Goňşymyzyň bir gowy ogly bar. Arassa, agzyndan ýekeje-de gybat söz eşitmersiň. Ýöräninde- de ýere seredip ýöreýär. Ejesine- de “siz” diýýärmiş. Bir ýerin-ä gutardy. Şo diýip ölüp barýan-da! Okuwly. Özem ýeke ogul. Jaýlaram gowy. Düzgünlerem gül ýaly. Ejesem erbet däl. Özi ýaly ýuwaş, “meni urany hudaý ursun”. Kakasam bir institutda mugallym. Özlerem gyz gözleýämişler. Şol oglana görünjek bolup her zat edip çykdym. Şonda-da maňa barmysyňam diýenok. Ýekeje gezek özüme seretdirip bildim, onda-da jigime gaharyma “Gömül, ýerçeken” diýip, bir şapbat uramda jigim uly-ili bilen aglady. Ol oglanam maňa seretdi. Nämemiş, düşünjeli gyz gözleýämişler. Menem ýüzüme reňk çalmany-ha öwrendim. Zontigem göterýän. Düşünjeli diýdikleri näme-kä? Okuwly diýdiklerimi-kä diýsem, o-da dälmiş. Arada okuwly bir gyza-da barypdyrlar welin, gyz: “Ýaşmak ýaşyndyrmasa, gyňaç daňyn diýmese baraýaryn” diýýämiş. Şo sözi üçinem halamandyrlar. Mes tulalar bar gyz, biri diläp gelýän bolsa boldugydyr-da! Onda-da oň ýaly oglan üçin. Şu wagt düşündirip bilemok-da, goňşymyň ogly şeýle bir gowy-y- y, şeýle bir gowy-y-y... Jigimi uranymy halamadymy-ka? Aý, ýok-la! Gelnejemem çagalaryny eliniň ýeten ýerine geldigi “gyran degmişler” diýip urýar. Urmasaň bolýamy, o ýerçekenleri! Etiňi iýip barýalar-a. Oň üçin däldir-le! Şu düşünje diýilýän zatlarynyň nämedigini bilsem, ölerdim welin düşünjeli bolardym, şol oglan üçin. Oň nämedigini ne gelnejem düşündirip bilýä, ne-de ejem. Kakamdan soramaga-da utanýan. Bolmasa ertir ölýänem bolsam kakamdan soraýyn. Hindi kinosam başlaman geçdi-le! Gelnejem-ä: “Otursan-a gyz, bir gerreçi duşmasa şükür et!” diýýä...

Köneler, Friendship tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir