Salam agzalar! Soñky döwür shu rep (rap) hakynda köp gürrüñler edilýär, menem rep-iñ taryhy hakynda gysgajyk tanyshdyrmagy makul bildim. Eýsem rep (rap) diýlende her kim bu sungaty herhili göz öñüne getirýär, biri halaýar ýene biri halamaýar. Eýsem rep sungaty näme, nireden gelip çykypdyr...? Geliñ shu hakda pikir alshalyñ! Rep, muny ilki-ilkiler dashary ýurt köçelerinde öýsüz-öwzarsyz, garyp ýashaýan adamlar tarapyndan aýdylypdyr. Olar eleshan eshikde gamgyn goshgudyr-sanawaçlar aýdyp köçelerde öz günlerinden nalap durmushlaryny beýan eder ekenler. Görýän bolsañyz shu wagt hem rep aýdýan repçiler eshiklerini sallam-sajak edip aýdýandyr, aslyýetinde ol garyp durmushy beýan edipdir. Ol sanawaç ýaly edilip gamgyn aýdylýan goshgulañ haýsy döwürlerden bize geleni belli däl. Ýöne geçen 20 asyryñ 70-nji ýyllarynda hip-pop aýdym-sazlañ ösmegi bilen shol garyp halklañ ýüreginden dömüp-ýaryp çykan çykan sanawaçlardan aýdym görnüshinde rep döredilip ugralýar. Bu sungat gysga döwrüñ içinde uly meshurlyga eýe bolýar. Soñ-soñlar bu sungat gitdigiçe dünýä ýurtlaryna ýaýrap, ösüp-örñäp halkyñ içine aralashýar. Rep sungatyny ters, bolgusyz bir zat hökmünde göz öñüne getirmek asla nädogrudyr. Ýöne shu taryha göz ýetirmän muny bir ýöne rep hökmünde aýdyp ýören repçilerem gyt däl. Munda halklañ ahy-nalasy ýatyr, halk shu sungatyñ üsti bilen öz durmushyny, söýgüsini, gynanjyny, buýsanjyny beýan edipdir. Rep sungaty bize dashary ýurtlardan gelen sungat däldir, onuñ diñe aýdylysh ritmi gelendir. Biziñ halk döredijiligimiz bilen gös-göni baglanyshyklydyr. Ine mysal: sanawaçlar, köp sanawaçlary okan-eshden bolsañyz aýdylsh heñi deñdir. Munda halkyñ öz içinden dömüp-ýaryp çykan täsin görnushli üýtgeshik bir heñi bar. Ýöne rep aýdýan repçiler bu taryh hakda gyzyklanman, aýtmalymyka diýip ýöne aýdyp ýörenlerem gyt däl. Bu bolsa repe bolan islegi azaldýar, repiñ gadyr-gymmatyny gaçyrýar. Içinde manyly rep aýdymlaram bar, olar ýöne sanaýmaly. Rep sungatyna esasy zat saza dälde dil çeperçiligine uly üns bermeli, many taýdan ýiti seretmeli. Yone meñ özümä dutar, halk aýdym, estrada, rep bolsun tapawudy ýok, esasy shol aýdym many taýdan özüne çekse halaýan. Dogry, repi uly ýashly adamlardan diñleýäni asla az bolsa gerek, bolsa 25-30 ýashdan kiçiler diñleýär. Nämüçin beýle: rep ýurda ýañy-ýañylar geldi, uly ýashly adamlar oña öwrenshen däl, öwrenshibem bilmez. Olar wagtynda öz döwrüniñ aýdymlaryny diñläp ulaldylar. Olara repi indi näçe diñledeýin diýseñem diñledip bilmersiñ. Shu wagtky repi diñleýän ýashlar ulalyp ýashy 40-50 bolsada diñlär, sebäbi ýashlykda olar bu sungata belet. Galanynam özüñiz seljeriberiñ, esasy zat aýdymyñ görnüshi many we saz taýdan ýerine düshse diñlemejek adam bolmaz. Meñ özüm üçinä tapawudy ýok manyly sözli, shirin sazly aýdym bolsa haýsy sungata degishlem bolsa, diñläp lezzet alýan. Agzalar rep taryhy hakynda bilýänjelemmi siz bilen paýlashaýyn diýdim. Ýaltanman okanyñyz üçin öñünden sag bolsun aýdýan!
