebäp
bolýandyr.ol 1000-če
haýwanyň uzak
ýašamagy bolsa bašga tow bn möjek sürüleriniň
uzak ýašamagyna sebäp
bolýarlar.tebigatda hemme zat biri-birine bagly edip ýaradypdyr welin biz ün adalatsyz
görünýän zat tebigat ün
adalatlydyr.
-
Adgjmptw
13 years ago
- Bää... Alla islese diýsene. Men öteräk geçenimi bilmändirin. Indi düşünip başladym öýdýän. Ähli bolýan we boljak ýagdaýlar Ýaradyjynyñ hut özüniñ garamagynda we gatnaşyk etmeginde bolup bilýär we Onsuz hiç zat bolup bilmeýär diýildigi bolýarmyka?
-
ADALATLY
13 years ago
- tebigatda šeýlemikä diýýän.ýöne Allatagala adama beýle däl.adamyň
öz erkine goýýar adalatly
bolmagam adalatsyz bolmagam.adam adalaty
saýlap 1tow bn 1möjegi
awlap öýüne gaýdyp biler.emma adalatsyzlyk edip 10tow bn 10 möjek
tutjak bolup ýörmegi
eýýäm bašga zat.
-
Adgjmptw
13 years ago
- Umuman pikirimi doly jemlemek gerek boljak öýdýän. Düşünmek añsat däl ýaly gözýetimiñ dar bolsa. Mirasymyz aga temañy başga ugurlara sowanym üçin ötünç soraýan. Ýöne bu temanyñ üsti bilen kän zatlary öwrendim öýdýän. Adalatly dostumyzam jan edip düşündirýär. Köp sagbol Adalatly! Ýene-de sizden sapak alar ýaly temalara garaşýaryn!
-
ADALATLY
13 years ago
- Seýran bu gürrüňimizi
nesip bolsa indiki oturlyšykda dowam ederis.
-
ata
13 years ago
- sag bol mirasymyz.
Bashga bir goshguly mowzukda Gyzlar dunyasi atly Kerim Gurbannepesowyn (?!) goshgusy bolmaly gadym wagtlardaky turkmen gyz cagalary barada. Okap gorun.
-
guljagaza
13 years ago
- залымлар дийлер олара !
-
Adgjmptw
13 years ago
seýran bu gürrüňimizi
nesip bolsa indiki
oturlyšykda dowam
ederis.
adalatly | 2011-06-24
05:09:06
hökman Adalatly! :-)
-
ADALATLY
13 years ago
- Seýran men saňa düšündirip bilmedigimi bilýän.belki agšam mirasymyz bu soragyňa
has dogry,giňišleýin jogap ýazar dp umyt edýän.
Haýwanlaryň edýän išine
adalytly ýa adalatsyz dp
bolmaýar.
adamlaryň edýän išlerine
adalatly ýa adalatsyz iš edipdir diýilýär.sebäbi
adamda saýlama hukugy
bar.šonuň ün gyz čagalaryny diriligne gömenler adalatsyz iš edipdirler.olar bu eden
etmišleriň jezasyny hökman görjekdirler.
-
Adgjmptw
13 years ago
- Adalatly, men muña düşünýän, ýöne bu aýdanlaryñ barada men pikir etmezden jogap ýazypdym. Dogrudanam Mirasymyz hem giñişleýin düşündirişli jogap ýazsa has täsirli bolardy. Ýene-de doly düşünmän galan ýagdaýlarymy hem doly öwrenmeklik üçin.
-
mirasymyz
13 years ago
- Aslynda adgjmptw dostum. Biziň käbir adalatsyzlyk ýaly görýän zatlarymyz adalatly bolubam çykaýýar. ine şoňa bir mysal:
“Allah olara zulum etmedi, olar öz-özlerine zulum edýärler”, (Tewbe suresi,9/70).
Bir gün Musa Pygamber daşyndan seredeniňde adalatsyzlyk we zulum ýaly görünýän syrly wakalaryň iç tarapyndaky adalaty görmek isleýär. Munuň üçin bolsa Allaha ýalbarýar. Allah onuň bu dilegini kabul edýär. Oňa dört ýoluň çatrygynda ýerleşýän bir çeşmäniň gabadynda gizlenip, bolup geçjek wakalara üns berip seretmegi buýurýar.
Hezreti Musa salgy berlen çeşmäniň gabadyndaky agaçlygyň içinde oturýar, gelip-geçýänleri üns bilen synlamaga başlaýar.
