Gadym zamanlarda bir daýhan adam bar eken. Daýhan her gün agşam öz ýanyndan göwün ýüwürdip, bolsady ekip ýatar eken. Bir gün şol bolsadylaryny ekip ýatypdyr weli, düýş görüpdir. Düýşünde ol garyp daýhan bir ýere barýar eken. Ýolda onuñ öňünden bir owadan ak guş çykypdyr. Ol guş göräýmäge şeýle owadan, sypaýy guş bolsa-da, ol haram maslyga gonup, ony çokalap otyr eken. Ol garyp munuň bolşuny geň görüp, geçip gidiberipdir. Gidip barýarka, birgiden gülli ýorunjanyň içinde-de bir ýaby daňylgy dur weli, şeýle bir hor eken. iteleseň ýykyljak bolup dur eken. Ol daýhan muny hem geň görüp geçiberýär. Gidip barýarka bir çöl beýewanyň içinden geçýär. Töwerekde diş synçgar ýalam ot-çöp ýok eken. Emma şol takyrlygyň içinde bir at daňylgy dur weli, şeýle bir semiz eken, edil lowurdap duran endamyndan ýag damaýjak bolýarmyş. Daýhan muny hem geň görüp, geçip gidiberjek bolanda oýananmyş. Garyp daýhan gören düýşüni bir hiliräk görüp, garry atasyna gürrüň berenmiş. Garry atasy hem oglunyň gürrüňini diňläp: - Ol gören zatlaryň hemmesi hakykatdyr, oglum – diýipdir. Ol seniň öňüňden ilki çykan ak guşuň-a şu zamanyň daşy jäjek, içi möjek käbir harsydünýä adamydyr.Onuň yzyndan gülli ýorunjanyň içinde itseň ýykyljak bolup duran ýaby hem şu zamanyň käbir husyt adamlarydyr. Olar hem edil şol seniň gören ýabyň ýaly zady dünýä sygýan däldir weli, özi iýip-içip bilmän, ýumrugyndan çyksa ýalap, çykmasa oňup ýörendir. Takyr ýerde daňylgy, endamyndan ýag damaýyn diýip duran ýabyň bolsa biz ýaly özi garyp bolsa-da, dokmäde adamlardyr. Garyp atasy bilen ylalaşman: - Ol nähili biz ýalymyş? Semizliginden ýaňa endamyndan ýag damaýyn diýip dur. Emma biziň bolsa iýere nanymyz ýok, geýere donumyz ýok, owurdumyz-owurdumyzdan geçeýin diýýär. Onsoň biziň endamymyzdan ýag damarmy? diýen. Onda atasy: - Ýok, beýle däl, oglum. Şol takyr ýerde daňylgy semiz ýaby dokmäde garyp adamlardyr. Garybyň puly, dony bolmasa-da, göwni giňdir, ruhy beýikdir. Bir zat tapsa-da çagalary bilen, il-güni bilen paýlaşyp iýer. Gününi gaýgysyz-gamsyz, keýpi kök, wagtyny hoş geçirer. Halal işlär, halal iýer. Iýeni endamyna siňer. Ana, onsoň takyr ýerde daňylan semiz at hem aç-açan şoldur diýipdir.
Garyp daýhanyñ düýşi
-
Maykl
13 years ago
adgjmptw sag boluñ, manyly eken!
Mende bir sorag bardy düýshde goren zatlaryñ hakyky bolýamyka?
-
nejepturkmen
13 years ago
- ajaýyp hekayat!
-
Bahbit
13 years ago
- Берекелла дост сагжа бол. Гаты говжа пикиркер.
-
Auditor
13 years ago
- Wah medal goyup bilsedim (aglap oturan smayl)
-
jeyn91
13 years ago
- sag bol doss gowy hekaya eken
-
Mergen0492
13 years ago
- adgjmptw dos sen gaty gowy hekayalar aytyan sen elerin guler bitsin,
-
sazanda2
13 years ago
- auditor al birini sendakay!
-
Multik
13 years ago
- Many!
-
zagajkis
13 years ago
- takyr yerde semrap bolasy yoklay.
-
Multik
13 years ago
- Ha ha Zagajkis senem bir zat tapaýýañaý!
-
magnit
13 years ago
- adgjmptw- berekella! Gowy, manyly hekayalar yazyp (kopiyalap) dur! :-) :-)
-
Abadan
13 years ago
- Sag bol adgjmptw dogan,ýazyp dur.Hak aýdylan hekaýa,käbir adamlar bu hekaýan manysynada dü$meyar.
-
Abadan
13 years ago
- Sag bol adgjmptw dogan,ýazyp dur.Hak aýdylan hekaýa,käbir adamlar bu hekaýan manysynada dü$meyar.
-
Ayjagash
13 years ago
- Sag bolun adgjmptw. Manyly hekaya eken.
-
aymelek
13 years ago
- oran gowy hekaya eken manyly sag bol adgjmptw
angel91 13 years ago- oran gyzykly eken!