-Ependi aga! Amerika gaçyp giden Eneküti daýzam ýogalypdyr! Ine Amerikadan hat geldi! -Wah, wah! Ýatan ýeri ýagty bolsun! -Bilýäňizmi, Ependi aga! Eneküti daýza size 5000 dollar wesýet edip gidipdir! -Aý berekella! Jany sag bolsun! Ependi goňşusynyň gapysyny kakýar. Hiç kim jogap berenok. Gaty-gaty kakmaga durýar. Derwezaň agzyna ýuwaşlyk bilen kellemen türkmen iti Alabaý gelýär we şeýle diýýär: -Ependi aga, gapyny kakma! Öýde adam ýok! Itiň geplänine geň galan Ependimiz özünden gidip ýykylýar. Birsalymdan özüne gelýär we ite diýýär: -Alabaýjan! Näme, sen üýrüp bileňokmy ? Alabaý bolsa: -Üýrüp bilýän! Ýöne seni gorkuzmaýyn diýdim! Ependi bilen aýaly unaş iýýämişler. Aýaly pahyr şapbyldap iýýämiş. Ependi gahary gelip, çemçesi bilen aýalyny urýamyş. Aýaly: -Nämä urýaň, toba? -Şapbyldaman iý... Aýaly indi şapbyldaman iýmäge başlaýar. Birsalymdan Ependi ýene-de aýalyny urýar. -Indi näme üçin urýaň, kakasy?! -Şapbyldaýşyň ýadyma düşdi! Ependini keselhanada operasiýa etmeli bolýar. Doktor: -Ependi aga, size norkozy gymmadyndan edeýinmi arzanyndan? -Doktor jan, meniň pulym kän däl, iň arzanyndan edeweri. -Bolar agam! Taýýar boluň. Huwwa-huwwa ýatypdyr, Ependi agam ýatypdyr.... Ependiň öýünde diwarda ýolbarsyň kellesi asyk dur. Dostlary soraýar: -Ependi aga, bu ýolbarsy özüň awladyňmy? -Howwa! -Näçe okda aldyň, Ependi aga? -10 okda! -10-ysam degdimi? -Ýok, birem degmedi! -Onda nädip öldürdiň? -10 okumyň boş geçenini görüp, ýolbars gülüp-gülüp öldi... Soldat öýlerine granat iberýär: “ Enem jan! Eger sen şujagaz halkajykdan çekseň, meni 3 gün öýmüze göýbererler...“ “Titanik“ gark bolýar... Gäminiň ýarysy suwda. Garaňky. Gykylyk, agy sesleri... Şol iki aralykda „Titanigiň“ ýanyna kiçijik gaýykda bir özbek gelýär: -Çaý bar, kofe bar, kişmiş bar.... Kolhozda her gün işden soň, ýari gijä çenli ýygnak bolýar diýýär. Ozalam işden ýadaw adamlara agyr degýämiş bu ýygnaklar. Ahyry bir aýal seslenýär: - Ýoldaş başlyk. Meniň ýaş çagam bar, aglaýandyr. Men rugsat berseňiz gideýin! -diýýär. Başlyk rugsat berýär. Aýal gidýär. Yzy bilen ýene bir gelin seslenýär: - Ýollaş bashlyk jan, meni hem goýberäýiň-dä! -Sen nira? Seniň näme çagaň barmy? -diýýär başlyk. Ýaş gelin bolsa: -Günde ýari-gijä çenli şeýle ýignak etseňiz, meniň hiçem çagam bolmaz! -diýipdir. Aşgabat. Polisiýa bir “Zaparožly” orsy saklaýar. Naruşeniýesi bardyr-da elbet. Polisiýa orsa diýýär: -Siz maşyny gaty sürdüňiz. Türkmen dilinde obýasnitelnyý ýazmaly bolarsyňyz. -No ýa ne znaýu po turkmenskiý! -Men bilemok, maňa türkmençe obýasnitelnyý ýaz, nähili ýazsaz şoň ýaly ýaz! Ors pikir edýär, pikir edýär. Ahyry jübisinden 10.000 manat çykaryp, kagyzyň üstünde goýýar: -Na tebe obýasnitelnyý! -Türkmençe neznaýu, neznaýu diýip aldyň ýatdyň. Bilýän ekeniň- ä türkmençe... Basmaçylyk döwründe bir aýal we iki erkek kişi Garagumda tutulýarlar. Basmaçy olaryň atlaryny soraýar: -Adyň näme? -Ataberdi. - Öldüriň, ýigrenýän adym. Ony basmachylar atýarlar. - Seniň adyň näme?-diýip aýaldan soraýarlar. - Meniň adym PATMA! -Patma diýip bir aýal doganym bardy. Şol ýadyma düşdi. Goýberiň bu aýaly. Gitsin! Soňra iň soňky adama ýüzlenýär: -Seniň adyň näme? -Meniň hakyky adym PATMA, ýone obada maňa Myratgeldi diýýäler.