Birnäçe wagt soňra bir atly ala-tozan bolup, atyny çapdyryp gelýär. Çeşmäniň ýanynda bir salym dynç alýar. Soňra atyna atlanyp ýoluny dowam ediberýär. Ýöne atly dynç alýan wagtynda içi altyndan doly guşagyny çözüp, agajyň aşagyna goýupdy. Gideninde bolsa, guşagyny ýatdan çykarypdy. Altynlar çeşmäniň boýunda galýar. Atlydan soňra gelen ýetginjek bolsa, çeşmeden suw içip, gitjek bolup duran wagty içi altyndan doly şol guşagy görýär. Ol hem tolgunyp guşagy alan badyna başga bir ýola tarap gidýär.
Köp wagt geçmänkä iki gözi hem kör bir garry adam çeşmäniň başyna gelýär. Sowuk suwdan bir ýuwdum içip, dynç alyp otyrka, altyny ýadyndan çykaran atly howlukmaçlyk bilen dolanyp gelýär. Guşagyny çözen ýerini gözleşdireninden soňra, garry adama:
- Şu ýerde unudan pul guşagymy sen aldyň. Ýa pulumy berersiň, ýa-da men seniň boýnuňy sograryn – diýip hemle atýar.
Garry adam:
- Oglum! Meniň iki gözüm hem sokur kör. Seniň puluňy almadym – diýse-de atly ony diňlemeýär. Garryny gylyç bilen ilkinji zarbada ýere serýär. Soňra bolsa atlanyp, ol ýerden daşlaşýar.
Bu wakany synlan Musa Pygamber:
- Eý Rabbim! Bu wakalaryň içinde men-ä adalat görmedim. Atlynyň puluny ondan soň gelen bir oglan aldy. Emma ol iki gözi hem görmeýän bir biçäräni öldürdi?! - diýýär.
Hakyky hikmet we adalat eýesi bolan Allah bu sowala şeýle jogap berýär:
- Adamlaryň bolşy şeýledir, eý Musa! Wakalaryň daşyna üns bererler, zulum bardyr öýderler. Iç ýüzüni welin bilmezler.
- Bu wakalaryň iç ýüzi nämedir, eý Rabbim?
- Puluny çeşmäniň boýunda ýatdan çykaran adam bir wagtlar ýanynda işlän bir garyba zähmet hakyny bermändi. Puly tapan ýigit şol garybyň ogly. Çeşme boýundaky puly tapdy we alyp gitdi. Alan puly kakasynyň alyp bilmedik iş muzdudy. Ol oglan kakasyndan özüne miras bolup geçen hak algysyny aldy.
Ölen kör adam bolsa öňler eli ganly zalymdy. Öz eli, öz ýakasydy. Hat-da gözleri kör bolmanka, puluny ýadyndan çykaryp giden şol atlynyň kakasyny nähak ýere öldüripdi. Şu güne çenli eden zulumlary üçin hiç hili jeza çekmändi. Indi bolsa öň özüniň öldüren adamsynyň ogly gelip, puluny alandyr öýdüp kakasynyň ganhoryny öldürdi. Bu görnüşe görä (daşyndan adalatsyzlyk bar ýaly görünse-de) hakykatda adalat ornuny tapdy.
-
mirasymyz
13 years ago
- Ýene-de dost! Tebigatda hem şeýle. Seniň mysal getirşiň ýaly düşünemizde hem meýdanda möjegem, towşanam azalýan däldir. Allatagala tebigaty haýwanlaryň özi bilen arassalaýar. Dokumental filmlerde görýänsiň gaplaň keýigiň sürüsini kowalaýar. Gaplaň şol sürüň iň ejizini, ýarawsyzyny, hassasyny tutýar. Yzagalagyny. Ýa-da şonuň ýaly krokodil hem suw içip oturan antilopmy, gulanmy şolaryň iň ejizini iýýäler. Elbetde ýyrtyjy bolsa-da Allah bir ýerden ryzkyny berýär. şonuň ýaly guma ýa-da daga çykyp görseň känbir maslyga ýa başga bir zada duşmarsyň. Çüli ýaly adamlaň üýşýän ýerine barsaň giden musurlary yzynda goýup gaýdarlar. Tebigatda herbir zady Allah öz ýeride ýaradypdyr. hytaýda köpçülikleýin siňekleri gyrypdyrlar. Ondan soň täzeden siňegiň gözlegine çykypdyrlar. sebäbi hemme ýer musura öwrülip barýar diýýär.
Ýene bir mysal. Gurban aýynda dünýäde gaty köp goýuny gurbanlyk edýäler. Goýun janawer köplenç ekiz ýa bir guzy guzlaýar. Ýöne goýun dünýäde azalýan däldir. Şonuň ýaly it janaweriň näçeräk güjükleýänini bilýänsiň. Şonda-da hemme ýer it ýa güjük bolup ýörenok. Ýogsa iýilýän janawerem däl.
Dostum azajygam bolsa düşündiribilendirin diýip umyt edýän. Galanynam düşündiribiljeklere goýýan. Onsoňam bu adalat barada ýazanlam tema bilen hiç-hili baglanyşykly däldir. Tema başga tarapa ýykylansoň şondan ýazdym.
