Coldplay, Jeý Balwin, Doja Cat we Tems dagy Klublaýyn dünýä çempionatynyň finalynyň arakesmesinde çykyş eder
Nýu-Jersi ştatynyň Ist-Rezerford şäher okrugyndaky MetLife stadionynda FIFA-nyň Klublaýyn dünýä çempionatynyň final oýnunyň arakesmesinde aýdym-sazly şüweleň bolar. FIFA 13-nji iýulda boljak konsertde kolumbiýaly aýdymçy Jeý Balwiniň, repçi aýdymçy Doja Cat-yň we nigeriýaly artist Temsiň esasy hedlaýnerler boljakdygyny habar berdi.
Halkara f...
Apple-yň WWDC 2025 tanyşdyrylyşy soňky 10 ýylda iň gysgasy boldy
Apple-iň WWDC 2025 konferensiýasyndaky tanyşdyrylyşy 92 minut dowam etdi – bu soňky on ýylda iň gysga tanyşdyrylyş diýlip, kompaniýanyň resmi YouTube kanalynda habar berilýär.
2015-nji ýyldan 2019-njy ýyl aralygynda tanyşdyrylyşyň dowamlylygy 140 – 145 minut boldy.
2020-nji ýyldan başlap, Apple onlaýn görnüşe geçenden soň, onuň dowaml...
Türkmenistanyň wise-premýeri N.Atagulyýew Daşkentde Özbegistanyň Prezidenti bilen duşuşdy
Daşkentde geçirilen Halkara maýa goýum forumynyň çäklerinde Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýewiň duşuşygy boldy. Bu barada özbek Lideriniň metbugat gullugy habar berýär.
Wise-premýer özbek Liderine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň w...
Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde innowasiýalara bagyşlanan halkara maslahat geçirildi
11-nji iýunda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde «Innowasiýalar, parahatçylyk, durnukly ösüş» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Halkara ylmy-amaly maslahata dünýäniň jemi 5 döwletinden jemi 11 sany, sanly ulgam arkaly 20 sany dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, yl...
Türkmenistan BMG-niň Syýahatçylyk guramasynyň Ýewropa sebiti üçin Komissiýasynyň 71-nji mejlisine gatnaşdy
Türkmenistan 4-6-njy iýun aralygynda Azerbaýjanyň Baku şäherinde geçirilen BMG-niň Syýahatçylyk guramasynyň Ýewropa sebiti üçin Komissiýasynyň 71-nji mejlisine gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi.
Mejlisde türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Germaniýadaky ilçisi, Türkmenistanyň BMG-niň Syýahatçylyk guramas...
Türkmenistanyň milli ýygyndysy Tailandyň derwezesine taryhynda iň çalt goluny geçirdi
Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Aziýa Kubogy-2027-niň üçünji saýlama tapgyrynyň ikinji oýnunda öz meýdanynda Tailandyň ýygyndy toparyndan 3:1 hasabynda üstün çykdy.
“Aşgabat” köpugurly stadionynda geçirilen oýunda ýygyndy toparymyza ýeňiş getiren toplary Mihail Titow (1-nji minutda), Yhlas Saparmämmedow (37-nji) we Mekan Sapar...
“Real” öz stadionyna bagyşlanan dizaýn bilen 2025/26 möwsüminiň eşik toplumyny görkezdi
Madridiň “Realy” adidas tarapyndan taýýarlanan 2025/26 möwsüminiň öý eşik toplumyny görkezdi. Dizaýn “Santýago Bernabeu” stadionynyň taryhyndan ylham alyp, klubuň mahsus reňklerini döwrebap tehnologiýalar bilen utgaşdyrýar.
Köýnekçe gara we altynsow çyzyklar hem-de nokat görnüşli nagyşlar bilen ak reňkde ýerine ýetirildi. Şeýle dizaýn ozal 2...