Degishmeler dunyasi!
-
Below
13 years ago
- ependi dostum gyrdynay yenede yazsana gunde oye gich barsan chaga nireden bolsun hahaha
-
Below
13 years ago
- eldarado gowudyra dost!
-
Eldarado
13 years ago
- Allaha šükür özüň nähili
Below
-
bmw525
13 years ago
- hemmesem bet sagja bol dost
-
Below
13 years ago
- eldarado gowy dostum allajana shukur! bolya gowy bolsan.
-
myratmeredow
13 years ago
- hahaaaahhhaaaa
-
Gapyrjak
13 years ago
- Kinodan:
Owalam biri awtobusa garashyp dur. Awtobusa garashyan adamlaram gaty kan. Ahyry awtobus gelyar, adamlar munup ugrayalar. Bulam ay howlukmayynla diyip sonuna chenli garashyar. In sonunda munjek bolyar welin awtobusa syganok, awtobus gidyar, olam galyar. Ikinji awtobusa garashyar, awtobus gelyar, yenede yzky gapy achylyar. Bu gezek ilden on munyar, yone adam kop bolanson yzdakykar itberip-itberip ony onundaki ishikden chykaryarlar. Yene awtobusdan galyar! Uchunji gezek awtobus gelyar, bu gezek ol yzdanam dal, ondanem, aralykda awtobusa munyar. Ahyry sheydip gidyar!
-
NMG
13 years ago
- Öran gyzykly
-
bmw525
13 years ago
- hahaha
-
Camry
13 years ago
- Ha ha sho kinony menem gördimaý, ol görgüli ilki awtobusa münýänlere ýol beren bolýada özi galýa, soñam gahary gelip ilki münýä, ondada iterip öñki ishikden çykarýalar! Ha ha ahyry ortalykda durup münýä awtobusa!
-
babagambar
13 years ago
- Oňem diya iki sany dali basseinin bashynda chay ichip otyrlar diya. Bir dali chay uchin getirilen shekeri basseine oklaya we bir yuwdum ichip goryade gapdalyndaka diya "mun a sheker okladym yone suyji dal" diyya, beyleki dali diyya "samsyk sen ony bulamadyna"
-
mirasymyz
13 years ago
- 1980-nji ýylda Moskwada geçen tomusky olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasynda çykyş edýän SSSR-iň birinji sekretary L.I. Brežnow elindäki ýazgysyny okamaga başlaýar: - o, o –diýýär we oturanlara seredip ýene okap başlaýar: - o, o, o – diýip kömekçisine seredýär. Kömekçisi ylgap gelip şeýle diýýär: –Bagyşlaň Lionid Iliç, bu tegelekler harp däl, olimpiýadaň belligi. -------------------------------------------------------------------------
Orsýetiň futbol ýygyndysy Sloweniýanyň ýygyndysy bilen Dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin aýgytlaýjy duşuşyk geçirýär. Orsýetiň ýygyndysynyň hüjümçisi Titowyň depen pökgileriniň hemmesi derwezeden sowa geçýär. Oýun gutarýar, orslar 1-0 ýeňilýär we ýaryşdan galýar. Janköýerleriň biri meýdançaň golaýyna gelip orslaryň treneri Romansewe agzyndan gelenini sögýär. Orsýetiň ýygyndysynyň hüjümçisi Titow Romansewe şeýle diýýär: -Ýoldaş trener, maňa rugsat ber depip garnyny ýaraýynla - Öňem Titowyň ençeme hüjümi zaýalanna gahary gelip duran trener: - Depip oturma barybir sowa geçer – diýip jogap berýär.