-
mirasymyz
13 years ago
sag bol mirasymyz.
Bashga bir goshguly mowzukda Gyzlar dunyasi atly Kerim Gurbannepesowyn (?!) goshgusy bolmaly gadym wagtlardaky turkmen gyz cagalary barada. Okap gorun.
ata | 2011-06-24 06:09:34
Sagbol Ata aga. Tüweleme "Sowet edebiýaty" žurnaly ýaly ýer eken. Ýene-de sagboluň maglumatyňyza.
-
HanMERW
13 years ago
- sag bolun oran gowy! Yene-de yazypduryn yagshylyk edin sag bolun!
-
Adgjmptw
13 years ago
- Mirasymyz köp sagboluñ! Aýdyñ görnüşde açyk düşündiriş beripsiñ. Temamyzdan daşlaşsagam has bähbitli bolan bir işi ýerine saldygyñ boldy. Maña-ha ullakan kömek boldy. Käbir jogaplarynyñ üstünden barylmadyk soraglara jogap tapdym we indi şu jogaplar boýunça soraglar ýüze çykmaz ýaly ýagdaýa gelindi. Mirasymyz size ýene-de bir gezek minnetdar!
-
magnit
13 years ago
- beybaaa on yalam bir zalymlyk boljak ekenow!
-
1merdan
13 years ago
- sag bolyň mirasymyz we agzalar gaty gowy tema şumadam gyzy bolsa gynanýanlar ýok däl. köp zady öwredýän tema ekeni
-
1merdan
13 years ago
- okap gördim Ata aga gaty gowy goşgylar bar ekeni
esasanam urş hakdakylary
-
Aristokrat
13 years ago
dünýede hasapsyz zat ýokdur
-
ependi
12 years ago
bää... alla islese diýsene. men öteräk geçenimi bilmändirin. indi düşünip başladym öýdýän. ähli bolýan we boljak ýagdaýlar ýaradyjynyñ hut özüniñ garamagynda we gatnaşyk etmeginde bolup bilýär we onsuz hiç zat bolup bilmeýär diýildigi bolýarmyka?
howwa
adgjmptw | 2011-06-24 03:00:25
mirasymyz 13 years ago- Bir gün sahabalardan biri Allah Resulynyň huzuryna baryp, jahalat döwrüne degişli öz başyndan geçen wagşylygy ýatlaýar: “Ýa ResulAllah! Biz jahalat döwründe gyz çagalarymyzy diriligine ýere gömerdik. Meniň hem bir gyzym bardy. Ejesine “Muny geýindir, daýysynyň ýanyna alyp gitjek” diýdim. (Ejesi görgüli, munuň näme diýmekdigini bilýärdi. Balasy ýene-de sanlyja salymdan guýa taşlanyp, ol ýerde ejir çekip jan bermelidi. Nätjek, aýalyň şeýle wagşylyga garşy çykmaga-da haky ýokdy. Onuň elinde gelýän ýeke-täk zat - aglamakdy) Aýalym aýdylany etdi. Çagajyk bolsa hakykatdan hem daýylaryna gidýändigine begenip, bökjekleýärdi.
Elinden tutup, öňden gazyp gaýdan guýymyň ýanyna getirdim. Oňa “Guýa seret” diýdim. Ol ýaňy bir guýa sereden mahaly, yzyndan iteläp göýberdim. Emma oňa guýyň agzyndan ýapyşmak başardypdy. Ol bir tarapdan çykmaga dyrjaşýardy, beýleki tarapdan hem “Kaka jan, üstüň hapalandy” diýip, geýimlerimi kakyşdyrýardy. Muňa garamazdan ony depip göýberdim we ţol guýyda diriligine gömüp gaýtdym.”
Ol sahaba bu wakany gürrüň bereninde Allahyň Resuly we ýanyndakylar gözýaşlaryna erk edip bilmän, aglaýarlar. Şol ýerde oturanlardan biri: “Sen-ä, Allahyň Resulyny örän ynjytdyň” diýeninde, Pygamberimiz (s.a.w.) oňa: “Ýene-de bir gezek gürrüň ber” diýip, talap edýär. Ol adam bu wakany ýene-de bir gezek täzeden gürrüň berýär. Iki Jahan serwerimiziň göz ýaşlary, mübärek sakgalyndan aşaklygyna syrygýar. Allahyň Resuly bu wakany täzeden gaýtalatmak bilen, megerem, şuny düşündirmek isländir: Ine siz yslamdan öň şeýlediňiz. Yslamyň size nähili adamkärçilik sypatlaryny bagyş edendigine has gowy düşünmegiňiz üçin, jahalat döwründäki bu wagşyçylygy gaýta-gaýta gürrüň berdirdim.