Xiaomi 11 dýuýmlyk ekrany bolan iň amatly Redmi Pad 2 planşetini hödürledi
Xiaomi kompaniýasy Redmi Pad 2 planşetini resmi taýdan dünýä bazaryna hödürledi. Bu model brendiň 2025-nji ýyldaky iň elýeterli planşeti bolup durýar diýip, «GSM Arena» habar berýär.
Enjam 2560 x 1600 piksel durulygy, 90 Gs täzeleniş ýygylygy we 360 Gs sensor duýgurlygy bolan 11 dýuýmlyk IPS ekran bilen enjamlaşdyrylan. Enjamyň displeýi yrgy...
“Lilo we Stiç” remeýki kassa ýygymynda 770 million dollardan gowrak girdeji gazandy
Disney-iň “Lilo we Stiç” multfilminiň oýun remeýki dünýä boýunça kassa ýygymynda 772,5 million dollar toplady. Film 2025-nji ýylda girdejisi 1 milliard dollardan geçen ilkinji film bolup biler.
Demirgazyk Amerikada film 335,8 million dollar, halkara bazarlarynda bolsa 436,8 million dollar girdeji gazandy. Şol bir wagtyň özünde, filmiň önümçi...
Xiaomi Apple-yň ýoluna eýerýär: kompaniýanyň indiki operasion ulgamynyň ady HyperOS 26 bolar
Geçen aýyň ahyrynda Bloomberg agentliginiň žurnalisti Mark Gurman Apple-yň operasion ulgamlaryna at beriş düzgünini üýtgetjekdigini aýdypdy. Indi bolsa, Hytaýyň Xiaomi kompaniýasynyň hem şeýle düzgüne geçmäge taýýarlanýandygy mälim boldy. Bu barada «GSMArena» habar berdi.
Apple öz operasion ulgamlarynyň täze wersiýalaryny WWDC 2025 konferens...
Alymlar syrly we seýrek Uinston Red göwheriniň syryny açdylar
Alymlar dünýäde iň seýrek we syrly göwherleriň biri, agramy 2,33 karat bolan Uinston Red göwheriniň ilkinji barlagyny geçirdiler. Bu iş Gems & Gemology žurnalynda çap edildi diýip, IFLScience habar berýär.
Uinston Red göwheri özboluşly gyzyl reňki bilen tapawutlanýar. Hünärmenler ony bahasyna ýetip bolmajak diýip atlandyrsalar-da, onuň bazar...
Samsung kagyz ekranly mahabat tagtasyny çykardy. Ol elektrik çeşmesine birikdirilmezden işleýär
Günorta Koreýanyň Samsung Electronics tehnologiýa ägirdi Сolor E-Paper sanly mahabat tagtasynyň global satuwyna başlady. Enjam reňkli elektron syýa tehnologiýasynyň esasynda gurlan we hemişelik energiýa çeşmesi bolmazdan şekilleri görkezmäge ukyply.
Сolor E-Paper — 2560 × 1440 piksel durulykda we 16:9 gatnaşygynda işleýän 32 dýuýmlyk ekran....
Nematod gurçuklarynyň syýahat etmek üçin “janly diň” guruşlary ilkinji gezek wideo alyndy
Maks Plank Jemgyýetiniň Haýwanlaryň özüni alyp barşy institutynyň we Konstans uniwersitetiniň alymlary ýabany tebigatda ilkinji gezek nematodlaryň adaty bolmadyk hereketini hasaba aldylar. Bu gurçuklar wertikal “janly diňler” görnüşinde düzülip, golaýyndan geçýän mör-möjekleriň bedeninde “ýapyşyp” ondan-oňa geçýärler.
Ozal beýle hereket diňe...
Özbegistanyň milli ýygyndysynyň futbolçylaryna DÇ-2026-a çykandygy üçin awtomobil sowgat berildi
Özbegistanyň milli ýygyndysy Aziýa yklymynda 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň saýlama ýaryşynyň üçünji tapgyrynyň jemleýji oýnunda Katary 3:0 hasabynda utdy. Topar taryhda ilkinji gezek dünýä çempionatyna çykdy.
