Ilkinji täze ýyl täzeligi

Türkmenistanyň 2021-nji ýyldaky ilkinji çagasy Lebap welaýatynyň Saýat etrabynda, Seýitnazarowlaryň maşgalasynda dünýä inipdir.
Ýaşy uzynja bolsun! Remezan jigimiz gerçek-goç ýigit bolup ýetişsin!

Dowamy »

900 10
Täzelikler, 3 years ago


"Lebap, hoş indi!.."

"Biz gitdik, sen galdyň, Lebap, hoş imdi!"
Seýitnazar Seýdi


Saňa ýürek sözlerimi diýeýin:
Biz gidýäs, sen galýaň, Lebap, hoş indi!
Bäş ýyl geçip gitdi bäş sagat deýin,
Biz gidýäs, sen galýaň, Lebap, hoş indi!

Köýteniňden şypa tapdyk — kän gezdik,
Ýazlap ýaýlalaň...

Dowamy »

831 11
Edebiýat, 3 years ago


Söýgi goşgusy

Ir säher "Ertiriň haýyr" diýmedim,
Hal-ahwalyň soramadym ýygydan.
Düşünýän, kän gezek igenensiňem
Bolmanyma "hyýaldaky ýigidiň".

Gujak-gujak gül bermedim iller deý,
Doglan günüň ýatdan çykdy kä pille.
Meni "şahyr" diýip söýenem bolsaň,
Şahyrlarça wasp etmedim käkilleň.

Ýöne sen...

Dowamy »

866 7
Edebiýat, 3 years ago


Ýürekdeşe

(Gülnar Geldimyradowa bagyşlaýaryn)


Ýene-de oýamyň gijäňýarymy?
Ýene-de bimaza edýärmi gussaň?
Ýene-de dört diwar gysyp-gowuryp,
Ýene-de depäňe ýakynmy asman?

Ýene bir nokady gözleriň bilen
Deşäýjek bolýaňmy?
Ýüregiň go:rmy?
Kalbyň dyrmalanyp, göwnüň döwülip,
Baş...

Dowamy »

770 2
Edebiýat, 3 years ago


"Bu gün maňa ýylgyraňok diýme, ýar..."

Bu gün maňa ýylgyraňok diýme, ýar,
Agyr degýär seniň bilen hoşlaşmak.
Dogry dälmiş ýakynlaňdan soraman,
Öz erkiňe halal söýgä baş goşmak.

Bilýän, ejeleri agladanyňdan
Çyn söýgiň ýoluny baglanyň gowy.
Erte bütin ömrüň aglap geçenden
Häzir birnäçe gün aglanyň gowy.

Käte, düşünmed...

Dowamy »

878 11
Edebiýat, 3 years ago


Şu günki eden gowy işlerim

Şu gün irdenjik üstümdäki gowy ýapylan ýorgany aýyrdym-da, dogup gelýän gowy Güne seretdim. Soň ýerimden gowy edip turdum. Gowy edip ýuwundym. Ondan soň gowy komnatdaşym gowy çaý demläp goýupdyr. Ol hem gowy çäýnegiň içinde. Soň gowy käsä gowy çäýnekdäki gowy çaýdan gowy edip guýdum. Soňam, gapdalda gowy gapda gowy süýjiler bar eken, olardan birini...

Dowamy »

812 2
Edebiýat, 3 years ago


Hormatly Prezidentimiz berk käýinç yglan etdi

2020-nji ýylyň 29-njy dekabrynda elektrik energiýasynda bökdençligiň ýüze çykandygy sebäpli Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer Ş.Durdylyýewa, energetika ministri H.Pürçekowa, energetika ministriniň orunbasary B.Hudaýberdiýewe berk käýinç yglan etdi.

Dowamy »

1083 18
Täzelikler, 3 years ago


Köňlüniň baglaryna ýesir düşüren

Birmahallar uniwersitetde okaýarkak professor Nazar Gullaýewiň edebiýat boýunça sapak geçilende Gündogaryň paýhas çyragy, sekiz asyryň serweri Jelaleddin Rumynyň bir sözüni aýdypdy leksiýada, ýadymda:

“Biziň bakdygymyz köňüldir, başga bir zat däldir”

Bu jümläni uniwersitet depderinden tapmasam-da, köňlümiň “depderinde”...

Dowamy »

826 4
Edebiýat, 3 years ago


"Ukladyňmy, dünýäm?.."

Ukladyňmy, dünýäm? Ýa henizem nem ýuwan gözleriňi bir nokada dikip, geçen günleri ölçerýäňmi?
Gör, bu durmuş bizi nädäýdi! Otursak-tursak oýumyza gelmejek ýagdaýlara duçar edip, göwünlerimizi, göwrelerimizi bir-birekden juda alyslara zyňyp taşlaýdy. Säherler kimin täp-tämiz ýüregiňi bimähreme baglap goýaýdy.
Aýtmasaňam, bilýärdim, duý...