-
mirasymyz
13 years ago
- Bolan wakamy ony anyk bilemok. Ýöne menem eşitmiş. Bir gün bir toýa artist bary ýygnanypdyr. Gapydan Juma Ýazmyradow bilen ýene bir-iki artist giripdir. Juma Ýazmyradow artistler bilen bir-bir elleşip barýarka gezek meşhur artistimiz Sary Garryýewe (Gandym aga) ýetýär. Oturanlary bir gülüşdireýin diýip Juma Ýazmyradow Sary aga söz gatýa: - Sary aga biraz burnyňyzy sowuňsana aňyryňyzdakylar bilenem eleşsek – diýýär. Oturanlaram wakyr bolýar. Sary aga-da näme gep alyp galjakmy, eli bilen burnuny ýemşerdip: - Geç oglanyň ýanaýyn, eneň şu burnuma büdräp ölendir – diýip jogap beripdir.
-
Gapyrjak
13 years ago
- Hahahaha sonky diyen anekdotyna hakyky mirasymyz! Yokarkynam chyn bolmagy mumkin, yone sloweniya bilen orsyetin oynuny menem gordum! Tas titowa dal, telewizory dowayesim geldi sho wagt oynayyshlaryna gaharym gelip, yone telewizor gorgulide name guna bar, ol bir yone gorkezya!
-
mirasymyz
13 years ago
- Bir baý adam popugaý satyn alypdyr. Ýaňky baý popugaýy kapasa salyp äpişgäň öňünde goýupdyr. Şol wagt äpişgäň öňünden bir gaişnik geçip barýan eken. Popugaý gaişnigi görüp: - sen samsyk, haramzada, ogry, gedaý – diýip sögüp başlapdyr. Gaişnik popugaýyň eýesinden 300dollar pul bermeseň seni suda bererin diýip “hakyny” alyp gidipdir. Ertesi güni ýene-de gaişnik geçip barýarka popugaý agzyndan gelenini sögüpdir. Gaişnigem ýene eýesini soýup gidipdir. Popugaýyň eýesi gaişnige puly gidip ugransoň popugaýy satmak üçin kapasany göterip ugranda : - Hojaýyn meni satma, ýene-de bir gezek gaýtalasam onsoň sataý, indi gaýtalaman – diýip hojaýyna ýalbarypdyr. Hojaýyn popugaý bilen razylaşypdyr. Ertesi ýene gaişnik pulyny soýup bolmazmyka diýip popugaýly äpişgäň öňünden geçipdir. Popugaý sesini çykaranok. Eýläk-beýläk gatnaýa, popugaý sesini çykaranok. Özüne sögdürip pul gazanmagy ýüregine düwen gaişnik ahyry bolmansoň popugaýa seredip: - men haramzada, samsyk, ogry, gedaý – diýip gygyryp başlaýa. Popugaý bolsa ulydan demini alyp, şeýle jogap berýär: - Öňem bilýädim.
-
babagambar
13 years ago
- mun yene bir variandy ba. bir adamyn popugay satyn alya, olan yanna taze bir gaishnik gochup gelya, gaishnik her gun ishe baryaka popugay ona "sen samsyk, haramzada, ogry, gedaý – diýip sögya, her gun sheidip ishe baryaka popugay ona sogyan eken, ahyry gaishnik chydaman popugayyn eyesinin yanna baryp arz edya "eger yene popugayyn mana sogayse seni suda berjek" diyipdir. eyesi popugaya gowy edip gygyrypdyr. ertesi yene gaishnik ishe baryaka popugay eyesinden gorkup gaishnige;"EY SHol oňki diyenimdir"didyipdir.
chalarak yylgyraysagam bolar indi
-
mirasymyz
13 years ago
- Gum obalaryna arçyn edip şäherden belleýän ekenler. bir adamam arçyn bolup bir oba barýar. oba ilaty elmydama gelýän arçynlardan närazy ekenler. täze arçyn obaň esasy ýaşulysyny çagyryp,näme üçin narazy bolýandyklaryny, we öňki arçynlar hakda soraýar. ýaşula täze arçyna: - senden öňki arçynam, ondan öňkem, ondanam öňki, hemmesi ýaramazdy - diýip jogap berýär. Ahyry täze arçyn ýaşula:- Size arçyn bolup bellenenleň içinde ýekejede gowsy ýokmydy - diýip soraýar. Ýaşuly ýylgyryp: - ýekejesi bardy - diýýär. täze arçyn begenip: - howwa, ony gowy görer ýaly näme kömek etdi obaňyza - diýip soraýar. ýaşuly täze arçyna şeýle jogap berýär:- O görgüli obamyza ýetmän ýolda ölüpdir.