Oýundan soň Özbegistanyň milli ýygyndysynyň her bir oýunçysyna we tälimçilerine BYD markaly awtomobil sowgat berildi. Olar göni f...
BMW iýul aýyndan başlap täze awtoulaglarynyň bahasyny galdyrar
BMW 2025-nji ýylyň 1-nji iýulyndan başlap 2026-njy ýylyň model hataryndaky awtoulaglarynyň hemmesiniň diýen ýaly bahasyny galdyrar. Muňa diňe käbir modeller degişli bolmaz diýip, awtoulag öndürijisiniň dilerler üçin içerki habaryna salgylanýan CarsDirect habar berýär.
Ortaça bahanyň ýokarlanmagy, modeline baglylykda takmynan 1,9% ýa-da 1100...
Amerikan başlangyjy düwünçeklere genetiki taýdan baha berjek ilkinji programmany döretdi
Amerikanyň Nucleus Genomics startapy emeli tohumlandyrma wagtynda ýatga geçirilmezden ozal düwünçegiň genetiki profilini seljermäge mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji programma üpjünçiligini döretdi.
Maksatnama neslegeçiji keselleriň ösmek ähtimallygyna, ömrüň dowamlylygyna, şeýle hem geljekki çaganyň fiziki we aň-bilim aýratynlyklaryna baha...
Manhart awtobezeg ussahanasy Porsche 911 Turbo S-iň kuwwatyny 1000 at güýji töweregi ýokarlandyrdy
BMW awtoulaglaryna niýetlenen taslamalary bilen tanalýan nemes Manhart týuning-atelýesi Porsche 911 Turbo S-iň 992 nesli üçin üýtgeşmeler toplumyny hödürledi. Täze sazlaýyş bukjasyna TR 900 II diýilýär.
Onuň kömegi bilen 3,8 litrlik oppozit hereketlendirijisiniň güýji 650-den 922 at güýjüne, torky 800-den 1090 Nm-a çenli ýokarlandy. Bu netij...
Braziliýa Dünýä çempionatlarynyň saýlama tapgyrlarynyň ählisinden geçmegi başaran ýeke-täk ýygyndy bolmagynda galýar
Braziliýanyň milli ýygyndysy Paragwaýy 1:0 hasabynda ýeňip, resmi taýdan 2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça Dünýä çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazandy.
Şeýlelikde, Braziliýa ähli dünýä çempionatlarynyň saýlama tapgyryndan geçmegi başaran taryhda ýeke-täk milli ýygyndy bolmagynda galýar. 1930-njy ýyldan bäri jemi 22 ýaryş geçirildi. Ka...
“Mançester Siti” iki reňkli zolak bilen täze eşik toplumyny hödürledi
Angliýanyň “Mançester Siti” futbol kluby 2025/2026 möwsümi üçin myhmançylykda geýjek täze eşik toplumyny hödürledi.
Germaniýanyň Puma sport brendi eşigiň dizaýnyny Nýu-Ýorkdan dizaýner we hudožnik Kolm Dilleýniň KidSuper studiýasy bilen hyzmatdaşlykda taýýarlady.
Täze toplumda esasy ak reňk diagonal geçýän gara-gyzyl zolak bilen utgaş...
Bütindünýä banky garyplygyň çägini günde 3 dollara çenli ýokarlandyrdy
Bütindünýä banky halkara garyplyk çäginiň adam başyna günde 2,15 dollardan 3 dollara çenli ýokarlandyrylandygyny habar berdi. Bu barada guramanyň habarynda aýdylýar.
Geçenki çäk 2017-nji ýylda ýurtlaryň satyn alyjylyk ukybynyň pariteti (purchasing power parity, PPP) baradaky maglumatlaryň esasynda hasaplanypdy. PPP dürli ýurtlarda ýaşaýyş ba...