Dowamy »

853 1
Edebiýat, 3 years ago


Sen hakdaky oýlar bilen ikiçäk

Ýene-de sen hakdaky oýlar bilen ikiçäk otyryn. Hemişekiler ýaly, ýene-de seniň bilen derdinişesim geldi...
Sen gideniňden soň men ýalňyzdygyma has beter göz ýetirdim. Bu gelen güýzde baglardan tänýän sary ýapraklar göýä sensiz geljegimiň ýowuz buşlukçysy ýaly... Ýapraklaryndan jyda düşen çüw-ýalaňaç baglar meniň çolaran durmuşyma kybapdaş......

Dowamy »

781 5
Edebiýat, 3 years ago


Ejeme ugratmajak hatym

Salam, eje. Seýrek jaňlarym üçin meni bagyşla, käbäm. Okuwdan boşan wagtymam saňa jaň edäýmeli welin, edemok-da...
Ýadyňdamy, geçen gezekki jaň eden wagtym: “Sesiň üýtgäpdir-le, oglum, keselläp dagy edeňokmy?” diýeniňde: “Ýok-la, eje jan, bilýäň-ä, sesimem häsiýetim ýaly üýtgäp dur” diýip gülen bolupdym. Aslynda şonda şeýle bir agym tutdy,...

Dowamy »

881 8
Edebiýat, 3 years ago


"Hey, gidi günler..." diýýälermi türkler))

Laýyk 11 ýyl öň men şu ýerde Friendship nikdedim. Talyplar - iň meşhur saýtdy. Gowy-gowy, güýçli agzalary bardy. Soň Ertir.com açyldy...

Dowamy »

992 11
Sorag-jogap, 3 years ago


С НОВЫМ 2021 ЙЫЛОМ!!!!

Желаю на Новый год огромного Багта, большого Зехина, идите прямо к Максату и Мурату, длинного Омура, вечного Шатлыка, бесконечного Гайрата, будьте всегда с Аманом и Эсеном, не теряйте Акыл-Хуша, желаю всегда хорошего Дилега, пусть рядом будет Саглык и пусть Саламатлык не оставляет вас! С НОВЫМ 2021 ЙЫЛОМ!!!! :)

Dowamy »

861 14
Sorag-jogap, 3 years ago


Sen meniň guwanjymdyň...

Sen meniň guwanjymdyň. Ýeketäk sen bardyň arzuwly yşk dünýämde. Indi bolsa senem ýok...
Günleriň şo-o-ol zybrym geçip durşy. Ýel ugruna bir eýläk, bir beýläk yranyp duran baglaryň şahalary, tutuksy asman, çola köçeler, agraslaşan howa... Dünýä şeýle bir içgysgynç. Göýä jahanda menden başga adam galmadyk ýaly, juda ýalňyz duýýan özümi. Bu ýal...

Dowamy »

750 1
Edebiýat, 3 years ago


Şahyr dostuma

Biz nähili oýunbaz,
Gör, nähili yşkbaz biz!
Kimler üçin-ä hiç kim,
Kimler üçin ykbal biz!

Bir gün buzdan sowuk biz,
Bir gün gyzgyn otdanam.
Kä göwündeş gözleýäs
Ýakyndanam, ýatdanam.

Käte aýdym küýseýäs,
Käte özümiz aýdym.
Kä zalym biz,
Käte-de
ýukal...

Dowamy »

742 2
Edebiýat, 3 years ago


Azajyk patriotizm :-)

Men erkin adam, meniň demim — tamdyryň howry, meniň emim — düýe çaly. Meniň sazym — dutar, aýdymym — ene hüwdüsi. Hiç haçanam bananyň süýjüsini gawunymyň şiresine deňemerin. Meniň üçin klassika — Nury Halmammedow. Däbim, buýsanjym, arkam — Oguz. Şu toprakda ýöremegi öwrendim, oýunjagym — aşyk, mekdebim — namys. Namazlygym — keçe, dinim — mertebäm....

Dowamy »

887 14
Edebiýat, 3 years ago


TANKYTMÄMMET!

Soňky döwrüň tejribesi: sen tankyt etmezden öň, öz opponentiňi öwmeg-ä beýle-de dursun, ony, hatda, süýr depesinden başlap, dabanyna çenli mürepbä batyryp çykaryp, soňra onuň daşyny “şapbyldadyp” ýalanyňdan soňam tankydyňy, ol-a ýumşak äheňde, sypaýyçylyk bilen aýtmak eken, hatda, hüwdi edip, sesiňi enesiniňkä meňzedip aýdyp berseňem, barybir, tank...