-
mirasymyz
13 years ago
- bir gün bir ýaşuly dellekçini tapman goňşysyna saçyny syrdyrypdyr. goňşysy hem öwrenje bolansoň ýaşulyň kellesini şeýle bir agyrdyp syrýan eken weli, ýaşulyň gözlerinden ýaş akýan eken. Şo wagtam bir düýäň erbet bozlaýanyny eşiden goňşysy:- pylan aga pylanylar näme düýelerini öldürjek bolýamyka?-diýip soraýar. jany ýanyp oturan ýaşuly:-bilmedim weli saçyny syrjak bolýan bolaýmasalar - diýip jogap berýär.
-
Friendship
13 years ago
- Ha-ha-ha-ha-ha-ha-ha...
-
mirasymyz
13 years ago
- bir gün amerikan, iňlis we ors maslahatlaşyp, müsüre howpsuzlyk gullygynyň işgärlerini iberip, mumyýalanan bir jesedi tapyp şonuň taryhda kim bolandygyny bilmeli, şeýdibem kimiň howpsuzlyk gullugynyň jesediň kim bolandygyny tanamakda güýçlidigini synamak isleýärler. amerikan howpsuzlyk gullugy mumyýaly otaga girip ýarym sagat onsuny, munsyny barlap çykýar. daşyna çykyp: - ýok tanamadym - diýýär. iňlisiňki girýär we oda bir sagada golaý güýmenip çykýar. oda kibtini gysyp çykýar. soň orsuň gullukçylary girýär.1sagat bolýar çykanok, 2sagat bolýa çykanok, ahyry 3sagat bolansoň, elleri çermelgi, ýumruklary çym-gyzyl, özlerem derläp myžžyk bolup çykýalar: - faraon ramzes 45-nji eken. Muňa haýran galan dünýäň žurnalistleri nädip bilendikleri bilen gyzyklanýarlar. orslaň gullukçylary şeýle jogap berýär: deýýusyň özi boýun ady.
-
tihiy
13 years ago
- bir dali barmyshyn kocan ugrunda oturanmysh.bir oglanjygam welosopedlije baryan dalin denine yetende welosopedin sepi cykyar.yanky oglanjygam yoldan bir dash alyp dakyshdyrypjyk yola dushyar yanky dalem dashy alyp yzyndan kowalap ugraya oglanjyk cyny bilen gacya dalem kowalaya ahyry bolmanson oglanjyk durya dali aydyamyshyn inim alyn cekiciniz galdy.
-
Kemaru
13 years ago
- hehehe-hahaha
-
DG
13 years ago
- ha ha ha
mugallym okuwcydan soraya:sen onunden 1halta altyn bn 1halta akyl cyksa haysyny alardyn'diyip sorayar.Okuwcam:elbetde altyn alardym diyipdir.Mugallymam-samsyk bolyan,mena akyl alardym.'diyipdir.
Okuwcam-mugallym herkim ozune geregini alarda* diyipdir
-
acitm
13 years ago
- awtobuss hahaha niresinde gulmelay ???
-
mirasymyz
13 years ago
- dälihanada bir däli köwşüniň bajygyndan tutup süýräp gelýän eken. munyň ýanyna başga bir däli gelip:-dost aýtsana, bu itiň ady nämaý.
köwşüni süýräp gelýän muňa alarylyp:- eý samsyk, bu itmi? bula köwüş-diýip jogap berýär. ol dälem ýüzi alnan ýaly bolup gidýär. Köwşüni süýräp gelýän däli köwşüne seredip şeýle diýýär: - nätdik, tuzik alladykmy!!!???
-
mirasymyz
13 years ago
- bir baý adam mallaryny uzak wagtlap saklamak üçin piriň ýanyna barýar we ondan doga alýar. pir oňa namaz oka, oraza tut diýýär. olam namaz okaýar, oraza tutýar.
bir gije möjekler çozup mallaryň epeslisini zaýalaýr. ýene piriň ýanyna barýar. pirem sadaka paýla diýýär. baý öýüne baryp sadaka paýlaýar.
ertesi gije möjekler mallarynyň galan ýarysyny zaýalaýar. baý pire bolan wakany aýdýar. pir bu gezek oňa gijelerne turup namaz oka, dileg et diýýär. baý agşam turup namaz okaýar, dileg edýär. irden mallaryň ýanyna barsa möjekler hemmesini zaýalap gidipdir. şo wagtam gapdalyndaky iti uwlap başlapdyr. bolan işe akyl ýetirip bilmän, daşyň üstünde kellesini tutup oturan baý itine şeýle diýipdir: - gap sesiňi! seňem iki rekagat namazyň galdy.