Rap hakynda
-
Tourist
13 years ago
menden sana repe bolan söygin u/n sowgat
-
Abadan
13 years ago
- dogry, repi uly ýashly
adamlardan diñleýäni asla az
bolsa gerek, bolsa 25-30
ýashdan kiçiler diñleýär.
nämüçin beýle: rep ýurda ýañy-
ýañylar geldi, uly ýashly adamlar
oña öwrenshen däl,
öwrenshibem bilmez. olar
wagtynda öz döwrüniñ
aýdymlaryny diñläp ulaldylar.
olara repi indi näçe diñledeýin
diýseñem diñledip bilmersiñ.
$u ýerde yegen dogry bellapsin. Mena entek 25 yasamogam welin, su com'da esidyan zumerci,s.t aý yene'de bir topar repcimi,rapcymy tanamogam, ynanmarsynyz aydyan replernem dinlawem goremok.(waah gaty garrapdyryn:-D:-D).bir sapar bir tan$yma gowy diskin yokmy diyemde,iska diyip bir disk beripdi,dinlayin diyip acdym welin $o sanap gidip otyr.(huday bilsin name sanaýar).aý garaz $eydip birinji sapar turkmenlen rebini dinlap gördum.beyle diysem rap bilemok diydigimdal,menem önler 50sent,eminem,P.DIDI(atlaryna doly bilemok)dinleyadim. Ýöne $u turkmen raplaryny dinlap göremok diyjek boldum.dogry hazirki döwurde uly adamlar bu nahili aýdym boldygy diyyanem kan. Herkim öz döwúrinin aydymy gowyda.
Rap dinleyanler menden gaty görman men yöne öz pikirimi aytdym.
-
magnit
13 years ago
- yegen molodes teman u.n! Tmrap-de ösu$ bar azajyk)
-
magnit
13 years ago
- yegen molodes teman u.n! Tmrap-de ösu$ bar azajyk)
-
zumerchi
13 years ago
- по моeму рэпи 1800 нaчeнжи йылдa илкинжи студиядa чыкaрaн ''тупaк'' болмaлы
-
Adgjmptw
13 years ago
- Gyzykly maglumat ýaly öz-ä. Sagbol paýlaşanyña! Abadan meñ aýtjak zatlarymy eýýäm aýdypdyr eken ;-)
-
Öwezz
13 years ago
по моeму рэпи 1800 нaчeнжи йылдa илкинжи студиядa чыкaрaн ''тупaк'' болмaлы
zumerchi | 2011-06-14 17:26:34
zumerchi bratişka.... 2pac (tupac)' 1973 yylda newyorkda dogulya, 1997 yldada atyp olduryaler maşynda.. Hahaha.. Kim aytdy 1800 diyip.. Internede göz ayla how)))
-
Öwezz
13 years ago
- koroçe tema super!!! Menem bir şular yaly tema açjakdym..
P.s. Tupac ilkinji heykeli diklenen super raper..
-
zumerchi
13 years ago
- брaток гeп олди)
-
idealman
13 years ago
- zumer ft. Syke - mashynda kekzzz menin in bir halayan aydymlarymyn biri!!!betinden prosto!wah,koprak bolsunla tmrapda shunun yalyjak aydymlar!
-
zumerchi
13 years ago
- яшaяс дийeн рэпи хeм говы 'билжeкми биз крaсноводскдa яшaяс, сeн нaмe дурсын, биз яшaяс )))
-
idealman
13 years ago
- baaaa,men dinlap gormedimlay.nirden alyp bolar?
-
zumerchi
13 years ago
- шо мaшиндa кeкз бн билe чыкды тмрэп.комдa бa
-
idealman
13 years ago
- ok
-
magnit
13 years ago
- >>syke "gözler"
>>syke mvp # mad
>>syke mvp & ildeniz..
>>abadi & mkm "marym"
>>don_max "gözelim" era89
>>era89 "hakyky terbiye"
>>mvp "disslaryn dissy"
>>zumer & syke "palestin"
>>syke "yonekey shemal"
>>zumer darkroom pusse productions ....
Kanlay ))
-
Yegen
13 years ago
- Rep ösmeli Türkmenistanda! Olam bir sungatyñ görnüshi! Zumer repe düshünýär, manyly aýdýar, oña söz ýok! Rep öñeeeeeee!
-
magnit
13 years ago
- cyra albomy*
-
idealman92
13 years ago
- ççç çyra,a.k.a pe$e-pe$e
-
ependi
13 years ago
- peshe
-
Ezba
13 years ago
- Rock taryhy nähilika. Tm-da aytyan bamyka
-
Ezba
13 years ago
- Rock taryhy nähilika. Tm-da aytyan bamyka
sahett 13 years ago- gowy maglumat