Dowamy »

1072 35
Edebiýat, 3 years ago


SAŇA

Uçradym söýgiňe — ýitdi özlügim,
Çyndan duýdum söýülmänem, söýmänem.
Gelip, dolduň ähli ýetmezligimi,
Asyl ýaşap bolýan eken köýmänem.

Indi has süýjedi ömrüň tagamy,
Aýdymlary has üýtgeşik serçeleň.
Göwnüme itleriň üýrüşem ajap,
Göwnüme hol kaktuslaram — ter çemen.

Söýýän çogly...

Dowamy »

762 4
Edebiýat, 3 years ago


"Söýýän gyş paslyny..."

"Söýýän güýz paslyny..."
G.Ezizow


Söýýän gyş paslyny, söýýän aklygny,
Oňat adamlaryň kalby mysaly
nur garyny söýýän.
Ýöne garynyň
Pagyş-para eremegi yzaly...

Ga:ra meňzeş göwünlere aşyk men,
Hiç islämok eremegni olaryň.
...

Dowamy »

897 3
Edebiýat, 4 years ago


Garaz...

Internet bize не тот время geldi. Entek biz internet ulanmak medeniýetini bilemzok. Garaz, taýyn däl. Şonuň üçin saýtlarda bolýan dawa-jenjelleri, samsyk-sumsuk, manysyz ýazgylary geň görüp oturasy iş hem ýok...

Dowamy »

1320 74
Sorag-jogap, 4 years ago


"Harplar agladyp gördümi seni?.."

Harplar agladyp gördümi seni? Käteler ýeke özüň uzaga gitmek islediňmi? Näçe gezek arkaňdan ok atyp gördüler? Guşuň ganadynyň pasyrdaýşy ýaly, ýüregiň tebsireýärkä ganadyňy gyryp gördülermi? Ýa-da ruhuňy gabap gördülermi? Şatlanyp gördüňmi ýönekeý zada? Ýüregiňe ynanyp, beýniň azaşyp gördümi? Iň gowy häsiýetleriň sebäpli zyýan çekip gördüňmi? Nätan...

Dowamy »

859 5
Edebiýat, 4 years ago


Iň mähriban ynsana

Şu sapar duşuşygymyzy arzuwlarymyzda geçireli, arzuw eden ýerimizde çaý içeli, biri-birimize içimizi dökeli. Hakykat bilen bu arzuwlarymyzy köýdürmäli. Diňe ikimiz bolup bilmejek zatlar hakda sözleşeli. Hiç kimiň gaýgysy bilen däl-de, diňe öz gaýgylarymyzy gürleşeli. Men başgalar üçin hasrat çekip ýadadym, örän ýadadym... Adam üýtgeşik eken, hemme...

Dowamy »

746 1
Edebiýat, 4 years ago


Täze ýyl gutlagy

Täze ýylyňyz gutly, düşümli ýyl bolsun!
Diňe bir düşümli däl, eýsem atly, sypatly, ýöňkemeli, işlikli, sanly, doldurgyçly, aýyrgyçsyz bir ýyl bolsun! :)

Goý, bu ýylda:
— Umydyny ýitiren jübüde: "Gutlaýarys, siziň çagaňyz bolýar!" diýilsin;
— Garry atalardyr enelere: "Sizi göresimiz geldi, häzir barýarys" diýilsin...

Dowamy »

1094 13
Edebiýat, 4 years ago


Täze ýyl goşgusy

Ýene-de bir ýyly taryha berdi
Gyş howasy bilen dem alýan dünýä.
Täze ösüşlere şaýat bolmaga
Şowhuna beslenip täze ýyl gelýär!

Göwünleň reňkine çalymdaş ak gar
Ýagýar — topragyma mähir — nur berýär.
Bu gün gamlanmaga hukuk ýok bizde,
Şowhuna beslenip täze ýyl gelýär!

Dogulýar sö...

Dowamy »

998 11
Edebiýat, 4 years ago


Lebap, hoş indi!..

"Biz gitdik, sen galdyň, Lebap, hoş imdi!"
Seýitnazar Seýdi


Saňa ýürek sözlerimi diýeýin:
Biz gidýäs, sen galýaň, Lebap, hoş indi!
Bäş ýyl geçip gitdi bäş sagat deýin,
Biz gidýäs, sen galýaň, Lebap, hoş indi!

Köýteniňden şypa tapdyk — kän gezdik,
Ýazlap ýaýlalaň...

Dowamy »

852 1
Edebiýat, 4 years ago