-
Rechan
13 years ago
- bir gun, student bufeda giryar, ol yerde bolsa bosh yer yok bolany ucin professoryn yanynda oturyar.
Prof.: donuz gusha dost daldir.
student: bolya, men onda ucayin.
Professoryn gahary gelyar, we ekzamenda yykayyn diyip gityar. Ekzamen guni gelende studenda in kyn soragy beryar, ol bolsa gowy jogap beryar. professor ylalashyar we in sonky soragy beryar:
Prof.: Yolda yorap baryan, bir meshok akyl bilen bir meshok altyn goryan, name alarsyn???
Student: Bir meshok altyn alardym. =)
Prof.: Men bolsa akyl alardym
Student: Kime name yetmeyan bolsa sony alyada
Professor beter gaharlanyar we zachetkasyna "Donuz" diyip yazyar. Student bolsa seretman, begenip gityar. Bir nace wagtdan son student yzyna gaydyp gelyar:
Student: Professor, siz barde golunyzy goyupsynyz welin, bahany yazmana yatdan chykarypsynyz-a!
-
acitm
13 years ago
- tokayyn shasy yolbars yygnak edya" egerde kimde-kim tokayyn in uly gayasyndan bokup diri galsa onda ona baylygymyn yarysy yany bilen gyzymy goshup beryan diyipdir. Tokaydaky haywanlaryn barysy shol belent gayanyn yanyna bardylar, goryaler weli gaty belent,hich haywanyn yuregi edenok bokmane. Birsalymdan son Ayy patlap yere dushyar, yolbars ayyny gutlajak bolup barsa Ayy "dur hojayyn ilki yzymdan iteklanin ishini goreyin" diyip yuzlenipdir...
-
acitm
13 years ago
- obada bir yashuly bazardan popugay satyn alyp oyune getirya. 2-3 gun gecher-gechmez gomshysy gelyar yashulynyn oyune..... Yashuly papugayyna eyye dursana menin towuklaryma gun berenok diyip zeyrenya..... Yashuly papugaya temmi hokumide kelesindaki sachyny syryar. Aradan 1-2 gun gechya yashuly oyunde sadaka berya. Papugayam komekchi hokuminde gapyyn agzynda goyyar. Ayalar gelse ol jaya, erkekler gelse bu jaya diyip papugay adamlary yerleshdirip dur. Bir salymdan papugay sadaka gelyan bir kelesi kell adamy gorup "hojayyn towuklara azar berenleri haysy jaya diyya".........
-
myratmeredow
13 years ago
http://www.youtube.com/watch?v=nfv3uuqpfxi&feature=feedlik
-
myratmeredow
13 years ago
- bas okunmersin
-
myratmeredow
13 years ago
- bas
-
Kuraldyshy
13 years ago
- Hezil etdimay, sagja boluø
-
jehhi
13 years ago
- )))))))))))) bay gowy degishmeler eken.sag bol!
-
arashjan
13 years ago
- gulmekden ayrmasyn sagja bolun:-)
-
idealman92
13 years ago
- salam hemmanize!
iki sany dost bar,studentlar,bir komnatda yashayarlar.biri beylekisini oynajak bolyar.
-shu gun gunortan parka gelsene diyyar.
onunden bir skameykany kraskalap goyyar.ozunin oturjak yerini ellanok we oturyar garashyp.dosty gelyar-de:
-dost men sana bir zat aytmaly-diyyar.beyleki:
-yok otur,onson aydarsyn-diyyar.
-yone bu gaty wajyp ahyryn
-ay how sen geche otur,onson name aytsan ayday.
dosty gechip oturyar,oglan gulup-gulup pomidor bolyar yuzi.
-nama gulyan?
-senin oturan yerini shu wagtjyk kraskaladym
-wahhh,menem sana shu gun senin taze alan balagyny geyip geldim diyjekdim...
yakma-bishersin,gazma-dushersin))))
Eldarado 13 years ago- Ependi dost granat b/n patmaň gaty gülkinč eken,sagja bol dost!!!
:-)